2026-06-28
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhubelent we agzybir halkymyzyň her güni uly rowaçlyklara beslenip, toýlarymyz toýa ulaşýar. Munuň özi «Halkyň bagty çüwse, toýlary goşa-goşadan gelermiş» diýilýän halk paýhasynyň aýdyň hakykata öwrülmesiniň özboluşly subutnamasydyr. Merdana türkmen halkymyz öz milli baýramlaryny, şanly senelerini we taryhy wakalaryny ýokary ruhubelentlikde garşylaýar. Şeýle möhüm şanly sene türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň doglan günüdir.
Gahryman Arkadagymyz döwleti hemmetaraplaýyn berkitmäge, jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda kanunçylygyň we hukuk tertibiniň berjaý edilmegine, güýçli döwlet häkimiýetiniň halkyň demokratik däpleri bilen utgaşdyrylmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagynyň halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirilmegine gönükdirilen we täze taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan tutumly işleri üstünlikli durmuşa geçirdi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi bu beýik Şahsyýetiň bitiren işlerini alkyşlamak bilen birlikde geljekde hem eziz Watanymyzyň ösmeginiň, bagtyýar durmuşymyzyň hatyrasyna yhlasly işlejekdigine, döretjekdigine bolan beýik ynamdan nyşandyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty asuda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine, agzybir halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen möhüm meseleleri öňe sürýän Türkmenistanyň ýokary wekilçilikli edarasydyr.
Milli Liderimiziň öňdebaryjy pikirleri häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň, uly möçberli taslamalaryň, kabul edilýän kanunlaryň esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary bilen sazlaşyp, Türkmenistanyň häzirki syýasy-ykdysady durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi.
Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlarynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilmegi netijesinde, Watanymyzyň ösüşleriniň dowamat-dowam bolýandygyny uly buýsanç bilen bellemek gerek. Bu gazanylýan ösüşlerimiziň, üstünliklerimiziň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen aýrylmaz baglydyr. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» taryhy ähmiýetli resminama bolup, ol halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Täze taryhy döwre, ýagny ösüşiň täze tapgyryna gadam basylmagy halkymyzyň agzybirligini, hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip, ynamly öňe barylýandygyny, Gahryman Arkadagymyzyň ähli başlangyçlarynyň doly goldawa eýe bolýandygyny, ýurdumyzy ösdürmegiň ýolunda öňde goýlan wezipelere amal edilýändigini görkezdi.
Gahryman Arkadagymyz tutuş dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, agzybirligi we jebisligi pugtalandyrmagyň bähbidine birnäçe beýik işleri amala aşyrýar, möhüm başlangyçlary öňe sürýär. «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» ýaly baý mazmunly pelsepeleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar.
Gadymy toprakda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, ynsan elleriniň gudratyndan sanlyja ýylda ägirt uly döwrebap şäheriň gurulmagy döwletimiziň kuwwatyndan, halkyň jebisliginden, yhlas bilen zähmetiň kemalyndan nyşandyr. Halk öz beýik ogullaryny iň eziz görýän, arzylaýan gymmatlyklary bilen hatyralaýar.
Magtymguly Pyragynyň: «Ýagşylykda ile özün tanadan, alkyş alyp, derejesi zor bolar» diýen parasatly goşgy setirleri bar. Bu gün türkmen halky öz Milli Lideriniň adyny Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň kartasynda täze peýda bolan ilkinji «akylly» şäheri bilen ebedileşdirdi. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, islendik şäher öz ady bilen tanalýar.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň esaslandyryjysy hökmünde diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä jemgyýetçiliginiň-de belent hormatyna mynasypdyr. Gaznanyň alyp barýan asylly işleri hem taryha altyn harplar bilen ýazylmaga mynasyp iň bir sogaply çärelerdir.
Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýolunda bitiren hyzmatlary örän uludyr. Onuň baştutanlygynda ýurdumyz syýasy, ykdysady we medeni taýdan bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine çykdy. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy, milli mirasymyzyň goralmagy, ýaş nesilleriň bilim-terbiýesine berilýän üns hem-de halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri boldy.
Milli Liderimiziň döredijilik mirasy hem aýratyn ähmiýete eýedir. Onuň ýurdumyzyň taryhy, medeniýeti, saglygy goraýyş ulgamy, sport we ahlak gymmatlyklary baradaky eserleri ýaş nesilleri watansöýüjilik, ýokary ahlaklylyk hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu eserler halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär.
Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde türkmen medeniýeti täze ösüşlere eýe bolup, halkara giňişlikde öz mynasyp ornuny eýeleýär. Ýurdumyzda döredijilik işgärlerine, sungat ussatlaryna, ýaş zehinlere ähli şertleriň döredilmegi milli medeniýetimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine giň mümkinçilik açýar.
Şanly seneler mynasybetli geçirilýän çäreler türkmen halkynyň bagtyýar durmuşynyň, döwletimiziň kuwwatynyň we milli medeniýetimiziň beýikliginiň aýdyň beýanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni bilen Medeniýet hepdeliginiň utgaşyp gelmegi aýratyn simwoliki many-mazmuna eýedir. Çünki, Gahryman Arkadagymyzyň doglan güni hem-de Medeniýet hepdeligi ýurdumyzyň ösüşleriniň täze sahypalaryny açýan, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýan, Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýan möhüm baýramçylyklar hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazylýar.
Pursatdan peýdalanyp, şeýle buýsançly, şatlykly günlerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyzy doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde eziz Watanymyz mundan beýläk-de gülläp ösüp, türkmen medeniýetiniň şöhraty dünýä dolsun! Halkymyzyň agzybirligi, abadan durmuşy we bagtyýar geljegi hemişelik bolsun!
Milli Liderimize we hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde hemişe rowaçlyk arzuw edýäris!
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
