TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

30 Maý

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri önümçilik tejribesini geçdiler

Saýlaw ulgamynyň işi bilen içgin we giňişleýin tanyşmagy maksat edinip, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň bilelikde tassyklan meýilnamasyna laýyklykda, Döwlet gullugy akademiýasynyň «Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünärini ýokarlandyrmak» ugry boýunça diňleýjileri şu ýylyň 30-njy maýynda Merkezi saýlaw toparynda önümçilik tejribesini geçdiler.

Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjilerine saýlaw toparlarynyň wezipeleri, düzümi,  saýlaw ulgamy, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar, halkara tejribeleri, saýlaw kanunçylygyna girizilen goşmaçalar we üýtgetmeler barada Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan giňişleýin düşünje berildi.  

Hormatly Prezidentimiziň dürli kärde zähmet çekýän  gullukçylaryň hünär derejelerini kämilleşdirmäge döredip beren mümkinçiliklerinden peýdalanyp, ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden  hünärlerini ýokarlandyrmak ugry boýunça gelen diňleýjileriň arasynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda dürli wezipelerde zähmet çekýän adamlaryň bardygyny bellemek ýerliklidir. Önümçilik tejribesiniň dowamynda diňleýjiler saýlaw ulgamy, saýlaw kanunçylygy barada özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogaplary aldylar. Şunuň ýaly önümçilik tejribesiniň öň hem Merkezi saýlaw toparynda ençeme gezek geçirilendigini-de nygtamak bolar.

Önümçilik tejribesine gatnaşyjylar okamaga, işlemäge, hünärlerini ýokarlandyrmaga döredip beren şertleri üçin Arkadag Prezidentimize öz hoşallyklaryny bildirdiler we mukaddes Oraza aýynda hem-de sahawatly Gadyr gijesinde edilen ähli doga-dilegleriň, berilýän agzaçar sadakalarynyň gudraty güýçli Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dilediler.

28 Ýan
Dalaşgärleri hödürlemek çärelerine badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar ýakynda geçiren mejlisinde Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-d...

26 Ýan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Ýan
Saýlaw möwsümi guramaçylykly dowam edýär

Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary...

22 Ýan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Ýan
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň  7-nji ýanwarynda çykaran karary esasynda, Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň – Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň, Daşoguz welaýaty...

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...