Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklar ösdürilýär. Bitaraplyk we parahatsöýüjilik ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan goňşy we dost-doganlyk döwletler bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 1-2-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Antalýa şäherinde geçirilen üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz forumyň çäklerinde Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Türkiýä gelip görmäge we üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, bilelikdäki tagallalar esasynda ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklaryň ynanyşykly we netijeli häsiýetini nygtady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin we Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin Prezident Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi. Gahryman Arkadagymyz Türkiýe Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Şeýle-de, mümkinçilikden peýdalanyp, Türkiýäniň Prezidentini 70 ýaş ýubileýi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, köpýyllyk döwletara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin, türk Liderine Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy bilen tüýs ýürekden gutlady, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkymyzyň asylly däbine görä, türk Liderine 70 ýaş ýubileýi mynasybetli türkmen milli içmegini sowgat berdi. Däp bolşy ýaly, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar.
Duşuşygyň dowamynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Rejep Taýyp Ärdogan türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler. Halklarymyzyň taryhyň dowamynda emele gelen umumylygyna esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Türkmenistan we Türkiýe köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen, «Bir millet — iki döwlet» ýörelgesinden ugur alýarlar. Bu bolsa ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasdaky netijeli gatnaşyklar üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türk Liderini Türkmenistana sapar bilen gelmäge hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Gol çekilen resminamalar:
– Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama;
– «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
– «Türkmenistan awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Mälim bolşy ýaly, Antalýa diplomatiýa forumy (ADF) möhüm ählumumy we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zamanyň wehimleriniň çözgütlerini tapmak, hyzmatdaşlygyň täze netijeli ugurlaryny işläp taýýarlamak üçin giň dialog meýdançasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçdyr.
Ýokary derejeli çäre Antalýa şäheriniň «Nest» kongresler merkeziniň «Amfiteatr» mejlisler zalynda geçdi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bu köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylaryny mähirli mübärekledi. Soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çuň many-mazmunly çykyş etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.
Iş saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk we «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...