l
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda amala aşyrylýan oňyn we demokratik özgertmeleriň her biri halk bähbitlidir, röwşen geljegimiziň berk binýadydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ata Watanymyzda beýleki ähli ulgamlar bilen bir hatarda, saýlaw ulgamynyň işi, onuň kanunçylyk binýady we demokratik ýörelgeleri hem barha kämilleşdirilýär.
Täze taryhy döwürde eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmelerde syýasy ulgamyň kämilleşdirilmegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplarynyň demokratiýalaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir türkmen raýatynyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär.
Elbetde, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň mundan beýläk-de demokratik ýörelgeler esasynda üpjün edilmegini gazanmakda ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparlarynyň ähmiýeti uludyr. Saýlaw toparlary öz işini Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda guraýarlar.
Demokratik döwletimizde geçirilýän saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça degişli işleri amala aşyrýan saýlaw toparlary – saýlaw toparlarynyň ulgamyny emele getirýärler.
Saýlaw toparlary – munuň özi saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek üçin syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenip döredilýän toparlardyr.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 17-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, sala salşyklary geçirmegi şu aşakdaky saýlaw toparlary guraýarlar:
1) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar;
2) welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher saýlaw toparlary;
3) etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň saýlaw toparlary;
4) okrug saýlaw toparlary;
5) etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň we geňeşlikleriň saýlaw toparlary;
6) uçastok saýlaw toparlary.
Bu saýlaw toparlary degişlilikde öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde esasan şu işleri amala aşyrýarlar:
1. Taýýarlyk işlerini guramak:
– saýlaw uçastoklarynyň araçäklerini, merkezini we saýlawçy sanyny kesgitlemek hem-de olary ses bermek üçin zerur bolan saýlaw býulletenleri, saýlaw resminamalarynyň blanklary, jaýlar, enjamlar, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary bilen üpjün etmek;
– dalaşgärleriň kanunçylyga laýyklykda bellige alynmagyny üpjün etmek, olaryň ynanylan adamlarynyň we synçylaryň işine ýardam bermek;
– dalaşgärleriň öz maksatnamalary boýunça wagyz işlerini geçirmekleri üçin deň şertleri döretmek.
2. Ilat – saýlawçylar bilen işleşmek:
– saýlawçylaryň sanawlaryny düzmek, anyklamak we saýlawçylary ses bermegiň wagty, ýeri hem-de tertibi bilen tanyşdyrmak;
– saýlaw hukukly raýatlara saýlawlar gününe çenli, öz ses berýän ýerlerini barlamaga mümkinçilik döretmek we sanawda ýalňyşlyk bar bolan halatynda, olaryň düzedilmegini üpjün etmek;
– ilatyň arasynda saýlaw kanunçylygy boýunça düşündiriş işlerini geçirmek.
3. Ses bermegi geçirmek we onuň netijelerini jemlemek:
– saýlawlar güni ses bermek işleriniň kanunçylyga laýyklykda, aýanlykda we gizlinlik şertlerinde geçirilmegini üpjün etmek;
– ses berlişik tamamlanandan soňra, sesleri sanamak we saýlaw okrugy, ýurt boýunça onuň jemlerini jemlemek;
– saýlaw möwsüminiň dowamynda raýatlardan, synçylardan gelip gowuşýan ýüzlenmeleri, teklipleri kanunçylygyň çäklerinde öwrenmek we olar boýunça netije çykarmak.
Türkmenistanda hereket edýän saýlaw toparlary öz işini aýan, adalatly alyp barýarlar we bäş ýyllyk ygtyýarlylyk möhleti bilen döredilýär. Saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary, ýagny ýerine ýetirýän işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 26 we 33, 34, 35, 36, 37-nji maddalary bilen kesgitlenilýär.
Mälim bolşy ýaly, ygtyýarlyk möhletleriniň tamamlanandygy sebäpli, 2026-njy ýylyň iýun aýynda welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlary jemi 77 agzadan ybarat düzümde täzeden döredildi. Iýul aýynda bolsa etrap, etrap hukukly şäher saýlaw toparlary demokratik esaslarda täzeden döredildi.
Şeýlelikde, täze döredilen etrap, şäher saýlaw toparlarynyň agzalarynyň sany 627-ä deň boldy. Ýeri gelende aýtsak, täze döredilen welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher hem-de etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzüminde zenanlaryň we ýaşlaryň sanynyň ýokary görkezijilere eýe bolýandygyny hem aýratyn bellemek bolar. Munuň özi, saýlawlaryň demokratik şertlerde geçirilmegi üçin ulgamlaýyn işleriň amala aşyrylýandygyny äşgär edýär.
Saýlaw ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, halkymyzyň parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumy adamzat ähmiýetli ähli beýik, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Maksat Saipow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.
22.07.2026
