TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAW KANUNÇYLYGYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ ÖSÜŞ ÝOLY

Hormatly Prezidentimiziň parasatly, ynsanperwer we demokratik ýörelgelere esaslanýan başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler tapgyrlaýyn durmuşa geçirildi. 

Bu işler hormatly Prezidentimiziň döwletimiziň Baştutany wezipesine girişen günlerinden başlap, has giň gerime eýe boldy.

Ýurdumyzyň halkara derejesinde ykrar edilýän demokratik syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýän kadalar Türkmenistanyň Esasy Kanuny – Konstitusiýasy esasynda berkidildi.

Esasy Kanunymyzyň 9-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýektidir we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagyny ykrar edýär.

Şeýle-de, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 2-nji maddasy esasynda, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda Saýlaw kodeksinde göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa‚ onda halkara şertnamalarynyň kadalarynyň ulanylýandygy kesgitlenildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik Wekilhanasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň açylmagy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen dostlukly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy beýleki ulgamlar bilen birlikde saýlaw ulgamynyň hem halkara tejribeleriniň we kadalarynyň öwrenilmegine ýol açdy.

Şonuň netijesinde bolsa, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň demokratik ýörelgeleriniň ösüş ýoly hem ýurdumyzyň syýasy durmuşynda oňyn netijelere eýe boldy hem-de Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan saýlaw kanunçylygy halkara kadalaryna laýyklykda we döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirildi.

Mälim bolşy ýaly, öňler her saýlawlar we sala salşyklar hakynda aýratyn kanunlar hereket edýärdi. Ýöne, ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan saýlawlary geçirmegiň kadalaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalaryny halkara tejribelerine hem-de döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek meselesiniň wajyplygy ýüze çykdy. Şunuň bilen baglylykda, saýlawlar hakyndaky kanunlary birleşdirmek tejribesi hem üstünlikli amala aşyryldy.

Kanunlary birleşdirmek tejribesine başlanylmazyndan ozal sekiz sany kanun bardy. Has takygy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda», «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda», «Welaýat halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda», «Etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary hakynda», «Geňeş agzalarynyň saýlawlary hakynda» we «Sala salşyk hakynda» hem-de «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda», şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklarynyň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň kanunlary hereket edýärdi.

Kanunlary birleşdirmek işleri özüniň oňyn netijelerini hem berdi. Ýagny üç kanun birleşdirilip, 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda «Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Munuň özi kanunlary birleşdirmek ýolunda amala aşyrylan ilkinji ädim bolup, geljekde Saýlaw kodeksini döretmek babatynda toplanylan tejribedir.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda, 2011-nji ýylyň       20-nji ýanwarynda Türkmenistanyň parlamentinde eden taryhy çykyşynda beýan eden wezipelerinden hem-de halkara tejribesinden ugur alnyp, şeýle hem saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça ýerlerden gelip gowşan teklipler esasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» hem-de «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» Türkmenistanyň kanunlary täze redaksiýa bilen işlenilip taýýarlanyldy.

Degişli ministrlikleriň, institutlaryň, ýerli häkimiýet edaralarynyň, halkara bilermenleriniň teklipleri, dünýä tejribesi nazara alnyp, kanunlaryň maddalary mazmun taýdan halkara kadalaryna laýyklykda baýlaşdyryldy hem-de olara ençeme täze maddalar hem goşuldy.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň kanunyny (Mudan beýläk - kanun) kämilleşdirmek işiniň çäklerinde ilkinji nobatda Kanuny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyk getirmek we hereket edýän kanunlaryň maddalarynyň özara baglanyşykly beýan edilmegi bilen bagly işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem kanunlaryň maddalarynyň seljerilmesi geçirildi we olaryň many-mazmuny aýdyň, ýazylyş taýdan düşnükli bolar ýaly edilip beýan edildi.

Kanunyň 7-nji maddasynda saýlawlary bellemek hakyndaky kararyň Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagyna azyndan alty aý galanda kabul edilýändigi, kararyň kabul edilen gününden beýläk bäş günden gijä goýman onuň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde resmi taýdan çap edilýändigi, saýlawlar gününe çenli azyndan üç aý galanda saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň yglan edýändigi kesgitlenildi.

