2026-09-30
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir güni bedew batly beýik ösüşlere, şanly taryhy wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan halkara baýram — Ýaşulularyň halkara güni her ýylyň 1-nji oktýabrynda eziz Diýarymyzda milli däp-dessurlarymyza laýyklykda, uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär. Bu baýram ata Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan, dili senaly ýaşulularymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrýar.
Mertebesi belent hormatly Prezidentimiziň – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýaşululara hormat-sarpa goýmak, mertebesini belent tutmak asyrdan-asyra, nesilden-nesle geçip gelen asylly ýörelgämiz bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ony mynasyp dowam etdirýäris. Joşgunly toýdur baýramlarymyzyň gelşigi, döwletli törlerimiziň, bagtyýar zamanamyzyň ýaraşygy bolan paýhasly gojalarymyzyň, mähriban enelerimiziň geçen ömür menzillerinde toplanan baý durmuş ýollary, kämil düşünjelere, päkize garaýyşlara ýugrulan öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary ýaş nesiller üçin tapylgysyz mekdepdir» diýip örän paýhaslylyk bilen belleýşi ýaly, ýaşulular mekdebi türkmençilik edebinde iň kämil milli mekdepdir. Çünki, kethudalaryň manyly ömür beýany, watançylyk duýgulary ýaş nesil üçin nusgalyk göreldedir.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda adamzadyň belent ynsanperwer ýörelgelerini dabaralandyrýan bu baýram Watanymyza, asuda, abadan durmuşymyza guwanyp ýaşaýan ýaşuly nesillerimiziň bagtyýar durmuşyna gaýtalanmajak öwüşgin çaýýar. Ata Watanymyzda ýaşulularyň sarpasy belent tutulýar we olar üçin dürli ýeňillikler döredilýär. Ýaşuly nesliň zähmet ýoly we durmuş tejribesi hakynda täsirli gürrüňler häli-şindi ýaşlara ýetirilýär. Bu bolsa, ýaşlaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegine uly ýardam edýär.
Eziz Diýarymyzda her ýylda Ýaşulularyň halkara gününiň uly dabara bilen bellenilip geçilmegi bilen bir hatarda, il sylagly ýaşululara «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy, şeýle-de ýaşuly nesilleriň Mekge-Medinä gidip, haj parzyny berjaý edip gelmekleri üçin döwlet tarapyndan giň mümkinçilikleriň, şertleriň döredilmegi berkarar Watanymyzda ýaşululara ummasyz uly hormat-sarpanyň goýulýandygyny äşgär edýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz häzirki ajaýyp zamanamyzda halkymyzyň «Garryly öý – gazna», «Garry – öýüň sütüni», «Ýigit – söweşde, garry – geňeşde» ýaly milli paýhasyny giň akaba salyp, oňa täzeden egsilmez güýç-kuwwat berdi, milletimiziň ruhy kuwwat çeşmesine öwrülen ol äpet güýji halkymyzyň, Watanymyzyň bähbidine gönükdirdi. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen ýurdumyzyň milli baýramçylyklarynyň sanawyna «Ýaşulularyň halkara gününiň» girizilmegi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzüminde ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.
Parahatçylygyň, hoşniýetliligiň, ynsanperwerligiň beýik ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzy, döredijilik başlangyçlarymyzy durmuşa geçirmekde hem belent hormata mynasyp paýhasly ýaşulularymyz biziň daýanjymyzdyr. Jebisligimizi, agzybirligimizi pugtalandyrmakda, milli bitewiligimizi berkitmekde, wagyz-nesihat etmekde, watansöýüji nesilleri kemala getirmekde jemgyýetimiziň ýaşuly nesliniň uly hyzmaty bardyr.
Abadan ýurdumyzda il-ýurt ähmiýetli wajyp meseleleriň geňeşçisi bolan ýaşuly nesil döwlet tarapyndan aýratyn alada, gyzgyn mähir bilen gurşalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşuly nesiller hakdaky üns-aladalaryň has güýçlendirilendigine bolsa ýaşulularymyz diýseň buýsanýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda döwlet derejesinde bellenilip geçilýän Ýaşulularyň halkara güni hem dilleri senaly ýaşululara goýulýan hormat-sarpanyň dabaralanmasydyr.
Agzybir türkmen halkyny ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Merdan Saparow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.
