TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAW ULGAMYNYŇ ESASLARY WE DEMOKRATIK ÝÖRELGELER

Saýlawlar jemgyýetiň özboluşly aýnasydyr. Ýurtda geçirilýän islendik derejedäki saýlawlar ýa-da sala salşyklar jemgyýetiň dürli gatlaklarynda höküm sürýän ajaýyp sazlaşygyň, jebisligiň, agzybirligiň, asudalygyň derejesini görkezýän täsin ölçeg guralydyr.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, saýlaw ulgamynyň işini kämilleşdirmäge, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillendirilmegini üpjün etmäge uly üns berilýär. Möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre bolan saýlawlar milli demokratik ýörelgelere, şeýle hem häzirki zaman halkara kadalaryna laýyk derejede, köppartiýalylyk şertlerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Esasy Kanunyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine esaslanýan we döwletimiziň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolan saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky döwletimiziň kanunçylygy, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalarynyň kadalarynyň ulanylmagy ýurtda geçirilýän dürli görnüşli saýlawlaryň ösen dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan habar berýär.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda raýatlaryň saýlamaga we saýlanmaga, sala salşyklara gatnaşmaga hukuklary çäklendirilmeýär we ol ählumumy häsiýete eýedir. Bu ýörelge jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň degişli ugurlaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynda berkidilendir.

Biziň ýurdumyzyň saýlaw hukuklary we azatlyklary baradaky kanunlarynyň möhüm aýratynlygy olaryň bu ugurdaky halkara talaplaryna we ülňülerine gabat gelýänligidir. Munuň özi halkyň ähli gatlagynyň wekilleriniň öz erk-islegini açyk, erkin beýan edip bilmekleri üçin döredilen oňyn şertler we mümkinçiliklerdir. Saýlaw ulgamy diýen düşünje saýlaw hukugyny üpjün etmegiň tertibini, saýlawlary we sala salşyklary geçirmegiň we ses bermegiň netijelerini takyklamagy sazlaşdyrýan ähli hukuk kadalarynyň ygtyýarlyklarynyň jemini aňladýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary we sala salşyklar gizlin ses bermek arkaly ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy hem-de bäsleşik esasynda geçirilýär. Bu saýlawlar bir mandatly saýlaw okruglary boýunça geçirilýär.

Sala salşyk (halkyň ses bermegi) – munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermek arkaly döwlet häkimiýetini amala aşyrmaga gös-göni gatnaşmagynyň bir görnüşidir. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner. Saýlaw we sala salşyk möwsüminiň demokratik ýörelgeleri hökmünde Türkmenistanyň Prezidentligine, Mejlisiň deputatlygyna, Halk maslahatynyň, Geňeşiň agzalygyna dalaşgärleri we sala salşyklara goýlan meseleleri erkin we deňhukukly hödürlemek, aýanlyk we açyklyk, wagyz erkinligi başlangyçlarynda, ähli dalaşgärler üçin deň mümkinçiliklerde amala aşyrylýandygyny hem mysal getirmek bolar.

 Saýlawlar we sala salşyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinden we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

Saýlawlar we sala salşyklar ählumumydyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan, olaryň saýlamaga, saýlanmaga we sala salşyklara gatnaşmaga hukuklaryny göni ýa-da gytaklaýyn çäklendirmek gadagan edilýär.

Saýlawlara we sala salşyklara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

Türkmenistanyň raýatlary saýlawlara we sala salşyklara deň esaslarda gatnaşýarlar. Her bir saýlawçynyň ýa-da sala salşyga gatnaşyjynyň bir sesi bardyr. Saýlawlar göni saýlawlardyr. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalary raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanylýarlar.

Türkmenistanyň raýatlary sala salşyga çykarylan meseläniň (meseleleriň) tarapyna ýa-da onuň (olaryň) garşysyna gös-göni ses berýärler. Türkmenistanyň raýatynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmagy erkin we meýletindir. Saýlawlarda we sala salşykda ses bermek gizlindir. Saýlawçylaryň öz erkini beýan edişine gözegçilik etmäge ýol berilmeýär.

Bu aýdylanlar saýlawlarda saýlaw hukugynyň halkara derejesinde ykrar edilen we saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgeleri bolan –   ählumumy saýlaw hukugy, deň saýlaw hukugy, göni saýlaw hukugy, saýlawlaryň gizlinligi, saýlawlaryň erkinligi hem-de bäsleşik esasynda geçirilýändigini äşgär edýär.

Ýurdumyzda geçirilýän saýlawlaryň demokratik ýörelgelerini we raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek çäreleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 90-njy maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň kararlaryna we olaryň wezipeli adamlarynyň  hereketlerine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmegiň; 91-nji maddasyna laýyklykda, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň, sala salşyga gatnaşyjylaryň kararlaryna we hereketlerine ýa-da hereketsizligine kazyýete şikaýat etmegiň; 92-nji maddasyna laýyklykda bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çekmegiň tertibiniň düzgünleşdirilýändigini hem nygtamak bolar.

Ýurdumyzda döredilýän saýlaw toparlarynyň saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerini açyk we aýan amala aşyrmaklary, saýlawlara syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň müňlerçesiniň, şeýle hem halkara synçylarynyň syn etmegi, saýlawlar barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna yzygiderli ýetirilip durulmagy ýurdumyzda kämil saýlaw ulgamynyň kemala gelendiginiň hem-de saýlawlaryň demokratik ýörelgeler esasynda geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Maksatmyrat Geldiýew,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky
Merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň baş hünärmeni.