2026-10-19
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 15-16-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Azerbaýjan Respublikasyna, şeýle-de, Ermenistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
15-nji oktýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyz Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň nobatdaky sammitine gatnaşdy.
Türkmenistan hem-de Azerbaýjan Respublikasy deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygyň, köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň mizemez nusgasyny görkezýärler.
Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäheriniň Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Azerbaýjan Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Sammitiň geçirilýän ýeri — Baku Kongresler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew mähirli garşylady.
Wekiliýet Baştutanlarynyň bilelikdäki surata düşmek dabarasyndan soňra, Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammiti öz işine başlady. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip, Azerbaýjana gelendikleri üçin hoşallyk bildirdi we duşuşygyň özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädim boljakdygyny belledi.
Soňra sammite gatnaşýan wekiliýet ýolbaşçylaryna söz berildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, ilki bilen, öz çykyşynda Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen amatly şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Şeýle-de Türkmenistanyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşine yklymda parahatçylygy, howpsuzlygy, özara ynanyşmagy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilen möhüm halkara meýdança hökmünde garaýandygyny belledi.
«Biz Azerbaýjan Respublikasynyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşinde başlyklyk etmeginiň netijelerine ýokary baha berýäris. Şu günki sammit çuňňur geosyýasy we geoykdysady özgerişlikleriň döwründe geçýär. Häzirki zaman halkara ýagdaýlary we täze wehimler döwletlerden parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň hem-de halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmegiň bähbidine ylalaşykly tagallalary talap edýär.
Şunuň bilen baglylykda, biz halkara durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary amala aşyrmak üçin zerur bolan halkara hukuk binýadyny pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2028-nji ýyly «Halkara hukuk ýyly» we 2027—2037-nji ýyllary BMG-niň «Dialog we öňüni alyş diplomatiýasynyň onýyllygy» diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar bilen çykyş etdi.
Howanyň üýtgemegi hem-de ekologiýa howpsuzlygy häzirki döwrüň çynlakaý wehimleri bolmagynda galýar. Türkmenistan bu ulgamlarda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda yzygiderli çykyş edýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşmak maksady bilen, Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy uýgunlaşmak, çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak hem-de «ýaşyl» çözgütleri ilerletmek boýunça tejribe alyşmak we çemeleşmeleri ylalaşmak üçin köptaraplaýyn platformany — Aşgabat howa dialogyny döretmek başlangyjyny öňe sürýär» diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we gyzyklanma bildirýän döwletleri hem-de halkara hyzmatdaşlary bu başlangyjy goldamaga çagyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Prezident Ilham Aliýew döwlet Baştutanymyza çuň manyly çykyşy üçin hoşallyk bildirip, beýan eden teklipleriniň hem-de başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýlelikde, Türkmenistan Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň sammitiniň çäklerinde ulag-logistika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, ekologiýa meselelerini çözmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmaga, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürdi.
Ozal habar berlişi ýaly, goňşy ýurtda Azerbaýjan Respublikasyna iş saparynda bolan hormatly Prezidentimiz iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, 16-njy oktýabrda BMG-niň Biologik köpdürlülik baradaky Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahatynyň (COP17) çäklerinde guralan Liderler sammitine gatnaşmak üçin Baku şäherinden Ermenistan Respublikasyna ugrady.
Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky netijeli döwletara gatnaşyklar däp bolan dostluk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Ýokary derejede ýola goýlan yzygiderli dialog söwda ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmäge hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga ýardam berýär.
Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäheriniň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Ermenistan Respublikasynyň resmi adamlary we Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra döwlet Baştutanymyz Sammitiň geçirilýän ýeri — «Meridian» sergi we çäreler merkezine bardy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan hem-de BMG-niň Baş Sekretary Antoniu Guterriş mähirli garşyladylar we bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Wekiliýet baştutanlarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň çäklerindäki Liderler sammiti öz işine başlady.
Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda, ilki bilen, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana sammitiň ýokary guramaçylyk derejesi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli işlemäge döredilen ähli şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Liderleriň şu gezekki sammitiniň döwletleriň dünýäde biologik köpdürlüligi gorap saklamaga hem-de kabul eden borçnamalaryndan anyk hereketlere geçmäge umumy syýasy erklerini tassyklamak üçin mümkinçilik döredýändigini belledi.
«Türkmenistan BMG-niň Biologik köpdürlülik hakynda Konwensiýasynyň hem-de Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynyň maksatlaryny hem-de ýörelgelerini yzygiderli goldaýar. Biz bioköpdürlüligiň azalmagynyň, howanyň üýtgemeginiň, çölleşmäniň we topragyň ýaramazlaşmagynyň ekologiýa howpsuzlygyna hem-de ýurtlaryň durnukly ösüşine gönüden-göni täsir edýän özara baglanyşykly wehimler bolup durýandygyndan ugur alýarys.
Garagum sährasyndan başlap, Köpetdagyň we Köýtendagyň daglyklaryna hem-de Hazar deňziniň kenar ýakasyna çenli özboluşly tebigy ekoulgamlara eýe bolan Türkmenistan tebigy baýlyklaryň goralyp saklanmagyna döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garaýar» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu işde birnäçe ileri tutulýan ugurlara esaslanýandygyny nygtady.
«BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistan ekologiýa howpsuzlygy we howanyň üýtgemegine garşy durnuklylyk ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmegi dowam eder. Hususan-da, biz yzygiderli syýasy we bilermenlik hyzmatdaşlygyny alyp barmak, anyk başlangyçlary ilerletmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin açyk köptaraply meýdança hökmünde Aşgabat howa dialogyny döretmek ugrunda çykyş edýäris.
Çölleşmä garşy göreşmäge we gurak sebitleriň howanyň üýtgemeginiň täsirlerine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürýär. Bu ugurlara ekoulgamlary gorap saklamak, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn halkara tagallalaryň möhüm bölegi hökmünde garaýarys» diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň ösüp barýan ýurtlaryň, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini hem-de özboluşly zerurlyklaryny nazara almazdan, ählumumy ekologiýa maksatlaryna ýetmegiň mümkin däldigine berk ynanýandygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi.
Sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi.
Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Bakuwda hem-de Ýerewanda geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärçilikli gatnaşyjysy hökmünde Türkmenistanyň belent abraýynyň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
