Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň her bir güni toýlara, möhüm ähmiýeti bolan şanly wakalara beslenip, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýar.Ine, şeýle taryhy wakalaryň biri hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda 20-nji sentýabrda paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde geçirilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatydyr.
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, türkmen halkynyň baý medeniýetini we özboluşly däp-dessurlaryny, taryhyny, dilini wagyz etmekde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigine möhüm orun degişlidir. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen birleşik ykbalyň emri bilen taryhy Watanyndan uzaklara düşen ildeşlerimizi jebisleşdirmek ugrunda zerur tagalla edýän abraýly gurama öwrüldi.
Başymyzyň täji bolan milli Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda guralan foruma daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de Watanymyzyň dürli künjeklerinden gelen birleşigiň wekilleri, ildeşlerimiz gatnaşdylar.
Hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda: «Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň hormatly agzalary! Eziz doganlar! Sizi Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXIV maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň milli baýramy bolan Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda ýokary guramaçylykly geçirilýän bu maslahatyň eziz Watanymyza buýsanjymyzy pugtalandyrmak, dünýä türkmenlerini jebisleşdirmek hem-de dostlukly gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek babatda örän möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna berk ynanýaryn» diýilýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde hemişe ata Watanyny küýsäp ýaşaýan türkmenleri mübärekläp, bir supranyň başynda jemlän maslahatyň dowamynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, indi birnäçe ýyl bäri mukaddes Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahatyny geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini aýtdy. Mähriban Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar, gazanylýan ajaýyp üstünlikler bu gün dünýä türkmenlerini hem çäksiz buýsandyrýar we galkyndyrýar, dünýäniň dürli künjeginde ýaşaýan türkmen doganlarymyz özlerini hossarly duýýarlar, ata Watanymyzda gazanylýan taryhy ähmiýetli üstünliklere guwanýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşýan daşary ýurtly watandaşlarymyza söz berildi. Çykyş edenler pederleriň mukaddes topragyna gelip görmäge we häzirki döwürde şöhraty dünýä dolan Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri bilen içgin tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin çuňňur hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Daşary ýurtly watandaşlarymyz hakynda yzygiderli alada edýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyklaryny beýan etdip, uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Pursatdan peýdalanyp, foruma gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýakynda Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda dostlugy we hoşniýetliligi, özara düşünişmegi, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ýurtlarymyzyň bilelikdäki bähbitlerinidir başlangyçlary halkara giňişlikde ösdürmekde bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...