Kanunyň 8-nji maddasynda saýlawlara taýýarlyk görmekde we olary geçirmekde saýlaw toparlarynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan garaşsyzdyklary, saýlaw toparlarynyň işine döwlet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň gatyşmagyna ýol berilmeýändigi berkidildi.

Kanunyň 9-njy maddasynda saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek işlerinde aýanlyk kadalary bellenilip, milli we halkara synçylarynyň hukuklary giňişleýin beýan edildi. Syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, raýatlaryň teklipçi toparlarynyň milli synçylary bellemäge hukuklydygy, milli synçylaryň degişli welaýat, welaýat hukukly şäher saýlaw toparlarynda bellige alynýandygy, daşary ýurt (halkara) synçylarynyň çakylyk haty bar bolan halatynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary tarapyndan resmi taýdan bellige alynýandygy, olaryň işiniň Türkmenistanyň halkara şertnamalary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» we Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kadalaşdyrylýandygy, çakylyk hatynyň saýlawlaryň bellenen gününden soň Türkmenistanyň Prezidenti we Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar tarapyndan iberilýändigi, synçylaryň ygtyýarlyklarynyň bellige alnan gününden başlanýandygy we saýlawlaryň netijeleriniň resmi taýdan çap edilen gününden tamamlanýandygy kesgitlenildi.

Kanunyň 10-njy maddasyna laýyklykda «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Türkmenistanyň çägi bir saýlaw okrugydyr.» diýlip bellenildi.

Kanunyň 11-nji maddasynda saýlaw uçastoklaryny döretmegiň tertibi bellinilip, saýlaw uçastoklarynyň Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň ýanynda hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça döredilip bilinýändigi hem-de ol saýlaw uçastoklarynyň Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kesgitlän etrabynyň ýa-da şäheriniň düzümine girizilýändigi bellenildi.

Kanunyň III babynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, welaýat, etrap, şäher, uçastok saýlaw toparlarynyň ygtyýarlyklary beýan edilip, olaryň ygtyýarlyk möhleti bellenildi.

Kanunyň 21-nji maddasynda saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleri görkezmegiň tertibi düzgünleşdirildi. Welaýat, etrap, şäher saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleriň syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda görkezilýändigi, uçastok saýlaw toparlarynyň düzümine wekilleriň bolsa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda görkezilýändigi bellenilip, welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil görkezmek boýunça raýatlaryň ýygnagynyň degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan 100-siniň, etrabyň, şäheriň saýlaw toparynyň düzümine - şol etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan 50-siniň, uçastok saýlaw toparynyň düzümine bolsa şol uçastogyň çäginde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan 30-synyň gatnaşmagynda geçirilip bilinýändigi kesgitlenildi.

Kanunyň 25-nji maddasynda saýlawçylaryň sanawyna degişli saýlaw uçastogynyň çäginde hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan saýlawçylaryň girizilýändigi, saýlawlara gatnaşmaga hukugy bolan Türkmenistanyň raýaty haýsydyr bir sebäbe görä saýlawçylaryň sanawyna girizilmedik mahalynda, degişli uçastok saýlaw topary tarapyndan bu saýlawçynyň saýlawçylaryň goşmaça sanawyna girizilýändigi, şeýle hem saýlawçylaryň sanawlarynyň saýlawlara azyndan on bäş gün galanda (26-njy madda) köpçüligiň tanyşmagy üçin goýulmalydygy bellenildi.

Kanunyň 27-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri görkezmek saýlawlara altmyş gün galanda başlanyp, otuz gün galanda tamamlanýandygy, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda dalaşgärleri hödürlemek hukugynyň syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidigi beýan edildi.

28-nji maddada Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleriň syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň merkezi guramalarynyň mejlislerinde (gurultaýlarynda, konferensiýalarynda, umumy ýygnaklarynda) görkezilýändigi kesgitlenildi, mejlis çagyrylanda onuň geçiriljek senesini, ýerini we wagtyny görkezmek bilen bellenilen senä çenli azyndan üç gün öňünden Merkezi saýlaw toparyna ýazmaça görnüşde habar berilmelidigi bellenildi.

