2026-10-23
Gahryman Arkadagymyzyň döwletli peder ýoluny üstünlikli dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyza, gymmatlyklarymyza uly sarpa goýulýar. Aslyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan şol milli gymmatlyklarymyzyň biri-de edermen türkmen alabaý itleridir. Türkmen alabaýy halkymyzyň milli buýsanjydyr, wepaly dostudyr we taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.
Şöhratly ata-babalarymyz diýseň häsiýetli, agras we düşbi türkmen alabaýlaryny idetmäge has gadymy döwürlerden bäri başlapdyrlar. Munuň şeýledigine baý taryhy bolan ýurdumyzyň çäginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan it süňkleriniň galyndylary hem şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda şol gadymy alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň gan arassalygyny gorap saklamak we tohum aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek babatynda döwlet derejesinde giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Hususan-da, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi bu işlere täze itergi berdi. Şeýle hem welaýatlarymyzda we paýtagtymyzda döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen kinologiýa toplumlarynyň hem-de merkezleriniň döredilmegi türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny goramak, kämilleşdirmek boýunça ylmy-barlag işleriniň has-da çuňlaşdyrylmagyna şert döredýär.
Däp bolşy ýaly, her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde tutumly dabaralara beslenip bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem giň gerimde toýlanar. Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşigiň, sergileriň we beýleki bäsleşikleriň, halkara maslahatlarynyň geçirilmegi türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatynda maksatnamalaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini äşgär edýär.
Bu baýramçylyk mynasybetli, «Türkmenistanyň halk itşynasy» we «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň dakylmagy häsiýetli aýratynlyklary, gaýduwsyzlygy, mertligi, edermenligi bilen tapawutlanýan alabaýlary seýislemekde we olaryň syn-sypatyny kämilleşdirmekde, itçilik pudagyny ösdürmekde tutumly işleriň alnyp barylýandygynyň, şol işleri alyp barýanlara goýulýan hormat-sarpanyň nyşany bolup durýar. Elbetde, şeýle çäreler ýaş nesliň öz milli mirasyna bolan söýgüsini artdyrmakda hem uly ähmiýete eýedir. Alabaýlar adamzat jemgyýetiniň söýgüsine eýe bolan jandardyr.
Biziň alabaýlarymyz özüniň güýçlüdigi, gaýduwsyzdygy, akyllydygy we wepalydygy bilen ýer ýüzünde bar bolan tohum itleriniň arasynda iň naýbaşylarynyň biridir. Halk seçgiçiligi esasynda döredilip, uzak ýyllaryň dowamynda kämilleşdirilip gelnen türkmen alabaýlarynyň edermenligi, wepadarlygy barada halk döredijiliginde, rowaýatlarda we durmuş tejribesinde köp gürrüňler aýdylýar. Eli çeper ene-mamalarymyz bolsa, wepaly itiň keşbini özleriniň döreden sungat eserlerine siňdirmegi başarypdyrlar, ak öýleriň gapysynyň daşyndan asylýan eňsilere, sallançaklyk we düşeklik keçelere «tazyguýruk», «it yzy» nagyşlaryny salypdyrlar.
Milli Liderimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem dünýä halklaryny haýrana goýan eserleriň biridir. Gahryman Arkadagymyz bu kitabynda: «Ata-babalarymyz bedewinde myradyny, milli seçgiçiligiň ajaýyp nusgasy bolan alabaýlarymyzda bolsa bagtyny görüpdirler. Halkymyzda «It geldi, gut geldi» diýilýär. «Gutly bolsun!» diýen arzuw-dilegimizde şol gadymy sözüň köküniň ýaşaýandygy okyja mälimdir diýip pikir edýärin» diýip, danalyk bilen belleýär.
Şeýle-de, kitapda daşary ýurt alymlarynyň, ýazyjylarynyň, itşynaslarynyň alabaý itiniň gadymdan gaýdýan arassa ganly tohum itler bolup durýandygy, olaryň batyrlygynyň gaýtalanmajak nusgalyk häsiýete eýe bolandygy barada öz ýazgylarynda beýan edendikleri, milli mirasymyza tutuş dünýäde uly gyzyklanma bildirilýändigi hakynda nygtalýar. Döwletimiz ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna türkmeniň milli gymmatlyklaryny girizmek boýunça zerur işler alyp barýar. Geljekde, Ahalteke atlaryny seýislemek we türkmen itlerini köpeltmek sungatyny hem ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek meýilleşdirilýär.
Umumadamzat gymmatlygyna öwrülen alabaý itlerini gorap saklamak, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmek her birimiziň borjumyzdyr. Sebäbi, alabaýyň merdana keşbinde türkmen halkynyň edermenligi, wepadarlygy we milli buýsanjy jemlenýär. Bu täsin itler biziň iň wepaly dostlarymyzdyr.
Nusgawy milli gymmatlyklarymyza içgin üns berip, agzybir halkymyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde barha belende göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, gadamlary batly bolsun we tutumly ýollary şan-şöhrata beslensin!
Türkmen alabaýynyň baýramy gutly bolsun, mähriban ildeşler!
Merjen Kuliýewa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň esasy hünärmeni.
