2026-07-10
Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy toýlanýan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly uly ösüşlere, toýlara, baýramlara, şatlykly, taryhy ähmiýetli wakalara beslenýär.
Ynha, bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň zähmetsöýer, edermen gallaçy kärendeçileri Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, bu baradaky ýyllyk şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen berjaý etdiler. Bu hoş habar ýurdumyzda gallaçy daýhanlaryň belent zähmetiň nusgasyny görkezýändiklerini äşgär etdi. Munuň özi ýurdumyzda oba hojalyk önüm öndürijileriň, şol sanda gallaçy kärendeçileriň netijeli zähmet çekmekleri, toprakdan bol hasyl öndürmekleri ugrunda döwlet derejesinde edilýän aladanyň aýdyň netijesidir.
Oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm waka öwrülen hoş habar mynasybetli, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň edermen gallaçylaryna we ähli oba hojalykçylaryna iberen gutlagynda: «Eziz Diýarymyzda bugdaýyň bol hasyly ýetişdirilip, gazanylan bu ajaýyp zähmet ýeňşinde ýurdumyzyň gallaçylyk bilen meşgullanýan öňdebaryjy daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriniň we ähli oba zähmetkeşleriniň mynasyp goşandy bardyr» diýip belleýär.
Ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň çeken yhlasly zähmetleriniň netijesinde ak bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi we bugdaý öndürijileriň öňünde kesgitlenen wezipeler abraý bilen ýerine ýetirildi. Bu belent sepgide ýetilmeginde ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze satyn alyp beren kuwwatly kombaýynlaryň mynasyp paýy bar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 17-nji iýunynda Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisine degişli bolan bugdaý meýdanyna baryp, galla oragyna ak pata bermegi ähli oba hojalykçylaryň has-da tutanýerli işläp, olaryň arzyly sepgide öz wagtynda ýetmegine ruhy goldaw boldy. Döwlet Baştutanymyzyň Diýarymyzyň sebitlerinde bolup, ekerançylardyr kärendeçiler bilen söhbet etmegi, olaryň hal-ýagdaýy, iş we durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durmagy Şa gadamynyň düşen ýerlerini gülzarlyga öwrüp, edermen daýhanlarda tüýs ýürekden hoşallyk duýgusyny döredýär.
Şeýlelikde, gallaçy babadaýhanlarymyzyň gazanan zähmet ýeňşi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
Harmanyňyza bereket, edermen gallaçy babadaýhanlar!