Kanunyň 29-njy maddasynda Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgärleri raýatlar tarapyndan görkezmegiň tertibi beýan edildi. Bu madda «Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär saýlawçylaryň gollarynyň azyndan on müňüsi bilen goldanylmalydyr. Şunda etraplaryň ýa-da etrap hukukly şäherleriň umumy sanynyň azyndan otuz göteriminiň her birinden talap edilýän gollaryň sany azyndan üç ýüz bolmalydyr. Merkezi saýlaw topary Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär görkezmek boýunça teklipçi toparyň ýolbaşçysy we ähli agzalary tarapyndan gol çekilen we olaryň her biriniň familiýasy, ady, atasynyň ady, doglan senesi, ýaşaýan ýeri we toparyň ýerleşýän ýeri görkezilen towakganamanyň esasynda bu teklipçi topary towakganamasynyň gelip gowşan wagtyndan üç günden gijä goýman bellige alýar. Teklipçi toparyň düzüminiň sany azyndan elli adam bolmalydyr. Gollar diňe saýlaw hukukly raýatlaryň arasyndan ýygnalyp bilner. Gollary ýygnamak Prezidentlige görkezilýän dalaşgäriň teklipçi topary tarapyndan amala aşyrylýar. Saýlawçylaryň gollaryny ýygnamak saýlawçylaryň işleýän, gulluk edýän, okaýan, ýaşaýan ýerlerinde, saýlawlaryň öň ýanynda geçirilýän çärelerde, şeýle hem gollaryň ýygnalmagy şu Kanun bilen gadagan edilmedik beýleki ýerlerde geçirilýär. Ýuridik şahslaryň ýa-da olaryň şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň administrasiýalarynyň gollaryň ýygnalmagyna gatnaşmagyna, şonuň ýaly-da gollary ýygnamagyň barşynda mejbur edilmegine we goluň çekilmegi üçin saýlawçylara hak-heşdegiň ýa-da gollaryň ýygnalmagyna päsgel berilmegine ýol berilmeýär. Saýlawçy gol çekilýän kagyzça gol çekip, şu aşakdaky maglumatlary: öz familiýasyny, adyny we atasynyň adyny, ýaşaýan ýeriniň salgysyny, doglan ýylyny (on sekiz ýaşdaky – muňa goşmaça edip doglan gününi we aýyny), gol çeken senesini görkezýär. Saýlawçylar diňe bir dalaşgäri goldap gol çekmäge haklydyrlar. Gol çekilýän kagyzçalaryň blanklary Merkezi saýlaw topary tarapyndan bellenilen görnüşe laýyklykda taýýarlanylýar we teklipçi toparyň resmi ýüztutmasyna görä iki günüň içinde teklipçi toparyň wekiline berilýär. Degişli etrabyň, şäheriň saýlaw topary degişli gulluklary we hünärmenleri çekmek bilen gollaryň dogrulygynyň barlagyny amala aşyrýar.» diýlip beýan edildi.

Kanunyň 34-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgäriň her etrapda we etrap hukukly şäherde üçe çenli ynanylan adamynyň bolup bilýändigi düzgünleşdirildi.

Kanuna täze girizilen VII bapda saýlawlaryň habar üpjünçiligi beýan edilip, onuň saýlawçylary saýlawlar barada habarly etmegi we saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işini öz içine alýandygyny we raýatlaryň erk-islegini aň-düşünjeli beýan etmegine, saýlawlarda aýanlyga şert döredýändigi bellenilýär. Saýlawçylary habarly etmegi saýlaw toparlarynyň, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýuridik we fıziki şahslaryň amala aşyrýandygy, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilýän ýa-da beýleki usullar bilen ýaýradylýan habarlaýyn maglumatlaryň mazmunynyň dogruçyl, hakyky bolmalydygy, dalaşgärleriň deňliginiň bozulmaly däldigi, olarda haýsydyr bir dalaşgäriň ileri tutulmaly däldigi bellenildi. Saýlawlar geçirilende, dalaşgärleriň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň raýatlarynyň wagyz işlerini erkin geçirmeginiň döwlet tarapyndan üpjün edilýändigi kepillendirildi.

