CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

26 Jan

Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ýaragly Güýçleriň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan harby özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bitarap ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan daşary syýasatyna laýyk gelýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň çäklerinde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goranyş kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň güwäsidir. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşunyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, esgerleriň, serkerdeleriň gulluk we ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň möhüm ähmiýetini bellemek gerek. Harby gullukçylar iň täze tehnikalara erk etmek, söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesini görkezmek bilen, ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň polat galkany bolup, merdana ata-babalarymyzyň Watana wepalylyk ýaly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler.

«Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze toplum nyzam meýdançasyndan, esgerler naharhanasyndan, medeniýet öýünden, ýatakhanalardan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, dikuçar meýdançasyndan, gulluk, hojalyk we durmuş maksatly binalardan ybaratdyr.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, ilki bilen, toplumyň dolandyryş binasyna bardy we bu ýerde döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Harby gullukçylar hormatly Prezidentimize dolandyryş binasynda ornaşdyrylan ýörite enjamlardyr serişdeler, döwrebap howpsuzlandyryş toplumlary, olaryň aýratynlyklary barada maglumat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň şahsy düzüminiň adyndan «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip, 2026-njy ýylyň buýsançly şygary bilen atlandyrylan ajaýyp türkmen halysy sowgat berildi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz binalar toplumyndaky esgerler ýatakhanasynda döredilen şertler bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerine täze gelip gowşan döwrebap harby tehnikalar we uçarmansyz uçýan enjamlar bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan goranyş häsiýetli Harby doktrinamyza laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri Garaşsyz Watanymyzyň sarsmaz galasydyr, polat galkanydyr. Taryh üçin uzak bolmadyk döwürdäki harby özgertmeleriň netijesinde milli Ýaragly Güýçlerimiz kämil söweşjeň ýaraglar, harby tehnikalar, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen yzygiderli üpjün edilip, kuwwatly goşuna öwrüldi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz täze binalar toplumynyň esgerler naharhanasyna baryp gördi.

Çagyryş boýunça harby gullukçylar ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.

Soňra hormatly Prezidentimiz harby bölümiň çägindäki meýdan okuw-türgenleşik suw howdanyna ugrady. Döwlet Baştutanymyz ýolugra sport meýdançasynda harby gullukçylaryň görkezme çykyşlaryny synlady.

Soňra döwlet Baştutanymyz toplumyň çäginde harby gullukçylar we olaryň maşgala agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi we täze jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup, döredilen şertler bilen gyzyklandy.

Harby gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, maşgala agzalarynyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda edilýän aladalar üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi hem-de mundan beýläk-de harby kasama wepaly bolup, ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiz harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi hem-de täze jaýa göçüp gelen maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy.

Harby gullukçynyň maşgala agzalary ýagşy däp-dessurlara eýerip, Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar toplumynyň çäginde jemi 200 hojalyga niýetlenen, her biri 50 öýli, 4 gatly 4 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, dükan, çagalar üçin oýun meýdançasy, awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.

Harby gullukçy hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň harby kasama wepaly bolup, ýurda ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrdy.

Şeýlelikde, Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda açylyp, ulanmaga berlen Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölümleriniň täze binalar we desgalar toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady boldy. Watan goragçylarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göteren açylyş dabarasy Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen asylly ýörelgesiniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň hem-de ýurdumyzda harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm üns berilýändiginiň beýanydyr.

26 Jan
Parahatçylygyň we asudalygyň goragynda

Bilşimiz ýaly, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala...

22 Jan
The election campaign continues in an organized manner

In accordance with action plan for the preparation and organized hold of elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps of Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of...

22 Jan
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2026-njy ýylyň 29-njy martynda geçiriljek saýlawlar boýunça degişli saýlaw okruglarynyň belgileri, atlary, merkezleri we araçäkleri barada maglumat

74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...

14 Jan
A meeting of the Central Election Commission was held

In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...

08 Jan
Elections for members of the Halk Maslahaty, as well as elections to replace the early drop out of deputies of the Mejlis of Turkmenistan, members of the Halk Maslahaty and Gengeshes will be held in the newly formed etraps of the country

In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...

06 Jan
A new Law has entered into force

On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...