Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi özboluşly taryhy wakadyr. Munuň özi welosiped sportuny wagyz etmekde Bitarap Türkmenistanyň tejribesine hem-de türkmeniň milli Lideriniň welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek taglymatyna Ýer ýüzünde örän uly ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.
3-nji iýunda ir bilen Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Milli Liderimiz bu köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi. Şondan soň welosipedçiler hatary Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýlaw çatrygynyň golaýyndan agzybirlik bilen herekete başlady. Gahryman Arkadagymyzyň bu ýörişiň öňüni çekmegi bolsa, tutuş ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, sagdyn ýaşaýyşyň özboluşly ýüze çykmasynyň subutnamasy bolup dabaralandy.
Bu köpçülikleýin welosipedli ýörişine dünýäniň dürli ýurtlaryndan belli myhmanlaryň — Russiýanyň Welosiped sporty federasiýasynyň prezidenti, üç gezek Olimpiýa çempiony Wýaçeslaw Ýekimowyň, dünýäniň çempiony Sergeý Nikitenkonyň we beýleki belli türgenleriň, welosiped sportuny söýüjileriň gatnaşmaklary bolsa, çäräniň derejesini has-da artdyrdy.
Milli Liderimiziň welosipedçileriň Halkara birleşiginiň prezidenti Dawid Lappartiente Türkmenistanda welosiped sportunyň ösdürilmegine berýän goldawlary üçin hoşallyk bildirmegi ýöne ýere däldir. Çünki, dünýäde welosiped medeniýetiniň döredilmegi we ösdürilmegi bilen bagly başlangyçlaryň ýurdy bolan biziň Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň ählihalk hereketine öwrülmegine badalga beren milli Liderimiziň bu minnetdarlygynyň aňrysynda simwoliki many bardyr.
Häzirkizaman Türkmenistanda ýurdumyzyň Halkara Olimpiýa komiteti, Aziýanyň Olimpiýa geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça Halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komiteti, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy, şeýle hem beýleki halkara we sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlyk örän sazlaşykly ösdürilýär.
200 ýyldan-da gowrak wagtdan bäri adamzat welosiped ulagyndan ýerlikli peýdalanýar. Şuny nazarda tutup, Gahryman Arkadagymyz bu ulagyň ekologiýa taýdan örän arassa ulagdygyny, onuň daşky gurşawy aýawly, arassa saklamakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtap, bu çärä gatnaşmak üçin ýygnananlary Bütindünýä welosiped güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady. Oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdag şaýoly boýunça 8 müň 500 metr ýoly geçip, Saglyk ýolunyň gutarýan ýerinde pellehana geldi.
Bütindünýä welosiped gününiň baýram edilmegine Ýer ýüzüniň milli federasiýalarynyň 190-sy, şeýle hem bäş yklymyň welosiped sporty boýunça konfederasiýasy we dünýäniň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýanlar goşuldylar. Şäheriň müňlerçe welosipedçileriniň, şol sanda ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň we guramalaryň zähmet toparlarynyň wekilleriniň ak mermerli Aşgabadyň oklaw ýaly göni köçeleri boýunça hereket edip, bellenilen menzili geçmekleri bolsa, türkmen raýatlarynyň sportuň bu görnüşine örän uly höwesiniň bardygyny subut etdi.
Halkara welosiped güni sebitiň döwletlerinde-de, dürli yklymlarda-da giňden bellenildi. Has takygy, şeýle ýörişler Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda, türkmen we daşary ýurt diplomatlarynyň, jemgyýetçilik, sport guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, ýaşlaryň, şol sanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýurdumyzyň talyplarynyň gatnaşmagynda Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Taýlandyň we beýleki döwletleriň paýtagtlarynda hem geçirildi.
Munuň özi türkmeniň milli Lideriniň welosiped medeniýetini döretmek we ösdürmek baradaky taglymatynyň Ýer ýüzi boýunça dabaraly ýörişiniň dowam etdirilendiginiň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy.
Agadurdy AKMYRADOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.