Kanunyň 36-njy maddasynda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini geçirmegiň tertibi beýan edildi. Saýlawlar geçirilende wagyz işleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly, köpçülikleýin çäreleri (saýlawçylar bilen ýygnaklary we duşuşyklary, açyk çekişmeleri we ara alyp maslahatlaşmalary) geçirmek bilen, wagyz maglumatlaryny çykarmak we ýaýratmak bilen amala aşyrylyp bilinýändigi bellenildi.

Kanunyň 37-nji maddasyna laýyklykda saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleriniň dalaşgäriň bellige alnan gününden başlanýandygy we saýlawlar gününden bir gün öň bes edilýändigi, saýlaw toparlarynyň jaýlaryndan daşarda ýerleşdirilen wagyz metbugat maglumatlarynyň (listowkalar, plakatlar we beýlekiler) ses berilýän güni öňki ýerlerinde saklanylyp galdyrylýandygy düzgünleşdirildi.

Kanunyň 38-nji, 39-njy, 40-njy, 41-nji, 42-nji maddalary täze maddalar bolup, olara laýyklykda dalaşgärlere döwlet teleradio ýaýlymlarynda tölegsiz tertipde efir wagtynyň berilýändigi, efir wagtynyň sagat 19-dan    23-e çenli aralykda berilmelidigi, efir wagtynyň her günki möçberiniň bir sagatdan az bolmaly däldigi we efir wagtynyň dalaşgärleriň arasynda deň esaslarda paýlanylýandygy kesgitlenildi. Efir wagtynyň üçden bir böleginden az bolmadyk wagtynyň dalaşgärleriň bilelikdäki çekişmeleri, «tegelek stollary» we beýleki şoňa meňzeş wagyz çärelerini geçirmekleri üçin niýetlenilýändigi, oňa dalaşgärleriň ählisiniň deň esaslarda goýberilýändigi, köpçülikleýin habar beriş neşir serişdeleriniň dalaşgärler tarapyndan hödürlenilýän materiallar üçin deň şertlerde tölegsiz tertipdäki çap meýdanyny bölüp bermelidigi, bir dalaşgäre çap meýdançasyny beren döwürleýin metbugat neşirleriniň beýleki dalaşgärler üçin hem şol bir şertlerdäki çap meýdanyny bermäge borçludygy, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň dalaşgärlere saýlawçylar bilen ýygnaklary we duşuşyklary, açyk çekişmeleri we ara alyp maslahatlaşmalary guramakda ýardam bermäge, bu çäreler geçirilen wagtynda howpsuzlygy üpjün etmäge borçludygy, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň saýlawlar bellenilen gününden beýläk on günüň dowamynda her bir saýlaw uçastogynyň çäginde wagyz maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin ýörite ýerleri göz öňünde tutmalydygy, dalaşgärlere wagyz maglumatlaryny ýerleşdirmek üçin deň şertleriň üpjün edilmelidigi düzgünleşdirildi.

Kanunyň 44-nji maddasynda saýlaw býulletenleriniň diňe döwlet dilinde däl-de, degişli etrap, şäher saýlaw toparynyň haýyşnamasy esasynda saýlaw uçastogynyň saýlawçylarynyň köplüginiň ulanýan beýleki dilinde hem býulletenleriň çap edilip bilinýändigi bellenildi. Saýlaw býulletenlerine uçastok saýlaw toparynyň başlygynyň we kätibiniň gol çekýändigi hem-de býulletenleriň saýlaw uçastogynyň möhri bilen möhürlenilýändigi, ätiýaçlyk üçin taýýarlanylýan saýlaw býulletenleriniň sanynyň saýlawçylaryň sanawyna giren saýlawçylaryň umumy sanynyň bir ýarym göteriminden köp bolmaly däldigi beýan edildi.

Kanunyň 45-nji, 46-njy maddalarynda saýlaw býulletenini alan saýlawçynyň saýlawçylaryň sanawynda gol çekýändigi, saýlawçynyň dalaşgärleriň haýsysynyň tarapyna ses berýän bolsa, býulletende şonuň familiýasynyň deňinde bellik edýändigi, saýlawçynyň haýyşy boýunça oňa zaýalanan saýlaw býulleteniniň deregine täze býulleteniň berlip bilinýändigi, zaýalanan býulletenleriň bolsa hasaba alynmaga, ulanylmaz ýaly edilmäge we aýratyn saklanmaga degişlidigi bellenildi.

