CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

27 May

Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 24-nji maýynda paýtagtymyzyň «Garagum» myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Bitarap Türkmenistan GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň giňişliginde deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýär. Şonuň üçin Türkmenistan  GDA-nyň formatyndaky möhüm duşuşyklara we forumlara işjeň gatnaşýar, şeýle-de olaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülýär. 

Mejlise GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin, Premýer-ministrler Belarusiýadan Roman Golowçenko, Gazagystandan Olžas Bektenow, Premýer-ministriň orunbasarlary Azerbaýjandan Şahin Mustafaýew, Özbegistandan Jamşit Kuçkarow, Ermenistan Respublikasyndan ilçi Razmik Humarýan gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýetine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çäkli düzümde öz işine başlan mejlisini açyp, Aşgabat duşuşygynyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallygyny bildirdi. Mejlisiň gün tertibine görä, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedewe söz berildi. Ol mejlisiň gün tertibi boýunça degişli maglumat bilen çykyş etdi. Gün tertibi tassyklanandan soňra, GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri, hususan-da, ykdysady ulgamdaky gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.

Soňra mejlis giňişleýin düzümde dowam etdi. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary S.Lebedew çäkli düzümde geçen duşuşykda garalan meseleler, mejlisiň geljekki işiniň tertibi baradaky maglumat bilen çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda energetika we ulag ulgamyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Hökümet baştutanlary ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ulag, energiýa, himiýa senagaty, ekologiýa we howply galyndylary dolandyrmak, saglygy goraýyş, intellektual eýeçilikdäki hukuk bozulmalara garşy göreş we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe meselä garaldy. Hökümet baştutanlarynyň geňeşi GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti baradaky Düzgünnama we Gazagystanyň teklibi bilen Nurlan Seýtimowy GDA-nyň Baş sekretarynyň orunbasary wezipesine bellemek hakyndaky çözgüdi kabul etdi.

Şeýle-de, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde geçirmek kararyna gelindi.

Türkmenistanyň şu günki geçirilýän mejlise döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi bermäge gönükdirilen waka hökmünde garaýandygyny bellemek gerek. GDA-nyň giňişliginde geljegi nazarlaýan ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynda gatnaşyjy ýurtlaryň tagallalaryny we mümkinçiliklerini birleşdirmek häzirki wagtda esasy wezipe bolup durýar. Türkmenistan bu ugurdaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly üns berýär.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Astanada geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň sammitinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň çäklerinde sport hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen, GDA-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça geňeşiniň howandarlygynda halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça utgaşdyryjy komiteti döretmegi teklip etdi, şeýle hem yzygiderli esasda Dostluk oýunlaryny guramak başlangyjyny öňe sürdi. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň gün tertibine Aşgabady «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri»  diýip yglan etmek baradaky mesele girizildi. Bu teklip duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Mejlisiň jemleri boýunça birnäçe resminama, şol sanda Aşgabat şäherini «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri»  diýip yglan etmek hakyndaky Çözgüde gol çekildi

Şu ýyl Türkmenistanda we onuň çäginden daşarda türkmen nusgawy şahyry, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dabaraly bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapynyň adyndan Arkalaşygyň ýurtlarynyň ählisine akyldar şahyryň hormatyna guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin hoşallyk bildirildi.

Mejlise gatnaşyjylar şu mejlisi geçirmäge, guramaga beren goldawlary, bilelikde netijeli işlemek babatda döredilen şertler üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

26 Sept
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

20 Sept
Okuw maslahaty geçirildi

2024-nji ýylyň 18-19-njy sentýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň guramagynda saýlawlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirmek atly okuw m...

19 Sept
Hyzmatdaşlygyň täze tapgyry: «Merkezi Aziýa –Germaniýa» sammiti

Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýy­lyň 17-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Astan...

13 Sept
Geljegi nazarlaýan Türkmen — Owgan goňşuçylyk gatnaşyklarynda täze sahypa

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýe...

04 Sept
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

29 Aug
Türkmen — Eýran döwletara gatnaşyklarynyň täze sahypalary

Dünýäde dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy öňe sürýän ýurdumyzda dünýä döwletleri, ilkinji nobatda, ýakyn goňşular, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy hemmetarapla...

10 July
Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçirilen saýlawlarda saýlanylan deputatlar barada maglumat

1-nji «Garaşsyzlyk» saýlaw okrugy boýunça Bazarow Rejep – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň Iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek bo...

09 July
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň ýolbaşçysynyň w...