Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran karary esasynda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi.
Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy. Has anygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden başlanýandygy yglan edildi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça degişli okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek, şeýle-de, öňden hereket edip gelýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzüminde seljerme geçirmek meselesine garaldy. Şeýle hem saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçmek hem meýilleşdirildi.
Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň habary diňlenildi. Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümine üýtgetme girizmek meselesine garaldy.
Mejlisiň dowamynda häzirki täze taryhy eýýamda, hormatly Prezidentimiz–Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň möçberli döwlet maksatnamalarynyň, syýasy-demokratik özgertmeleriniň mazmunyny we maksadyny ilat arasynda giňden wagyz etmäge gönükdirilen çäreleri işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda möhüm wezipeleri kesgitlediler. Şeýle hem saýlawlaryň demokratik ýörelgelerini, aýdyňlygyny we giň bäsleşikli bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajak-dyklaryna ynandyrdylar.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçiriljek bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...
On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...