Kanunyň 47-nji maddasyna laýyklykda saýlaw uçastogynda saýlawçylaryň sanawyna girizilen we ses berilýän jaýa sebäpli (saglyk ýagdaýy, maýyplygy boýunça) özbaşdak gelip bilmeýän saýlawçylara ses bermäge gatnaşmak mümkinçiliginiň döredilýändigi, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermek diňe ses berilýän güni we saýlawçynyň ýazmaça arzasy ýa-da dilden ýüz tutmasy esasynda geçirilýändigi, uçastok saýlaw toparynyň gelen ähli arzalary we ýüz tutmalary ýörite sanawda bellige alýandygy;

Arzalaryň ýa-da dilden ýüz tutmalaryň saýlawlar güni ses bermegiň wagtynyň tamamlanmazyndan alty sagatdan gijä galynman berilmelidigi, ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi geçirmäge gidýän uçastok toparynyň agzalarynyň býulletenleri diňe arzalary ýa-da ýüz tutmalary bellige alnan saýlawçylara bermäge haklydygy kesgitlenildi.

Kanunyň 49-njy maddasy esasynda bolsa saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçynyň saýlaw uçastogynda öňünden ses bermek hukugynyň bardygy, şeýle saýlawçynyň saýlawlar gününe on gün galandan başlap, saýlaw uçastogynda öňünden ses berip bilýändigi, öňünden ses bermegiň uçastok saýlaw toparynyň agzalarynyň azyndan ikisiniň gatnaşmagynda geçirilip bilinýändigi, ses bermegiň her gün sagat 12-den 16-a çenli geçirilýändigi beýan edildi.

Kanunyň 50-nji maddasynda sesleri sanamagyň netijesine uçastok saýlaw toparynyň mejlisinde garalýandygy, degişli teswirnama düzülýändigi we teswirnama toparyň başlygynyň, başlygynyň orunbasarynyň, kätibiniň we agzalarynyň gol çekýändigi, soňra teswirnamanyň uçastok saýlaw toparynyň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan yglan edilýändigi hem-de teswirnamanyň nusgasynyň saýlaw uçastogynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýandygy bellenildi.

Kanunyň 51-nji maddasyna laýyklykda welaýat, etrap, şäher boýunça saýlawlaryň netijesiniň degişli saýlaw topary tarapyndan takyklanylyp teswirnama düzülýändigi we onuň yglan edilýändigi, teswirnamanyň nusgasynyň saýlaw toparynyň jaýynda hemmeleriň tanyşmagy üçin goýulýandygy;

Saýlaw toparlarynyň teswirnamasynyň tassyklanylan nusgasyny dalaşgäriň ýa-da onuň ynanylan adamynyň almaga hukugynyň bardygy düzgünleşdirildi.

Kanunyň 52-nji, 53-nji maddalarynda Türkmenistanyň saýlanylan Prezidentini bellige almak we saýlawlaryň jemini çap etmegiň tertibi beýan edildi.

Umumy saýlawlarda sese goýlan dalaşgärleriň hiç biri hem saýlanylmadyk bolsa, gaýtadan ses bermegi geçirmegiň ýa-da gaýtadan saýlawlary geçirmegiň tertibi Kanunyň IX babynda kesgitlenildi.

Kanunyň 56-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň jemini Merkezi saýlaw toparynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edýändigi kesgitlenildi.

