Habarlar

Makalalar

Wideo

Agzybirligiň we bitewiligiň nyşany

2026-05-15

Agzybirligiň we bitewiligiň nyşany

Türkmenistanyň Esasy Kanuny we Döwlet baýdagy täze taryhy eýýamda eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özbaşdaklygynyň mizemez esaslaryny özünde jemläp, halkymyzyň bitewiligini, jebisligini, parahatçylyk, döredijilik, ynsanperwerlik taglymlaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny alamatlandyrýar. Şoňa görä-de, her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilelikde dabaraly bellenilýär. Çünki bu goşa mukaddeslikde — Konstitusiýada hem-de Döwlet baýdagynda halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen ynsanperwerlik, watansöýüjilik, agzybirlik, abadanlyk ýörelgeleri jemlenýär. «Halkyň bagty çüwse, toýlary goşa-goşadan gelermiş» diýlişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda hem şanly senelere, baýramçylyklara utgaşyp geldi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň nyşanlaryna il-günümiziň buýsanjy, sarpasy egsilmezdir. Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy, Baş baýdak meýdançasy, Arkadag şäherindäki, welaýat merkezlerindäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky baýdak meýdançalary döwletliligimiziň baş nyşanlarynyň mukaddesligini has-da dabaralandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy biziň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli döwletliligimiziň hem-de buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň dabaralanmasydyr».

Döwlet gurluşynda esasy gymmatlyklaryň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1992-nji ýylyň maýynda kabul edilmegi türkmen halky üçin şanly waka boldy. Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi bilen berkarar döwletimiziň umumy ykrar edilen demokratik kadalara esaslanýan ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlyk adam bolup durýar. Konstitusiýa türkmen döwletiniň milli ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy, raýat ylalaşygyny, demokratiýany, kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp, jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz 2011-nji ýylyň 18-nji maýynda paýtagtymyzyň Arçabil şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna bagyşlanyp gurlan bu desga biziň demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň esaslarynyň mizemezliginiň we berkliginiň, türkmen halkynyň agzybirliginiň we jebisliginiň, eziz Watanymyza buýsanjyň, Garaşsyz Diýarymyzyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň, mertebesiniň pugtalanmagy we has-da belende göterilmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrmaga merdana halkymyzyň hemişe taýýardygynyň özboluşly nyşanydyr. Bu desga halkymyzyň özygtyýarly döwlet baradaky köp asyrlyk arzuwynyň hasyl bolandygyny alamatlandyrýar» diýip belledi.

Döwlet baýdagymyz Garaşsyzlygymyzy we Bitaraplygymyzy, şöhratly geçmişimizi, bagtyýar döwrümizi hem-de beýik geljegimizi, abraý-mertebämiziň synmazlygyny alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý bilen bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun şahalary şekillendirilen ýaşyl tugumyz mukaddes Watanymyzyň, merdana halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.

Türkmenistanyň Döwlet senasynda: «Baýdagyň belentdir dünýäň öňünde» diýen sözleriň ýaňlanmagy we ýaşyl Tugumyzyň al-asmanda elmydama pasyrdamagy beýik ösüşleriň ýoly bilen döwletimiziň ynamly öňe barýandygyny görkezýär.

Halkymyz baýdaga «Mertebe tugy» diýýär. Sebäbi, gözümize, göwnümize juda yssy görünýän ýaşyl tugumyz berkarar Diýarymyzyň, gör, näçe ýeňişlerini buşlady! Baýdagyň belentlerde, dünýäniň belent münberlerinde parlap durmagy halkyň abraý-mertebesiniň hem belentligidir. Şunda «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna möhüm orun degişlidir. Onuň 1-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr» diýlip bellenilýär.

Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda mynasyp orun alyp, jümle-jahana at-owazasy dolan, 133 metr belentlikde pasyrdap duran äpet ýaşyl Baýdagymyz biygtyýar özüne maýyl edýär. Döwlet baýdagymyza buýsanýan halkymyzyň parahatçylyk söýüjiliginiň, ýaşyl Tugumyzyň hemişelik Bitarap döwletimiziň abadançylygynyň nyşanyna öwrülip, erkana hem görkana pasyrdap durşy göwün guşuňy al-asmanda pelpelledip, ömrüňe ömür goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her bir günümiz toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni has-da aýratyn ähmiýete, gadyr-gymmata eýe bolýar. Bu şanly baýramçylyklar mynasybetli şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda, Arkadag şäherinde hem-de welaýatlarynda aýdym-sazly baýramçylyk dabaralary, konsertler guralýar. Bularyň ählisi mähriban halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň, berkarar ýurdumyzyň taryhy özgerişlere, uly üstünliklere beslenýändiginiň özboluşly subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy!
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy!

Bu sözlerde köňüllere joşgun, kalplara buýsanç eçilýän ýakym bar, mähir bar, söýgi bar! Baýdaga togap etmek — ýurt erkinligine, toprak mukaddesligine togap etmekdir. Çünki, merdana milletimiziň milli ýol-ýörelgelerinde tug mukaddesligi aýratyn orny eýeleýär. Ata-babalarymyz «Tug», «Baýdak» ýaly buýsançly sözleriň üsti bilen bu mukaddeslige egsilmez söýgüsini, çäksiz wepasyny beýan edipdirler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Esasy Kanunymyzda raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny ygtybarly goramagyň hem-de adalatly, ynsanperwer jemgyýeti gurmagyň möhüm kadalary doly berjaý edilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň berk binýadyny emele getirýän goşa mukaddesligiň — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzy hem-de hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagky Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Eziz Baýramow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.