Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 13-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz Diýarymyzyň Gündogar sebti bolan lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ulanmaga berlen ilkinji iri önümçilik desgasy bolan, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna sement öndürýän Lebap sement zawodynyň 2-nji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Täze taryhy döwürde eziz Watanymyz dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly, batly depginler bilen ösýän döwletleriniň hataryna üstünlikli goşulýar. Ýurdumyzda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň, hususan-da, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde, şeýle hem Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň şu ýylyň fewral aýynda geçirilen mejlisinde tassyklanan «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen täze kärhanalar gurulýar, ozal bar bolanlarynyň kuwwaty artdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan şol maksatnamalar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýar.
Bilşimiz ýaly, Lebap sement zawodynyň 1-nji tapgyry Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen 2013-nji ýylda gurlup ulanylmaga berildi. Bu toplumyň öndürijilik kuwwatynyň üstüni ýetiren täze zawodyň döwrüň ösen önümçilik tehnikalary bilen üpjün edilendigini aýratyn bellemek gerek. Ýeri gelende aýtsak, ylmyň we tehnologiýalaryň iň täze gazananlaryndan, sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden üstünlikli peýdalanyp, zawodyň gurluşygyny ýerli gurluşykçylarymyz ýagny, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň kämil enjamlary bilen ornaşdyrylyp, ol kärhana 38 sany binadan we desgadan ybarat bolup, dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän, şol sanda sulfata (duza) durnukly ýokary hilli sement önümleriniň ýylda 1 million tonnasyny öndürmäge ukyply bolan täze zawotda 250-ä golaý işgäriň zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertleri döredilendir. Döwlet Baştutanymyz önümçilik binalaryndan çykyp, sement zawodynyň direktoryna bu ýerdäki meýdançada hatara düzülen, täze önümçilikde işlediljek kuwwatly ýöriteleşdirilen tehnikalaryň açarlaryny gowşurdy.
Senagat we gurluşyk önümçiligi pudagy Diýarymyzda alnyp barylýan gurluşyklary hem-de ilatymyzy zerur bolan ýokary hilli gurluşyk önümleri bilen üpjün edýär. Häzirki wagtda sement gurluşyk üçin iň zerur önümleriň biri bolup durýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gurlup ulanmaga berlen Bäherden, Balkan we Lebap sement zawodlarynda täze innowasion tehnologiýalar esasynda dünýä standartlaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly sement önümleri öndürilip, diňe bir içerki bazarlarda däl, eýsem, dünýä bazarlarynda hem uly islege eýe bolýar.
Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegi ýurdumyzyň gurluşyk-senagat toplumynyň ösdürilmegine saldamly goşant bolar hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň möçberli özgertmeleriň çäklerinde Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň depginini has-da artdyrmaga goşmaça itergi berer.
In accordance with action plan for the preparation and organized hold of elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps of Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...
In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...
On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...