2026-07-17
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary, Arkadagly Gahry man Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyz beýik ösüşleriň täze belentliklerine ynamly gadam basýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda uly ösüşleri, giň gerimli özgertmeleri, şan-şöhratly wakalary taryha altyn harplar bilen ýazylýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän her bir iş, badalga berilýän her bir tutum agzybirligimiziň, jebisligimiziň güwäsi bolup dabaralanýar. Geçilen menzillere ser salyp, öňde belent wezipeleri kesgitläp, bedew batly ösüşlere ýetmek indi ata Watanymyzda mynasyp ýörelgä öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, ýakynda, 10-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň hem dabaraly ýagdaýda geçirilmelidigini aýdyp, oňa häzirden düýpli taýýarlyk görüp başlamagyň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlisiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, «şu günki mejlisimizde bolsa «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny esasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň geçiriljek senesini kesgitlemek hem-de guramaçylyk toparynyň düzümini tassyklamak hakynda degişli resminamalary kabul ederis. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli geçiriljek çäreleri ara alyp maslahatlaşarys. Şeýle hem zähmet üstünliklerini gazanan watandaşlarymyzy döwlet sylaglaryna hödürlemek, olara hormatly atlary dakmak boýunça işleriň alnyp barlyşyna serederis» diýip belledi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslaha- tynyň mejlisine taýýarlyk görmek boýunça çykyş etmek üçin degişli adamlara söz berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňünde ýurdumyzy ösdürmek boýunça uly wezipeleriň durýandygyny belledi.
«Halk Maslahaty ýurdumyzyň Mejlisi, Türkmenistanyň Hökümeti, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikdäki işleri dowam etdirip, Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça netijeli işleri alyp barmaly. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi yzygiderli demokratiýalaşdyrmak boýunça kabul edilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça sazlaşykly işleri alyp barmak esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Biz geljekde hem dürli ugurlarda alyp barýan özgertmeler syýasatymyzy üstünlikli dowam etdirmek üçin täze teklipleriň üstünde işlemeli. Esasy maksadymyz bolsa ýurdumyzyň ähli ilatynyň abadan ýaşaýşyny üpjün etmekden, her bir adam üçin amatly ýaşaýyş gurşawyny döretmekden ybaratdyr» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.
Gahryman Arkadagymyz mejlisiň gün tertibinde göz öňünde tutulan soraglara seredilendigini aýtdy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak hem-de guramaçylykly geçirmek hakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlaryna gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek kesgitlenildi. Şeýle hem umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredilip, onuň düzümi tassyklanyldy.
