TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

AŞGABAT ŞÄHERINIŇ GÜNI WE SOŇKY JAŇ DABARASY

Her ýylyň 25-nji maýynyň Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edilmegi diňe bir türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary üçin däl, eýsem tutuş ýurdumyz boýunça hem örän guwandyryjy we buýsandyryjy wakalaryň birine öwrüldi. Şol günüň Soňky jaň dabarasy bilen utgaşyp gitmeginiň bolsa, örän uly simwoliki manysy bardyr. Orta mekdebi tamamlap, uly durmuşa gadam basýan, kalplary  hyjuwdan doly ýaşlaryň  şatlygynyň çägi ýok! Olaryň şatlygyna goşulmak, ýaşlaryň bu  ruhy-ahwalyna düşünmek, gör, nähili bagt!  Dünýäniň owadan şäherleriniň birine öwrülen ajaýyp Aşgabadyň köçelerinde, şeýle-de  ýurdumyzyň çar  künjünde bagtyýar durmuşa ynamly gadam basan bagtyýar türkmen ýaşlary bilen didarlaşmak, gör, nähili ýakymly!

Syýasy we işewürlik merkezleriniň birine öwrülen. Aşgabat şäheriniň çäginde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we ýollaryň, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgähleriň gurulmagy dowam etdirilýär. Häzirki wagtda tutuş ýurdumyz boýunça alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen bilelikde, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde ýaşaýyş jaýlarynyň we medeni-durmuş maksatly binalaryň we dürli maksatly desgalaryň gurluşyk işleri yzygiderli alnyp barylýar.  Amatly ekologiýa gurşawy döredilen Aşgabat şäherinde ýaşamak örän uly bagtlylykdan nyşandyr.

Ak mermerli Aşgabadyň binagärlik keşbi, oklaw ýaly göni şaýollary, suw çüwdürimleri, gülşen mesgeni ýatladýan gözel seýilgähleri, şäheriň ertekilerdäkä meňzeş keşbi, nurly gündizleri, lowurdaýan gijesi, yşyklar bilen mermeriň özboluşly sazlaşýan şuglasy bilen içgin tanşyp, täsirli  gepleşikleri taýýarlamak bu gün dünýäniň ösen döwletlerinden Türkmenistana gelýän žurnalistler üçin özboluşly däbe  öwrüldi.

Milli Liderimiziň taýsyz  tagallalary netijesinde Aşgabat şäherinde toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär, paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin örän amatly şäherleriniň birine öwrülýär.   

Ýurdumyzyň bagtyýar halkyny Aşgabat şäheriniň güni hem-de Soňky jaň dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.