2019-njy ýylyň 7-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň guramaçylyk meseleleri boýunça mejlisi geçirildi Bu mejlisde biziň ýurdumyz BMG-niň 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň, 2020 — 2024-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2020 — 2023-nji ýyllar döwri üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy.
Türkmenistanyň bu abraýly halkara guramasynyň birbada üç düzüminiň agzalygyna saýlanylmagy milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan işleriň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň ykrarnama we goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Munuň özi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny kämilleşdirmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan uzak möhletleýin maksatnamalaryň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda durmuşa geçirilýän netijeli işleriň, neşekeşlige garşy göreşmek, zyýanly endikleriň öňüni almak bilen bagly ýerine ýetirilýän ulgamlaýyn çäreleriň, halkymyzyň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy boýunça döredilýän şertleriň halkara derejesinde goldanylýandygynyň alamatydyr.
Soňky ýyllaryň dowamynda biziň ýurdumyz bu abraýly halkara guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen bilelikde dürli ugurlar boýunça anyk maksatly taslamalaryň 368-sini durmuşa geçirdi. Bu örän netijeli we uly görkezijidir.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...
Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...
Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen: Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...
2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...