CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

28 Nov

Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklar strategik hyzmatdaşlyk häsiýeti bilen tapawutlanýar. Dünýäniň energetika bazarynda möhüm orny eýeleýän iki ýurt syýasy dialogy pugtalandyrmaga, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebit howpsuz-lygyny üpjün etmäge aýratyn üns berýär. 1992-nji ýylda ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlan wagtyndan bäri köp sanly ylalaşyklary öz içine alýan berk şertnama-hukuk binýady kemala getirildi. Strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama özara gatnaşyklaryň ýokary derejesini tassyklaýan esasy resminama bolup durýar.

Gazagystan Respublikasynyň Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Akorda» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi. Bellenilişi ýaly, Gazagystanda Türkmenistana doganlyk goňşy döwlet we strategik hyzmatdaş hökmünde garalýar. Ýurtlarymyzy köpasyrlyk dostluk, taryhyň, diliň, medeniýetiň umumylygy baglanyşdyrýar. Ikitaraplaýyn gatnaşyklar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda strategik hyzmatdaşlyk ruhunda ösdürilýär. Gazagystan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna hem-de parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen netijeli halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Dostlukly ýurduň Lideri, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyza iň gowy arzuwlaryny beýan edip, gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda türkmen halkynyň Milli Lideriniň ägirt uly goşandyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy berkitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

1995-nji ýylda döredilen «Altyn Kyran» ordeni bilen Gazagystanyň öňünde aýratyn hyzmatlary bitiren raýatlar, häzirki zamanyň görnükli döwlet, jemgyýetçilik we syýasy işgärleri sylaglanylýar.

Ýeri gelende aýtsak, bu abraýly sylag 2022-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza hem gowşurylypdy.

Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler. Prezident Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimiziň döwlet saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, doganlyk Türkmenistanyň Gazagystanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylan-dygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy. «Biz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparymyzyň netijelerine ýokary baha berýäris. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde «Alem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp gördi.

«Alem.AI» emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar.

Şeýlelikde, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet sapary iki doganlyk halkyň arasynda barha pugtalanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany boldy. Saparyň dowamynda dürli ulgamlarda gazanylan ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar ikitaraplaýyn hem-de sebit hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de çuňlaşdyrmak üçin berk binýady döretmäge gönükdirilendir.

28 Nov
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Nov
International experience in the electoral system is being studied

Under the wise leadership of our esteemed President, scale of our country’s cooperation with prestigious international organizations is increasingly expanding. With permission of our esteemed Presiden...

10 Nov
The Central Asia – USA Summit

From November 4 – 7, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the United States of America. At the invitation of US President Donald Trump, our esteemed President too...

05 Nov
Our esteemed President took part in the ceremonies of laying the foundation and opening important facilities

On November 2, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov made a working visit to the Balkan velayat. Our Arkadagly Hero Serdar participated in the laying ceremonies for a carbamide production com...

28 Oct
Turkmenistan – Italy: a new stage of mutually beneficial cooperation

On October 24-25, 2025, at the invitation of the President of Italy Sergio Mattarella, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a visit to the friendly Italian Republic. The relations betw...

21 Oct
Construction of the Serhetabat – Herat section of the TAPI gas pipeline project has started

On October 20, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov got acquainted with the progress of construction of the Turkmen...

20 Oct
Good news from the United Nations

On October 17, 2025, President Serdar Berdimuhamedov held a regular meeting of the Cabinet of Ministers through digital system. During the meeting, President was informed about good news received from...

16 Oct
The foundation of a new production complex has been laid

On October 15, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov took part in the ceremony of laying the foundation stone of the complex for the production of mineral fertilizers at the S.A. Niyazov...