TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

MILLI LIDERIŇ WELOSIPED TAGLYMATY

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 72-nji mas­la­ha­ty­nyň 82-nji mej­li­sin­de 3-nji iýu­ny Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­daky Re­zol­ýu­si­ýasy­nyň ka­bul edil­me­gi özboluşly taryhy wakadyr. Munuň özi we­lo­si­ped spor­tu­ny wa­gyz et­mek­de  Bitarap Türkmenistanyň tej­ri­be­si­ne hem-de türk­meniň milli Li­de­ri­niň we­lo­si­ped me­de­ni­ýe­ti­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek  tag­ly­ma­tyna­ Ýer ýüzünde örän uly ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr.

3-nji iýunda ir bi­len  Hormatly Prezidentimiz Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Aşgabatda geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy. Milli Liderimiz bu köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şe ba­dal­ga berd­i. Şondan soň we­lo­si­ped­çi­ler ha­ta­ry­ Kö­pet­dag şa­ýo­lu­nyň we Jül­ge kö­çe­si­niň ke­siş­ýän ýe­rin­dä­ki aý­law çat­ry­gy­nyň go­la­ýyn­dan ag­zy­bir­lik bi­len he­re­ke­te baş­lady. Gahryman Arkadagymyzyň  bu ýörişiň öňü­ni çek­megi bolsa, tutuş ýurdumyzda höküm sürýän agzybirligiň, jebisligiň, sagdyn ýaşaýyşyň özboluşly ýüze çykmasynyň subutnamasy bolup dabaralandy.

Bu köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­ri­şine dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ryndan bel­li myh­man­laryň — Rus­si­ýa­nyň We­lo­si­ped spor­ty fe­de­ra­si­ýa­synyň pre­zi­den­ti, üç ge­zek Olim­pi­ýa çem­pio­ny Wýa­çes­law Ýe­ki­mowyň, dün­ýä­niň çem­pio­ny Ser­geý Ni­ki­ten­konyň we beý­le­ki bel­li tür­gen­leriň, we­lo­si­ped spor­tu­ny sö­ýü­ji­leriň gat­naş­maklary bolsa,  çäräniň  derejesini  has-da  artdyrdy.

 Mil­li Li­de­ri­miziň we­lo­si­ped­çi­le­riň Hal­ka­ra bir­le­şi­gi­niň pre­zi­den­ti Da­wid Lap­par­tien­te Türk­me­nis­tan­da we­lo­si­ped spor­tu­nyň ös­düril­megine  ber­ýän gol­da­wlary üçin hoşallyk bil­dirmegi ýöne ýere däldir. Çünki, dünýäde welosiped medeniýetiniň döredilmegi we ösdürilmegi bilen bagly başlangyçlaryň ýurdy bolan biziň Diýarymyzda sportuň bu görnüşiniň ählihalk hereketine öwrülmegine badalga beren milli Liderimiziň bu minnetdarlygynyň aňrysynda simwoliki many bardyr.

Häzirkizaman Türk­me­nis­tanda ýurdumyzyň Hal­ka­ra Olim­pi­ýa ko­mi­te­ti, Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Ösü­şiň we pa­ra­hat­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na sport bo­ýun­ça Hal­ka­ra býu­ro­sy, ÝU­NES­KO-nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra ko­mi­te­ti, Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy, şeý­le hem beý­le­ki hal­ka­ra we se­bi­ta­ra sport gu­ra­ma­la­ry bi­len hyz­mat­daş­lyk  örän sazlaşykly ösdürilýär.

200 ýyl­dan-da gow­rak wagt­dan bä­ri adamzat welosiped ulagyndan ýerlikli peý­da­la­nýar. Şuny nazarda tutup, Gahryman Arkadagymyz bu ulagyň ekologiýa taýdan örän arassa ulagdygyny, onuň  daş­ky gur­şa­wy  aýaw­ly, arassa saklamakda örän uly ähmiýetiniň bardygyny aýratyn nygtap, bu çärä gatnaşmak üçin  ýyg­na­nan­la­ry Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni bi­len ýe­ne-de bir ge­zek tüýs ýü­rek­den gut­lady. Oňa  gat­na­şy­jy­la­ra berk jan sag­lyk, aba­dan­çy­lyk we mun­dan beý­läk-de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Kö­pet­dag şa­ýo­ly bo­ýun­ça 8 müň 500 metr ýo­ly ge­çip, Sag­lyk ýo­lu­nyň gu­tar­ýan ýe­rin­de pel­le­ha­na gel­di.

Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­nü­niň baý­ram edil­me­gi­ne Ýer ýüzüniň   mil­li fe­de­ra­si­ýalarynyň 190-sy, şeýle hem bäş yk­lymyň we­lo­si­ped spor­ty bo­ýun­ça kon­fe­de­ra­si­ýa­sy we dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­den spor­tuň bu gör­nü­şi bi­len meş­gul­lan­ýan­la­r go­şu­l­dylar. Şäheriň müňlerçe we­lo­si­ped­çi­leriniň, şol sanda mi­nistr­lik­le­riň hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, kär­ha­na­la­ryň we gu­ra­ma­la­ryň zäh­met to­par­la­ry­nyň we­kil­le­riniň ak mermerli Aş­ga­ba­dyň oklaw ýaly göni  kö­çe­le­ri bo­ýun­ça he­re­ke­t edip, bellenilen menzili geçmekleri bolsa, türkmen raýatlarynyň sportuň bu görnüşine  örän uly höwesiniň bardygyny subut etdi.

Hal­ka­ra we­lo­si­ped gü­ni sebitiň döwletlerinde-de, dürli yklymlarda-da giňden bellenildi.  Has takygy, şeýle ýörişler Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry ýurt­lar­da­ky il­çi­ha­na­la­rynda, türk­men we da­şa­ry ýurt dip­lo­mat­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik, sport gu­ra­ma­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, ýaş­la­ryň, şol san­da da­şa­ry ýurt­la­ryň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­rin­de bi­lim al­ýan ýur­du­my­zyň ta­lyp­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň, Ýa­po­ni­ýa­nyň, Rus­si­ýa­nyň, Öz­be­gis­ta­nyň, Gyr­gy­zys­ta­nyň, Taýlan­dyň we beý­le­ki döw­let­le­riň paý­tagt­la­ryn­da  hem ge­çi­ril­di.

Munuň özi türk­meniň milli Li­de­ri­niň we­lo­si­ped me­de­ni­ýe­ti­ni dö­ret­mek we ös­dür­mek ba­ra­da­ky tag­ly­ma­ty­nyň Ýer ýüzi boýunça dabaraly ýörişiniň dowam etdirilendiginiň özboluşly subutnamasy bolup ýaňlandy.

 

Agadurdy AKMYRADOW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.