2026-09-21
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň has-da kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan türkmenler bilen ýola goýulýan gatnaşyklar yzygiderli berkidilýär. Dünýä türkmenleri öz ykballaryny ata Watanyň ykbalyndan aýry görmän, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň köpugurly ösüşlerini, milli däp-dessurlarymyzy öz ýaşaýan ýurtlarynda wagyz edýärler. Birleşigiň daşary ýurt bölümleri döwletimiziň oňyn başlangyjyny goldap, dürli çäreleri geçirýärler.
Bilşimiz ýaly, 19-njy sentýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçirilen maslahatyň işine daşary döwletleriň birnäçesinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, Diýarymyzyň dürli künjeklerinden gelen wekiliýet toparlary gatnaşdylar. Bu geçirilen maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini hem-de olaryň ata Watanymyzda alnyp barylýan giň gerimli özgertmelere, gazanylýan uly ösüşlere, beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly senesine tüýs ýürekden buýsanýandyklaryny aýdyň görkezdi.
Maslahat paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyndan başlandy.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahaty öz işine başlady.
Maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň baýram edilýän günlerinde paýtagtymyzda geçirilýän Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlag sözleri beýan edilip, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň toýly günlerinde geçirilýän bu maslahatyň dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda jebisleşdirip, dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirilýär.
Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, häzirki döwürde gazananlaryny wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine aýratyn orun degişlidir. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy bellenilýän ýylda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmegine hem 35 ýyl doldy. Şu geçen döwürde birleşik Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan doganlarymyzy bir saçagyň başyna jemläp, Watanymyzyň ösüşlerini dünýä ýaýmak, ykdysady, medeni, ylym, bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, telekeçilik ýaly ulgamlarda gatnaşyklarymyzy ösdürmek, maddy we ruhy mirasymyzy baýlaşdyrmak ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Birleşigiň agzalary Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazýan şanly wakalara, toý-baýramlarymyza şaýat bolýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy uly üns bilen diňlenilip, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy.
Soňra maslahatyň gün tertibindäki meseleler boýunça çykyşlar diňlenildi. Onda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işiniň netijeleri we türkmen halkynyň Milli Lideri, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä türkmenleriniň medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatda edilen çykyşlarda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy bu guramanyň işiniň geljekde hem ähmiýetini has-da artdyrmaga, dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi. Häzirki wagtda birleşigiň bölümleriniň alyp barýan işleri türkmen halkynyň baý medeniýetini, özboluşly däp-dessurlaryny dünýäde giňden wagyz etmekde, halklaryň arasynda dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara düşünişmegi berkitmekde uly ähmiýete eýedir.
Daşary ýurtly watandaşlarymyz maslahatyň dowamynda eden çykyşlarynda pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge, häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşmaga döredilýän mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize we türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurtly türkmenler bilen gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Dünýä türkmenleriniň wekilleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine, döwlet derejesinde geçirilýän beýleki çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bellenilişi ýaly, olar ykbalyň emri bilen ata Watanymyzdan alysda ýaşaýan hem bolsalar, hemişe Gahryman Arkadagymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň dünýä türkmenleri hakynda edýän aladalaryny duýup ýaşaýarlar.
Soňra Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işjeň agzalaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Sylaglananlar bildirilen uly hormat üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdyp, dünýä türkmenleriniň howandary Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat, döwletli tutumlarynda mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Maslahatyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Onda birleşigiň agzalarynyň Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly özgertmeleri, milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy öz ýaşaýan ýurtlarynda wagyz etmek ugrunda mundan beýläk-de yhlaslaryny gaýgyrmajakdyklary bellenilýär.