Kanunyň XI baby esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegi we geçirmegi maliýeleşdirmegiň düzgünleri kesgitlenildi. Kanunyň 58-nji maddasynda saýlawlaryň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýändigi, saýlawlary maliýeleşdirmegiň tertibiniň Merkezi saýlaw topary tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen ylalaşyp bellenilýändigi, saýlawlaryň Türkmenistanyň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, fiziki we ýuridik şahslary, şeýle hem daşary ýurt döwletleri, daşary ýurt döwlet edaralary, guramalary we kärhanalary, beýleki daşary ýurt ýuridik şahslary, olaryň şahamçalary we wekillikleri, daşary ýurt raýatlary, halkara guramalary, gatnaşyjylary daşary ýurt fıziki we ýuridik şahslary bolup durýan Türkmenistanda hasaba alnan ýuridik şahslar tarapyndan hiç hili görnüşde maliýeleşdirilmegine ýol berilmeýändigi, býujet serişdeleriniň maksatlaýyn harçlanylyşyna gözegçilik etmek üçin saýlawlary bellemek hakynda kararyň resmi taýdan çap edilen gününden on bäş günden gijä galman Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda gözegçilik-derňew toparynyň döredilýändigi, bu toparyň guramaçylyk we iş tertibiniň Merkezi saýlaw topary tarapyndan kesgitlenilýändigi bellenildi.

Kanunyň XII babynda saýlaw toparlarynyň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine), döwlet we beýleki edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw işine beýleki gatnaşyjylaryň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmegiň tertibi, raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik bellenildi.

Diýmek, munuň özi «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň mazmun taýdan has giň gerimde kämilleşdirilendigini görkezýär.

Indi bolsa, «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Mundan beýläk - kanun) kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilen çärelere ser salalyň.

Kanunda Merkezi saýlaw toparynyň öz işinde syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň kararlary bilen baglanyşykly däldigi, Merkezi saýlaw toparynyň, onuň agzalarynyň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly işlerine göni ýa-da gytaklaýyn täsir etmegiň gadagandygy bellenildi.

Merkezi saýlaw topary hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanmak bilen Merkezi saýlaw toparynyň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny, ählihalk sala salşyklaryny geçirmeginiň esasy ýörelgeleri kesgitlendi.

Bu Kanunda Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guralyşy we onuň işiniň görnüşleri, Merkezi saýlaw toparynyň mejlisini çagyrmagyň we geçirmegiň tertibi doly beýan edildi.

Kanunda Merkezi saýlaw toparynyň, onuň başlygynyň, başlygynyň orunbasarynyň, kätibiniň we agzalarynyň ygtyýarlyklary doly kesgitlendi.

Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň Merkezi saýlaw toparyna we onuň edarasyna we Merkezi saýlaw toparynyň mejlislerine ýolbaşçylyk edýänligi, şeýle hem Merkezi saýlaw toparyna Türkmenistanyň Döwlet býujetinden bölünip berilýän maliýe serişdelerine ygtyýar edýändigi bellenildi.

Bu Kanunda Merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasarynyň saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça ýerli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini, şeýle hem saýlaw toparlaryny döretmek we olaryň işini guramak bilen baglanyşykly işleri utgaşdyrýandygy, Merkezi saýlaw toparynyň başlygy ýok mahalynda Merkezi saýlaw toparynyň karary esasynda onuň wezipesini ýerine ýetirýändigi kesgitlenildi.

Şeýle-de Merkezi saýlaw toparynyň kätibiniň we Merkezi saýlaw toparynyň agzasynyň ygtyýarlyklary bellenildi.

Bu Kanunyň dördünji babynda Merkezi saýlaw toparynyň işini üpjün etmek üçin Merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hukuklary we borçlary giňişleýin beýan edildi. Merkezi saýlaw toparynyň işiniň guramaçylyk, hukuk, tehniki, habar üpjünçiliginiň onuň hemişelik hereket edýän edarasy tarapyndan amala aşyrylýandygy bellenildi.

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda»   hem-de «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar hakynda» Türkmenistanyň kanunlary täze redaksiýa bilen 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edildi.

Bu kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilen görnüşde täze redaksiýa bilen kabul edilmegi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň işlenilip düzülmeginde hem uly ähmiýete eýe boldy. Çünki, bu düzgünler Saýlaw kodeksine girizildi.

Has takygy, indiki nobatda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksini işläp düzmek işlerine girişildi.

