l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Raýatlaryň saýlaw hukuklary we saýlaw işleriniň aýanlygy

Eziz Diýarymyzda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Döwleti we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berkitmekde, milli kanunçylygymyzyň hukuk binýadyny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kämilleşdirmekde giň gerimli nusgalyk işler amala aşyrylýar. Häzirki zaman demokratik jemgyýetinde raýatlaryň syýasy hukuklarynyň üpjün edilmegi döwlet gurluşynyň möhüm ýörelgeleriniň biri bolup durýar. Şol hukuklaryň arasynda saýlaw hukugy aýratyn orun eýeleýär. Saýlawlar halkyň öz erk-islegini beýan etmeginiň, döwlet häkimiýetiniň emele gelmeginiň we jemgyýetçilik dolandyrylyşyna gatnaşmagynyň esasy serişdesidir.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlar döwlet we jemgyýetçilik işlerini dolandyrmaga gatnaşmak, saýlamak we saýlanmak hukugyna eýedirler. Bu hukuklar raýatlaryň syýasy taýdan deňligini üpjün edýär hem-de olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyna mümkinçilik döredýär.

Raýatlaryň saýlaw hukuklary – munuň özi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şeýle hem kanunlarynda bellenilen düzgünler esasynda olaryň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmaga bolan hukuklarydyr.

Has takygy, raýatlaryň bu hukuklary Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna, sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklarda ýüze çykýar.

Ýeri gelende aýtsak, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň II bölüminde hem düzgünleşdiril-ýändigini bellemek bolar.

Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň görnüşleri.

Saýlaw hukugy raýatyň döwlet häkimiýet edaralarynyň emele gelmegine gatnaşmak mümkinçiligini aňladýar. Ol iki görnüşde ýüze çykýar, ýagny aktiw we passiw saýlaw hukugy esasynda.

Aktiw saýlaw hukugy raýatyň saýlawlarda ses bermek hukugydyr. Her bir raýat kanunda görkezilen ýaşyna ýetenden soň, saýlawlara gatnaşyp, öz islegini erkin beýan edip biler.

Passiw saýlaw hukugy bolsa raýatlaryň döwlet wezipelerine saýlawlara dalaşgär bolup gatnaşmak we saýlanan ýagdaýynda degişli wezipä eýe bolmak hukugydyr.

Bu hukuklaryň amala aşyrylmagy raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrýar we döwlet dolandyryşynyň halk bilen ýakyn baglanyşygyny üpjün edýär.

Saýlaw hukuklarynyň esasy ýörelgeleri.

Saýlaw ulgamynyň netijeli işlemegi birnäçe möhüm ýörelgelere esaslanýar. Olar aşakdakylardan ybaratdyr:

Umumylyk ýörelgesi – ähli raýatlaryň jynsyna, milletine, dinine ýa-da jemgyýetçilik ýagdaýyna garamazdan saýlawlara gatnaşmaga deň hukugynyň bolmagydyr.

Deňlik ýörelgesi – her bir saýlawçynyň diňe bir sese eýe bolmagy we ähli sesleriň deň derejede hasaba alynmagydyr.

Göni saýlaw ýörelgesi – raýatlaryň öz wekillerini gönüden-göni saýlamagydyr.

Gizlin ses bermek ýörelgesi – saýlawçynyň kimi saýlandygynyň gizlin saklanylmagydyr.

Erkinlik ýörelgesi – saýlawçynyň meýletin we erkin ýagdaýda ses bermek hukugydyr.

Bu ýörelgeler saýlawlaryň adalatly, açyk we demokratik ýagdaýda geçirilmeginiň esasy şertleridir.

Saýlaw işleriniň aýanlygy.

Saýlaw işleriniň aýanlygy saýlawlaryň ähli tapgyrlarynyň jemgyýet üçin açyk, düşnükli bolmagyny aňladýar. Aýanlyk saýlawlaryň netijelerine bolan ynamy artdyrýar hem-de olaryň kanunylygyny üpjün edýär.

Aýanlyk, açyklyk demokratik ýörelgeler esasynda, saýlaw möwsüminiň yglan edilen  güninden başlap, sesleriň sanalmagyna çenli ähli tapgyrlarda öz beýanyny tapýar. Dalaşgärleriň hasaba alynmagy, olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary, ses berişlik işleri hem-de onuň netijeleriniň yglan edilmegi jemgyýet üçin açyk ýagdaýda alnyp barylýar.

Aýanlygy üpjün edýän serişdeler.

Saýlaw işleriniň aýanlygyny üpjün etmekde birnäçe möhüm serişdeler ulanylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saýlawlaryň gidişi barada jemgyýetçilige giň maglumat berýär. Telewideniýe, radio, gazetler we internet saýtlary bu ugurda möhüm orun eýeleýär. Şeýle hem saýlawlarda milli hem-de halkara synçylaryň gatnaşmagy saýlawlaryň açyklygyna bolan ynamy güýçlendirýär. Synçylar saýlawlaryň kanunçylyk talaplaryna laýyklykda geçirilýändigine gözegçilik edýärler.

Mundan başga-da, saýlaw toparlarynyň işi açyk ýagdaýda alnyp barylýar we sesleriň sanalmagy jemgyýetçilik gözegçiliginde geçirilýär. Netijeler bolsa wagtynda köpçülige yglan edilýär.

Saýlaw hukuklarynyň jemgyýetdäki ähmiýeti.

Saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegi jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň pugtalandyrylmagyna, raýatlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagyna hem-de döwlet häkimiýetiniň halk tarapyndan emele getirilmegine mümkinçilik döredýär.

Bu hukuklar raýatlaryň döwlet dolandyrylyşyna gatnaşmagyny giňeldýär, jemgyýetde durnuklylygy üpjün edýär hem-de kanunçylygyň berjaý edilmegine ýardam edýär.

Netijede, raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik jemgyýetiň esasy binýadyny emele getirýär. Saýlaw işleriniň aýanlygy bolsa saýlawlaryň adalatly, açyk we kanuny esasda geçirilmegini üpjün edýär.

Şeýlelik bilen, saýlaw hukuklarynyň doly durmuşa geçirilmegi we saýlaw işleriniň aýanlykda amala aşyrylmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Her bir raýatyň saýlawlara işjeň gatnaşmagy jemgyýetiň ösüşine goşant goşýar hem-de döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmegine hyzmat edýär.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, demokratik başlangyçlaryny dowamata besleýän hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýär we Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de kanunlary bilen kepillendirilýär. Türkmen jemgyýetiniň berk binýatly kämil hukuk medeniýeti halkara derejesinde dabaralanýar.

Halkyny demokratik ýol we bedew batly ösüşler bilen bagtly geljege alyp barýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

Eziz Baýramow,
TürkmenistandaSaýlawlarywe sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.

3.08.2026