TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

DEMOKRATIÝANYŇ AÝDYŇ ÝÜZE ÇYKMASY

Ýaňy-ýakynda ýurdumyzda  uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň ygtyýarlyk möhletiniň  tamamlanandygy sebäpli,  uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny saýlamak işleri guramaçylykly geçirildi.  Bu barada gürrüň bermegini sorap,  biz  Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň sekretar-referenti Hekimberdi ÖWEZOWA ýüz tutduk. Şonda ol bize şulary gürrüň berdi:

 

— Türkmen jemgyýetinde höküm sürýän asudalyk, parahatlyk, sazlaşyk türkmen demokratiýasynyň özboluşly milli aýratynlygynyň miwesidir.

Munuň şeýledigini Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara synçy hökmünde gatnaşmak üçin gelýän halkara synçylary hem nygtap belleýärler. Muny ýaňy-ýakynda ýurdumyzda uçastok saýlaw toparlarynyň agzalaryny saýlamak işleriniň guramaçylykly geçirilmegi-de doly subut etdi. 2014-nji ýylda döredilen uçastok saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, şu ýylyň oktýabr, noýabr aýlarynda olar täzeden döredildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleriniň – Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar  guramasynyň ilkinji guramalary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan hödürlenildi.

Ýurdumyzda saýlawlarda ses bermegi geçirmek üçin, saýlaw uçastoklarynyň 2568-si hereket edýär. Şol uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine jemi 17586 wekiliň hödürlenilmegi Bitarap Türkmenistanda köppartiýalylyk şertlerinde özboluşly milli demokratiýanyň doly dabaralanýandygyndan nyşandyr. Munuň şeýledigini Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan 4831, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan 367, Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan 1451, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklaryndan 4625, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyndan 2981, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginden 1808, Raýatlaryň toparlaryndan 1523 wekiliň hödürlenilmegi ýene bir gezek aýdyň subut edýär.

Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 43,45 göteriminiň zenanlardan ybarat bolmagy bolsa, türkmen jemgyýetinde gender deňligine örän uly ähmiýet berilýändiginiň şaýatnamasydyr. Mundan başga-da, üns bermeli ýagdaý bar. Agzalaryň düzümine ser salanyňda, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna täze nesliň goşulýandygyna göz ýetirmek bolýar. 

Biziň ýurdumyzda geçirilýän şeýle çärelerde milli azlyklara aýratyn üns berilýär. Uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň düzüminde Bitarap Türkmenistanda ýaşaýan dürli milletleriň, has takygy: türkmen, azerbaýjan, buluç, başgyrt, ermeni, pars, gazak, garagalpak, koreý, özbek, rus, tatar milletleriniň wekilleriniň bolmagy bolsa, geljekki bäş ýylyň dowamynda ýurdumyzda geçiriljek saýlawlaryň has demokratik esaslarda amala aşyryljakdygyndan habar berýär.

— Beren gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň!

 

Söhbetdeşligi ýazga geçiren A. AKMYRADOW.