Habarlar

Makalalar

Wideo

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň,  ösüşleriň mekany

2026-06-26

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň, ösüşleriň mekany

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly toýlara, baýramlara, şatlykly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär. Gurýan, döredýän döwlet bolsa kuwwatlydyr. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 29-njy iýunynda sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäheriň — Arkadag şäheriniň dabaraly ýagdaýda açylmagyna üç ýyl dolýar. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary, egsilmez yhlasy, eziz Watanymyza, mähriban halkymyza çäksiz söýgüsi bilen sanlyja ýyllaryň içinde kemala gelen, häzirki zamanyň «akylly» şäher konsepsiýasynyň ýörelgeleri esasynda gurlan Arkadag şäheri dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny artdyrýar.

Ýeri gelende aýtsak, Arkadag şäheriniň köpasyrlyk taryhy arka atan Diýarymyzyň iň gözel künjeginde, irki medeniýetleriň taryhy ojaklarynyň birinde gurulmagynyň özünde aýratyn many bar. Onda milletimiziň şöhratly geçmişi, eşretli şu güni hem-de bagtyýar geljegine bolan ynamy we hyjuwy şöhlelenýär.

Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň rowaç alýan taryhy gadamlarynyň aýdyň nyşany bolan Arkadag şäheriniň açylyş toýy uludan tutuldy. Bu sene türkmen halkynyň täze taryhyna ýatdan çykmajak waka bolup girdi. Bu sene döredijiligiň, abadançylygyň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň şöhratly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Hormatly Prezidentimiz bu täsin şäher barada: «Geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr» diýip belleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bu ägirt uly şähergurluşyk taslamasynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş ugurly we ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Täze şäheriň taslamasy taýýarlanyp, düýbi tutulan pursadyndan bäri, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli işleri hemişe üns merkezinde saklaýar.

Täze şäheriň 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda dabaraly açylan birinji tapgyrynda jemi 336 sany bina we desga, şol sanda ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlary, dünýäniň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, hassahanalar, orta mekdepler, çagalar baglary, edara binalary, inženerçilik ulgamlary we beýleki möhüm ähmiýetli desgalar gurlup ulanmaga berildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi bolsa täze şäheriň saglyk ulgamynyň möhüm bölegi bolup durýar. «Akylly» şäher ähli görkezijiler babatda halkara ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş ulgamynyň birnäçe desgalaryny özünde birleşdirýär. Bu şäherde halkara ölçeglere, şol sanda tebigaty goramak ulgamyndaky ölçeglere laýyk gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär.

Hakykatdanam, Arkadag şäherini «geljegiň şäheri» diýip atlandyrmak bolar. Onuň Türkmenistanyň kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde hem uly gyzyklanma döretdi. Täze şäheriň keşbinde milli binagärligiň naýbaşy däpleri bilen häzirki zaman binagärlik-şäher gurluşyk tejribeleri özara sazlaşygy emele getirýär. Şäheriň gaýtalanmajak gurluşy görenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Munuň şeýledigine onuň «Ahal teke atlary» şa ýoly ýaly nurana köçelerinden geçeniňde hem şaýat bolýarsyň. «Taýçanak», «Akhan» ýaly owadan binalary, 115 metrlik baýdak sütüni şäheriň bedew batly ösüşleriniň nyşanyna öwrüldi. Şäherde welosiped ýodalarynyň, bedewler üçin niýetlenen ýerleriň, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin şertleriň göz öňünde tutulmagy onuň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda bina edilýändigini görkezýär.

Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik ulaglarynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar we elektrotaksiler hereket edýär. Şeýlelikde, Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk, inženerçilik-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýär.

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda güýçli depginde alnyp barylýar. Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, bu şäherde hem giň gerimli maksatnamalardyr taslamalar, şol sanda «Arkadag şäherini 2024-nji — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ikinji täze tapgyrynda alnyp barylýan işler, bina edilýän, boýy ýeten gözel binalaryň keşbi ilatyň abadan durmuşy, bagtyýar ýaşaýşy hakyndaky aladalardan, gurluşygyň ikinji tapgyrynda ýerine ýetirilen işleriň depgininiň barha güýçlenýändiginden habar berýär. Täze tapgyrda gurulýan desgalar, ýaşaýyş jaýlary şäheriň birinji tapgyryndakylar bilen sazlaşyp, olaryň üstüni ýetirer. Bu tapgyrda 5 ,7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, iki öýli, iki gatly kottejler toplumynyň ençemesini gurmak meýilleşdirilýär. Umuman, häzirki wagtda bu ýerde 180-den gowrak ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy batly depginlerde dowam edýär. «Akylly» şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda umumybilim berýän mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýüniň, ýangyna garşy göreş gullugynyň, Arkadag şäheriniň Gorjaw etrap häkimliginiň edara binalary, awtomenzil, demir ýol menzili, Çeper halyçylyk kärhanasy, Türkmen halysynyň we el işleriniň milli muzeýi, seýilgähler, söwda we hyzmat ediş toplumy bina ediler.

Mundan başga-da, Arkadag şäherinde täze gurulýan metjidiň gurluşygynda, bezeg aýratynlyklarynda halkymyzyň ruhy dünýäsini alamatlandyrýan milli binagärlik usullary ulanylýar. Täze metjidiň minaralary uzaklardan seleňläp görünýär. Onuň içinde bir bada müňlerçe adam namaza durup biler ýaly mümkinçilik dörediler. Şol sanda bu ýerde zenanlara niýetlenen ýer hem göz öňünde tutulandyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, täze şäheriň çäklerinde gurulýan desgalaryň abadanlaşdyrylyşyna we olaryň bezeg aýratynlyklarynyň döwrebap talaplara laýyk gelmegine, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň hiline, berkligine we uzak möhletleýinligine aýratyn üns berilýär. Arkadag şäheriniň hut şunuň ýaly aýratynlygyny hem-de dürli ugurlar boýunça halkara ölçeglerine laýyk gelýändigini onuň mynasyp bolan sylaglarydyr resminamalary hem tassyklaýar. Şeýlelikde, Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde gysga wagtda, çalt depginde, ýokary hilli we innowasion derejede, özboluşly görnüşde ýerli hünärmenlerimizdir gurluşykçylarymyz tarapyndan bina edilen Arkadag şäheri döwrümiziň beýik binagärlik taslamasydyr diýip, ynamly aýdyp bolar.

Arkadag şäheri ýer ýüzünde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň mertebesini ýene bir gezek beýgelden deňsiz-taýsyz ajaýyp şäherdir. Ol geljek nesillere biziň häzirki beýik taryhy döwrümizden hemişelik galjak gymmatly mirasdyr. Arkadag şäheri ýaşlaryň şäheridir.

Bize – ýaşlara zähmet çekmäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, bilim almaga, okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Agamämet Baýlyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.