Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde, saýlaw çäreleriniň tassyklanylan meýilnamasyna laýyklykda, Merkezi saýlaw toparynyň hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynyň çäklerinde hereket edýän uçastok saýlaw toparlarynyň agzalary bilen okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatyna milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda ýurdumyzda saýlaw ulgamyny döwrebap derejede kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan işler, şeýle-de, öňde boljak saýlawlary geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler hem-de goşmaçalar bilen tanyşdyryldy.
Mundan başga-da, okuw maslahatyna gatnaşyjylar uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary, saýlawlary geçirmegiň, saýlaw resminamalaryny ulanmagyň tertibi, saýlaw uçastoklarynda ses bermeklik işini ýokary derejede guramak we ýurdumyzyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň talabalaýyk üpjün edilmegi üçin ähli şertleriň döredilmelidigi hakynda, öz işlerine jogapkärli çemeleşmekde we düşündiriş işlerini geçirmek bilen bagly meseleler babatda anyk maslahatlar aldylar. Şonuň ýaly hem ses bermek hukugyna eýe bolan her bir raýatyň saýlawlara gatnaşmak bilen jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gatnaşmaga bolan konstitusion hukugyny doly amala aşyryp bilmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigi hakynda giňişleýin düşündirildi. Şeýle-de, okuw maslahatlarynyň dowamynda bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň guramaçylyk işleri barada sowal-jogaplar alşyldy.
Beýleki saýlaw toparlary bilen bir hatarda uçastok saýlaw toparlary hem Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda geçiriljek saýlawlary demokratik ýörelgelere laýyklykda geçirmek bilen bagly işleriň agramly bölegini amala aşyrýarlar. Şunuň bilen baglylykda, uçastok saýlaw toparynyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary derejede geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda saýlawlary demokratik ýörelgelerimize laýyklykda geçirmeklige ähli şertleri, giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...
On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...
On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...
On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....
On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...
In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...