2026-06-02
Il saglygynyň ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar. Çünki, sport we bedenterbiýe sagdyn durmuş ýörelgesiniň baş alamatydyr. Sagdynlyk bolsa ruhubelentligiň çeşmesidir. Demokratik döwletimizde her bir raýatyň saglygyny gorap saklamagyň umumy kadalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalary bilen kesgitlenilendir.
Aslyýetinde, sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarly bolmak, Watanymyza, halkymyza peýda getirip biljek sagdyn bedenli we sagdyn ruhly adamlar bolup ýetişmek her birimiziň watançylyk borjumyzdyr. Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Bütindünýä welosiped güni hem ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar. Her ýylyň 3-nji iýunynda güneşli Diýarymyzda Bütindünýä welosiped güni uly ruhubelentlikde bellenilýär.
Hormatly Prezidentimiziň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynda jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak, berk bedenli nesilleri ýetişdirmek, ýaşlary köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketlerine işjeň çekmek möhüm ugurlaryň biri hasaplanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan nusgalyk işler halkymyzyň durmuşyna berk ornaşan sagdyn durmuş ýörelgelerini dünýä ýaýmaga giň ýol açýar.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren sagdyn durmuş ýörelgesi esasynda, ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn işleriň halkara jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny äşgär edýär.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda welosiped sporty ekologiýa abadançylygyna we ynsan saglygyny berkitmäge ýardam berýän sportuň meşhur görnüşleriniň biridir. Hormatly Prezidentimiziň: «Welosiped dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa, elýeterli we ygtybarly ulag görnüşi hökmünde giňden ulanylýar. Beýleki ulag serişdelerine garanyňda, ony dolandyrmak hem aňsat. Welosiped sporty bolsa sportuň ekologik taýdan arassa we gyzykly görnüşi bolmak bilen, ilatymyzyň beden saglygyny berkitmekde möhüm orny eýeleýär» diýip, parasatlylyk bilen bellemegi ýurdumyzda welosiped sportunyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Köpçülikleýin bedenterbiýe we sagaldyş hereketleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy, döwrebap sport toplumlarynyň yzygiderli halka hyzmat etmegi netijesinde, bu günki gün dürli ýaşdaky we dürli kärdäki raýatlarymyz sporty özlerine hemişelik hemra edindiler. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Eziz Diýarymyzda hem welosiped sporty bilen meşgullanýan türkmenistanlylaryň sany ýylsaýyn köpelýär.
Ýurtlary we halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologiýa medeniýetiniň ilerledilmegine ýardam berýär. Welosport fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip, syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Şeýle-de sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterlidir.
Berkarar döwletimizde her ýyl dürli ýaşdaky watandaşlarymyzyň müňlerçesini jemleýän köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy indi asylly däbe öwrüldi. Bütindünýä welosiped gününi ebedileşdirmek maksady bilen, paýtagtymyzyň ajaýyp keşbine görk berýän «Welosiped» binasynyň açylmagy bolsa, Garaşsyz ýurdumyzda ulagyň ýokary ekologiýa görnüşi hasaplanylýan welosipediň ähmiýetini has-da dabaralandyrýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda ýokary netijeli sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň ösdürilmegi we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler hemişe üns merkezinde saklanylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalaryň çäklerinde ýurdumyzyň paýtagtynda, Arkadag şäherinde we sebitlerinde bedenterbiýe, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. Bu möhüm ulgamyň ösdürilmegi ynsan saglygyny berkitmegiň, dürli keselleriň öňüni almagyň, adamlaryň beden we ruhy taýdan kämilleşmeginiň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň, sazlaşykly ösýän ýaş nesilleri kemala getirmegiň aýrylmaz şerti bolup durýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan asuda Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamakda, jemgyýetimizde sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmekde ajaýyp şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Azatgül Täçmämmedowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Balkan welaýaty boýunça iş ýöredijisi.
