Habarlar

Makalalar

Wideo

Medeniýet halkyň ylham joşguny

2026-06-23

Medeniýet halkyň ylham joşguny

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baýramçylyklaryň hem-de çäreleriň toý-dabaralara beslenmeginde esasy orun medeniýet we sungat işgärlerine degişli bolup durýar. Her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilýän Medeniýet hepdeligi hem taryhy mirasymyzy, edebiýatymyzy we sungatymyzy hem-de beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini dabaralandyrýar.

Ýurdumyzyň sebitleriniň her biri Medeniýet hepdeligini nobatma-nobat kabul etmek bilen, Watanymyzyň ösüşine goşýan goşandyny, gazanýan üstünliklerini, döredijilik kuwwatyny görkezmäge çalyşýar. Şahandaz türkmen ilinde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda baý many-mazmuna eýe bolan Medeniýet hepdeligi Balkan welaýatynda geçirilýär. Hepdeligiň çäklerinde milli ruha beslenen çäreler geçirilip, olar Türkmenistanyň ýeten belent sepgitleriniň, halkyň ruhubelentliginiň, abadan durmuşynyň çeper beýanyna öwrülýär. Bu medeni forumda Watanymyzyň ösüşleri opera, aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş, amaly-haşam sungaty, edebiýat ýaly ugurlarda belentden wasp edilýär.

Her ýylda geçirilýän bu sungat forumy türkmen halkynyň ruhy mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we bütin dünýäde giňden wagyz etmäge, döredijilik işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga gönükdirilendir.

Hormatly Prezidentimiziň: «Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegi, döwrebap eserler bilen baýlaşmagy üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär» diýen parasatly jümleleri bolsa, ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini äşgär edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde gurlan Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem ýurdumyzyň paýtagtynyň bezegine öwrülip, milletimiziň mizemez agzybirliginiň we Magtymguly Pyragynyň amala aşan arzuwlarynyň nyşany bolup, dünýä ýaň salýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde beýan edilýän belent ynsanperwer taglymlaryň ýaşlary terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek gerek. Ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, täze röwüşde ýaňlanýan Magtymgulynyň eserleri bilen gyzyklanýanlaryň sanynyň Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha köpelýändigi buýsançly ýagdaýdyr.

Edebiýatyň taryhynda şygryýet dünýäsi bilen öçmejek yz goýan Magtymguly Pyragynyň çeper döredijiligi ynsan üçin bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlykdyr. Türkmen döwletiniň agzybirligini, jebisligini, halkyň göterilen beýik ykbalyny, bagtyýarlyk eýýamyny arzuwlan Magtymguly Pyragy özüniň çeper döredijiligi bilen dünýä halklarynyň kalbynda-da müdimilik ýaşap gelýär. Şahyryň çuň many-mazmunly şygyrlary adamzat ýaşaýşynyň ruhy çeşmesine öwrüldi. Söz ussadynyň agzybirlikde, jebislikde, parahatçylykda, bir supranyň daşyna jem bolup, bir döwlete gulluk etmäge çagyran dana pikirleri, öwüt-nesihatlary halkymyzyň we döwletimiziň milli ýörelgesine öwrüldi. Bu günki günde beýik akyldaryň arzuwlan bagtyýar zamanasy hasyl boldy. Erkana ýola düşen türkmen halky Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda we abadan durmuşda ýaşaýar, döredýär, gurýar.

Ýurdumyzda medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmak, bu ugurda alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýokary derejeli medeni çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň dünýäde ählumumy parahatçylygy pugtalandyrmaga, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary halkara bileleşiginde giň goldawa eýe bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän iri möçberli döwlet  maksatnamalarynyň häzirki wagtda üstünliklere beslenip, şol sanda medeniýet ulgamynda hem uly üstünlikleriň gazanylýandygy türkmen halky üçin has-da buýsançlydyr. Çünki, medeni ösüşler jemgyýetimiziň bitewüligini berkitmäge, raýatlaryň kalbynda watansöýüjiligi artdyrmaga uly ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny  medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!

Halkymyzyň kalby bolan milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli öwrenmäge, ösdürmäge hem-de kämilleşdirmäge, ýer ýüzüniň halklary bilen medeni gatnaşyklaryny berkitmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin  Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman, tutumly işleri rowaç bolsun.

 

Eziz Baýramow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.