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2013-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda: «Saýlawlar hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmäge we ýurdumyzyň Esasy Kanunyna hem-de degişli halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen işleri geçirmek zerurdyr. Şeýle hem, Türkmenistanyň raýatlarynyň iň möhüm syýasy hukuklarynyň birini – saýlamaga we saýlanmaga bolan hukugyny kepillendirýän milli hu­kuk kadalaryny tertipleşdirmek boýunça işleri dowam etmeli, geljekde bolsa, Saýlaw kodeksini işläp taýýarlamaly we kabul etmeli» diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiziň şol beren tabşyrygy, şeýle hem halkara guramalarynyň teklipleri esasynda, 2013-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksi tassyklanyldy we şol ýylyň 1-nji iýulyndan bolsa güýje girdi. Saýlaw kodeksi  XVII bölümi, III baby we 92 maddany özünde jemleýär.

Saýlaw kodeksiniň döredilmegi bilen, saýlawlar we sala salşyklar hakyndaky degişli kanunlar öz güýjüni ýitirdi. Şu ýerde Saýlaw kodeksini döretmek işleriniň çäklerinde onuň maddalarynyň we düzgünleriniň demokratik ýörelgelere, halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilendigini hem aýratyn bellemelidiris. Umuman, Saýlaw kodeksiniň döredilmegi saýlawlaryň guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirilmegi babatynda wajyplyga eýedir. 

Saýlaw kodeksi esasynda geçirilen ilkinji saýlawlar 2013-nji ýylyň    15-nji dekabrynda bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli berýän tabşyryklary we halkara guramalaryndan hem-de ýerlerden gelýän teklipler esasynda, saýlawlary geçirmegiň demokratik ýörelgelerini has-da pugtalandyrmak, saýlawlar hakyndaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmek işleriniň çäklerinde, häzirki wagta çenli Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan bäş gezek, ýagny 2014-nji ýylyň 26-njy awgustynda, 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda, şeýle hem 2017-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda we 25-nji noýabrynda,      2018-nji ýylyň 9-njy iýunynda  kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» hem-de «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň kanunlary esasynda, Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.

Indi bolsa saýlawlary guramaçylykly we demokratik ýörelgeler esasynda geçirmek babatynda saýlawlar hakyndaky kanunçylyklara girizilen  käbir üýtgetmeler we goşmaçalar hakynda aýratynlykda durup geçeliň:

Saýlaw okruglary: 2007-nji ýyla çenli welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli çäkde 80 saýlaw okrugy, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça degişli çäkde 40 saýlaw okrugy döredilýärdi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2007-nji ýylyň 3-nji iýulynda kabul edilen “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda,

«Welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan 40 sany saýlaw okruglary döredilýär»;

«Etrap, şäher şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynda etrabyň we şäheriň çäginde saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan 20 sany saýlaw okruglary döredilýär» diýlip bellenildi.

2008-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda täze redaksiýa bilen kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125 sany saýlaw okrugynyň döredilýändigi kesgitlenildi. Ýagny saýlaw okruglarynyň sany  65-den     125-e çenli köpeldi.

Şeýle-de, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, her bir saýlaw okrugynyň saýlawçylarynyň sanynyň degişli saýlawlar boýunça okruglara düşýän saýlawçylaryň ortaça sanynyň on göteriminden, uzak we barmasy kyn ýerlerde bolsa on bäş göteriminden geçmeli däldigi bellenildi.

  Saýlaw uçastoklary: 2008-nji ýyla çenli saýlaw uçastoklary 20-den 3000-e çenli saýlawçy sany bilen döredilýärdi. 2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynda ilkinji gezek saýlaw uçastoklary 20-den    2000-e çenli saýlawçy sany bilen döredildi.

Saýlaw toparlary:  2007-nji ýylda welaýat, Aşgabat şäher we etrap, şäher saýlaw toparlarynyň hemişelik hereket edýändigi, 2014-nji ýylyň      16-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň hemişelik hereket edýändigi, 2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň hemişelik hereket edýändigi kesgitlenildi. Munuň özi ýurdumyzda ähli derejeli saýlaw toparlarynyň hemişelik hereket edýändigini görkezýär.

Şeýle-de, welaýat, Aşgabat şäher, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň hemmesiniň degişli möhürler we möhürçeler bilen üpjün edilendigini hem belläp geçmek bolar.

