TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ GEÇIRILIŞI WE HUKUK BINÝADY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde saýlawlaryň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça taryhy işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmeleriň we goşmaçalararyň netijesinde Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine «Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary» diýen täze bölüm goşuldy. Täze bölüm 18 sany täze maddany öz içine alýar. Bulardan başga-da, Saýlaw kodeksiniň 53 sany maddasyna degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň saýlaw ulgamynyň kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň hukuk binýady bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Saýlaw kodeksinde saýlaw hukugynyň esasy başlangyçlary, şeýle hem saýlawlary geçirmekligiň düzgünleri giňden beýan edilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna häzirki wagtda taýýarlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 78-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýan, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden sekiz wekil agza bolup girýär. Halk Maslahatynyň sekiz agzasy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň düzümi jemi 56 agzadan ybarat bolup, saýlawlar gününe çenli 30 ýaşy dolan, ýokary bilimi bolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty dalaşgär hödürlenilip bilner.

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 505-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleri welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary öz mejlislerinde hödürleýärler.

Hödürlenilen wagtyna çenli iş kesilenlik aýyby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kanunda bellenilen tertipde aýrylmadyk adam dalaşgär hödürlenilip bilinmez. Ýokarda agzalan kanuny şertler ýurdumyzda ýaşaýan her bir Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgär hödürlenmäge hukugynyň bardygyny aňladýar. Bu bolsa ýurdumyzyň saýlaw ulgamynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambeýasy tarapyndan kabul edilen Adam hukugynyň ählumumy jarnamasynyň her bir adamyň öz ýurdunda döwlet gullugynyň elýeter bolmagyna hukugy bardygy baradaky bellenilen düzgünine doly derejede gabat gelýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmegi Merkezi saýlaw topary, welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary we welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlary üpjün edýärler. Welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlary ses bermegi guraýar, geçirýär we jemini jemleýär. Ses bermek welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň mejlisiniň geçirilýän jaýynda Saýlaw kodeksiniň talaplaryna laýyklykda guralýar we geçirilýär. Mejlisiň geçiriljek ýerini we wagtyny welaýat, Aşgabat şäher halk maslahaty kesgitleýär we bu barada saýlawlara azyndan on bäş gün galanda Merkezi saýlaw toparyna habar berýär. Şeýlelikde, saýlawlar güni her welaýatyň we Aşgabat şäheriniň çäginde bir ýerde, ýurdumyz boýunça jemi alty ýerde ses berler. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda öňünden ses bermegiň we ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegiň geçirilmeýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ählumumy, göni saýlaw hukugy esasynda geçirilmän, eýsem, bu saýlawlar göni däl (gytaklaýyn) saýlaw hukugy esasynda geçirilýär. Bu bolsa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalary, kanuna laýyklykda, ozal saýlaw hukukly raýatlar tarapyndan göni saýlaw hukugy esasynda saýlanylan welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatynyň agzalary tarapyndan saýlanylýarlar diýmegi aňladýar.

Adam hukuklarynyň goraglylygy kanun bilen kepillendirilen demokratik ýurdumyzda saýlawlar demokratik ýörelgelere laýyklykda, raýatlaryň syýasy hukuklaryny, gender deňligini göz öňünde tutmak arkaly geçirilýär.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji günlerinden başlanan saýlaw möwsümi döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hukuk binýadynyň berkeýändiginiň we milli kanunçylygymyzyň kämilleşýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 

Geok Abaýew, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň  hukukçysy.