l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň täze döredilen saýlaw toparlary: jemler, sanlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer tagallalary esasynda eziz Diýarymyz milli demokratik ýörelgelerimizi çuňlaşdyrmakda ösüş hem rowaçlyk ýolundan bedew bady bilen ynamly öňe gadam urýar. Asuda, parahat ýurdumyzda geçirilýän demokratik saýlawlarda hem saýlaw hukukly raýatlaryň öz erk-islegini erkin we meýletin beýan edip bilmekleri üçin oňyn şertler döredilýär. Saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmeginde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edilmeginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň möhüm orny bardyr.

Şunuň bilen baglylykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, bu saýlaw toparlary täzeden döredildi. Welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Merkezi saýlaw topary tarapyndan tassyklanylan meýilnama esasynda guramaçylykly amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri hödürlemek işleri syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher guramalarynyň mejlislerinde, şeýle hem raýatlar toparlarynyň ýygnaklarynda geçirildi.

Mejlisler we ýygnaklar aýanlyk, açyklyk ýagdaýynda, demokratik esaslarda geçirilip, onda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de, saýlaw toparynyň düzümine guramaçy, tejribeli, il arasynda abraýa eýe bolan dürli ýaşdaky, milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlar hödürlenildi.

Has takygy:

Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 19;

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 6;

Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 12;

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 16;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 9;

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 7;

Raýatlaryň toparlaryndan 8.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26-njy, 32-nji maddalaryna laýyklykda, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlarynyň düzümine wekil hödürlemek hakyndaky syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň mejlisleriniň we raýatlar toparlarynyň ýygnaklaryň beýanlary esasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 2026-njy ýylyň 15-nji iýunyndaky kararyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary döredilip, täze düzümleri tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 19-njy maddasyna laýyklykda, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary özleriniň birinji mejlislerini geçirip, onda toparyň başlygyny, başlygynyň orunbasaryny we kätibini saýladylar. Saýlaw toparlarynyň täze düzümine Merkezi saýlaw topary tarapyndan şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 77-ä deň boldy.

Has takygy:

Ahal welaýat saýlaw topary – 11;

Balkan welaýat saýlaw topary – 11;

Daşoguz welaýat saýlaw topary – 11;

Lebap welaýat saýlaw topary – 11;

Mary welaýat saýlaw topary – 11;

Aşgabat şäher saýlaw topary – 11;

Arkadag şäher saýlaw topary – 11 agzadan ybarat boldy.

Welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň saýlaw toparlarynyň täze düzümine ser salanymyzda, olaryň agzalygyna milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda zähmet çekýän adamlaryň hödürlenilendigini we şol agzalaryň 18,18 göteriminiň zenanlardygyny, 94,81 göteriminiň ýokary bilimli, 5,19 göteriminiň ýörite orta bilimli, 10,39 göteriminiň 30 ýaşa çenli, 28,57 göteriminiň 31-den 40 ýaşa çenli, 33,77 göteriminiň 41-den 50 ýaşa çenli, 27,27 göteriminiň 50 ýaşdan uly raýatlardygyny, şeýle-de 23,38 göteriminiň bolsa 35 ýaşa çenli adamlardygyny görmek bolýar.

Eziz Diýarymyzda geçirilýän saýlawlary mundan beýläk-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda, hil taýdan ýokary derejede, köp partiýalylyk esasynda, giň bäsleşik şertlerinde, guramaçylykly geçirmek, raýatlarymyzyň saýlamak we saýlanmak hukuklaryndan peýdalanmaklary üçin ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döretmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Şu nukdaýnazardan, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň täze düzümi öz ygtyýarlyk möhletiniň çäklerinde geljek bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda saýlaw möwsüminiň ýokary taýýarlyk we guramaçylyk derejesini üpjün etmäge, demokratik esaslarda geçiriljek dürli görnüşli saýlawlara işjeň gatnaşar.

26.06.2026