TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ SAÝLAW KODEKSI KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly başlangyçlary esasynda, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky kanunçylygyň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň halkara derejesinde ykrar edilen kadalara laýyk derejede, demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly geçirilmegine uly ýardam berýär.

Saýlawlary geçirmegiň ählumumy ykrar edilen halkara,  demokratik kadalaryny özünde jemleýän Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi esasynda ýurdumyzda raýatlaryň saýlaw hukuklary demokratik ýörelgelere laýyklykda üpjün edilýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde raýatlaryň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini-saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hukuk kadalaryny kämilleşdirmek, ýurdumyzda saýlawlary geçirmekligiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny giňişleýin öwrenmek hem-de saýlaw ulgamyny kämilleşdirmek boýunça birnäçe wezipeler durmuşa geçirilýär.

Saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we oňa birnäçe üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi halk demokratiýasyny doly üpjün etmegiň wajyp wezipeleriniň biridir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda kabul edildi we şol ýylyň 1-nji iýulynda güýje girizildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi jemi 17 bölümden, 3 bapdan we   92 maddadan ybaratdyr.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi saýlawlary we sala salşyklary geçirmekligiň düzgünlerini we raýatlarymyzyň degişli hukuk kepilliklerini, saýlawlary we sala salşyklary geçirmekde milli kanunçylyklarymyzy hem-de halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň düzgünleriniň giň mazmunyny özünde jemleýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini has-da kämilleşdirmek we umumy ykrar edilen halkara kadalarynyň düzgünlerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmak işleriniň çäklerinde oňa birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi:

Ýagny, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda, 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabrynda degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň käbir maddalarynyň mazmunlaryny gysgaça tekrarlap geçsek:

– 4-nji madda, “Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär”;

– 6-njy madda, “Milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, raýatlaryň toparlaryna we dalaşgärlere degişlidir”;

  • 32-nji madda, “Welaýat, etrap, şäher, şäherçäniň, geňeşligiň, okrug we uçastok saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr”;
  • 38-nji maddanyň 5-nji bölegi, “Her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sany degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldir”, hem-de şol maddanyň 6-njy bölegi “Saýlaw okruglary degişli saýlaw toparlary tarapyndan saýlawlara çenli azyndan ýetmiş gün galanda döredilýär”;

– 44-nji madda, “Dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidir” diýlip bellenilýär.

Şeýle hem “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda başga-da birnäçe degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizilendir.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar barada Merkezi saýlaw toparynyň agzalaryny, edarasynyň işgärlerini, saýlaw toparlaryny öz wagtynda habarly etmek üçin okuw maslahatlary geçirilip, giňden ara alnyp maslahatlaşylyp, saýlaw toparlary öz işlerini bellenilen kadalara laýyk amala aşyrýarlar.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi we girizilýän üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň döwrebap, mynasyp beýanyny tapmagy bolsa ýurdumyzda saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda amala aşyrylýandygynyň, Türkmenistanyň ählumumy ykrar edilen halkara kadalaryna, demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň görkezýär.

Ýurdumyzda saýlaw kanunçylygynyň kämilleşdirilmeginiň esasy maksady bolsa, saýlawlara we sala salşyklara taýýarlyk görmek we geçirmek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän, raýatlarymyzyň saýlawlarda we sala salşyklarda öz erk-isleglerini erkin beýan etmegini üpjün edýän kepilliklerini giň demokratik esaslarda üpjün etmekden ybaratdyr.

Bu aýdylanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary netijesinde raýatlarymyzyň hukuk kepilliklerini, şol sanda saýlaw hukuklaryny üpjün etmegiň demokratik ýörelgelerini döwrebap derejede has-da kämilleşdirmek babatynda giň gerimli we netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny hem-de ýurdumyzyň syýasy durnuklylygynyň binýadynyň berkdigini äşgär edýär.

Saýlaw ulgamynyň kämilleşmegine uly üns berip, Türkmenistanyň halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan Arkadag Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň mundan beýläk-de  rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Amangeldi Annadurdyýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kätibi.