l Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar

Habarlar

Makalalar

Wideo

Saýlawlarda sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, döwletimizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulýar. Şonuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizlikli ösüşi üpjün edilýär, halkymyzyň döwrebap şertlerde zähmet çekmegine we durmuşyň eşretlerini görüp ýaşamagyna ajaýyp mümkinçilikler açylýar. Sanly ulgamyň ýurdumyz boýunça esasy ugurlary kesgitlenip, milli bilim, kanunçylyk, şähergurluşyk ulgamlary ýaly pudaklarda uly işler amala aşyryldy we amala aşyrylmagy dowam etdirilýär. Beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saýlaw ulgamynyň işi, onuň kanunçylyk binýady demokratik ýörelgeler esasynda barha kämilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek, oňyn tejribeleri milli kanunçylygymyza laýyklykda saýlaw ulgamynyň işine ornaşdyrmak baradaky nesihatlaryndan ugur alyp,Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary hem sanly ulgamdaky täze tehnologiýalardan peýdalanmagyň dünýä tejribesindäki öňe gidişlikleri öwrenýär we milli sanly ulgamynyň talaplaryna laýyklykda, ony saýlaw işinde işjeň ornaşdyrýar.

Bilşimiz ýaly, «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmeginiň esasy maksady, saýlaw ulgamynyň işinde sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň döwrebap derejede kämilleş-dirilmegine, ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň açyklyk, aýanlyk şertlerinde, ählumumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda alnyp barylmagyna gönükdirilendir.

Sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary durmuşyň ähli ugurlaryna aralaşyp, olaryň ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly bolan sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklary boýunça täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminamalar dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýýar.

Sanly ulgam saýlawlary geçirmekde saýlaw işini awtomatlaş-dyrmaga, ýönekeýleşdirmäge we açyklygyny ýokarlandyrmaga gönük-dirilen tehnologik çözgütleriň toplumydyr. Bu ulgam ses bermek, sesleri sanamak, saýlawçylaryň sanawyny dolandyrmak, şeýle hem saýlawlary guramak we geçirmek üçin beýleki ugurlary öz içine alýar. Hususan-da, saýlaw möwsüminde alnyp barylýan işler innowasion – sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly yzygiderli kämilleşdirilýär.

Geliň indi bolsa, sanly ulgamyň saýlaw işine ornaşdyrylmagy esasynda mümkinçiliklerine seredip geçeliň:

1. Saýlawlaryň netijeliligini we tizligini ýokarlandyrmak. Amallary awtomatlaşdyrmak, taýýarlygy, ses bermegi we jemlemegi çaltlaşdyrmaga we maglumatlary gaýtadan işlemegiň wagtyny azaltmaga mümkinçilik berýär.

2. Maliýe we maddy çykdajylaryň azalmagy. Saýlaw býulletenlerini we beýleki çap edilýän önümlerini çap etmegiň zerurlygyny aradan aýyrmak bilen, saýlawlary guramak üçin çykdajylary azaldýar.

3. Raýatlar üçin elýeterliligi giňeltmek. Uzakdan elektron ses bermek, esasan hem hereketi çäkli raýatlar, saýlaw okrugyndan daşarda ýa-da daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlar üçin saýlaw uçastogynyň daşynda ses bermäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem sanly hyzmatlar saýlawlar, dalaşgärler barada maglumat berip, olary bolýan salgylary boýunça saýlawçylaryň sanawyna goşup biler.

4. Aýanlygyň we gözegçiligiň ýokarlanmagy. Käbir sanly ulgamlar saýlaw işiniň dürli tapgyrlarynda maglumatlara elýeterliligi üpjün edýär, bu bolsa netijelere bolan ynamy artdyrýar. Mysal üçin, “açyk” tehnologiýalar ulanylanda, ses bermegiň netijeleri gyzyklanýan taraplar üçin elýeterli edilip bilner.

5. Guramaçylyk we tehniki işleriň awtomatlaşdyrylmagy- saýlaw toparlarynyň agzalarynyň işini ýeňilleşdirýär.

6. Maglumatlaryň jemlenmegi we seljerme. Saýlawçylaryň isleglerini hasaba almagyň döwrebaplaşdyrylan usullary, ses bermegiň netijelerini soňundan seljermek üçin hasabat maglumatlaryny ýeke-täk maglumatlar goruna jemlemäge mümkinçilik berýär.

Saýlaw işinde sanly tehnologiýalaryň görnüşleri:

 • Saýlaw uçastoklarynda elektron ses bermek - kagyz býulletenleri bolmazdan ses bermäge we sesleri sanamagy awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik berýän ýörite terminallary ulanmak.

Uzakdan elektron ses bermek – internet arkaly, interaktiw aragatnaşyk gurallaryny ýa-da öýjükli telefon aragatnaşygyny ulanmak arkaly ses bermek

• Saýlawçylaryň sanawlaryny dolandyrmak, dalaşgärleri hasaba almak, biometrik maglumatlary kesgitlemek (identifikasiýa) we guramaçylyk işini ilerletmäge gönükdirilen beýleki sanly hyzmatlar.

Häzirki wagtda saýlaw ulgamynyň sanly ulgama geçirilmegi saýlaw işinde ileri tutulýan wezipeleri çözmegiň açary bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň gazananlaryna esaslanýan ösen jemgyýeti kemala getirmek boýunça netijeli işler alyp barýarlar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzda geçirilýän saýlawlaryň nusgalyk derejä çykarylmagy, saýlaw ulgamynyň işiniň döwrebaplaşdyrylmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän, ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli saýlaw toparlarynyň adyndan öz hoşallygymyzy bildirýäris.

Goý, ata Watanymyzy özgerişlere besläp, sanly tehnologiýalaryň şeýle tiz ösýän, kämilleşýän döwründe adam hakdaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Enejan Rüstemowa,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Sanly tehnologiýalar we maglumat howpsuzlygy bölüminiň esasy hünärmeni.

29.06.2026