Saýlawlar gününden öň ses bermek: 2010-njy ýyla çenli bolan döwürde, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçy ses berende saýlawçynyň pikirini hasaba alyş kagyzçasynda bellik edýärdi. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul edilen «Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, saýlawlar güni öz ýaşaýan ýerinde bolup bilmejek saýlawçynyň saýlaw býulleteni esasynda ses berýändigi düzgünleşdirildi.

Dalaşgärleri hödürlemegiň we bellige almagyň möhleti: 2011-nji ýyla çenli, dalaşgärleri hödürlemek saýlawlara 45 gün galanda başlanýardy we 30 gün galanda tamamlanýardy, dalaşgärleri bellige almak saýlawlara 35 gün galanda başlanýardy we 25 gün galanda  tamamlanýardy.

2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary hakynda» Türkmenistanyň kanuny esasynda, dalaşgärleri hödürlemegiň saýlawlara 60 gün galanda başlanýandygy we 30 gün galanda tamamlanýandygy, dalaşgärleri bellige almagyň saýlawlara 45 gün galanda başlanýandygy we 25 gün galanda  tamamlanýandygy kesgitlenildi.

2013-nji ýylyň 4-nji maýynda tassyklanylan we şol ýylyň 1-nji iýulyndan güýje giren Türkmenistanyň Saýlaw kodeksinde diňe dalaşgärleri bellige almagyň başlanýan wagty uzaldy, ýagny dalaşgärleri bellige almagyň saýlawlara 50 gün galanda başlanýandygy we 25 gün galanda  tamamlanýandygy bellenildi.

Dalaşgärler barada aýdylanda, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, dalaşgärleriň öz saýlaw okrugynyň çägindäki saýlaw uçastoklarynyň her birine bir milli synçy belläp bilýändiginiň düzgünleşdirilendigini hem nygtamak bolar.

Şeýle-de, ozal dalaşgärleri hödürlemek hukugynyň saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişlidi. 2016-njy ýylyň 15-nji oktýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bolsa, dalaşgärleri hödürlemek hukugy saýlawlaryň bellenen gününe çenli bellige alnan syýasy partiýalara, şeýle hem raýatlaryň toparlaryna degişli edildi.

2017-nji ýylyň 25-nji noýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda «Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär» diýlip bellenildi.

Şonuň esasynda, ilkinji gezek 2018-nji ýylyň 25-nji martynda dört derejeli saýlawlar bir günde, ýagny bir senede geçirildi.

 

Saýlaw ulgamynda ilkinji durmuşa ornaşdyrylan çäreler barada hem bellenilip geçilse ýerlikli bolar.

2008-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň deputatlarynyň saýlawlarynda saýlawçylar öňki ýaly garşysyna ses berýän dalaşgärleriniň familiýalarynyň üstüni çyzman, ilkinji gezek, tarapyna ses berýän dalaşgärleriniň familiýasynyň deňinde bellik etdiler.

Mundan başga-da, şol saýlawlarda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynda we konsullyklarynda hem ilkinji gezek saýlaw uçastoklarynyň 27-si döredilip, saýlawçylaryň ses bermekleri üpjün edildi.

2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ilkinji gezek saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde bir görnüşli saýlaw kabinalary we saýlaw gutulary ulanyldy.

2016-njy ýylda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň www.saylav.gov.tm atly internet-saýty döredildi we işe girizildi.

 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ilkinji gezek braýl harplarynda ýazylan saýlaw býulletenleri çap edilip, görüş ukyby pes bolan raýatlarymyz üçin  ses bermek mümkinçiligi döredildi.

Şunuň bilen birlikde hem saýlawlarda gollanmalar we ýatlamalar ilkinji gezek üç dilde (türkmen, rus, iňlis dillerinde) taýýarlanyldy.

2018-nji ýylyň 25-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynda ilkinji gezek Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlarymyzdaky saýlaw uçastoklarynyň onlarçasynda ýörite kameralar gurnalyp, on-line düzgüninde saýlawçylaryň ses berişleri internet arkaly Merkezi saýlaw toparynyň saylav.gov.tm atly saýtynda ilata görkezildi we oňa ýüz-müňlerçe raýat seretdi.

Şeýle-de, şol saýlawlarda ilkinji gezek saýlaw uçastoklarynyň ählisinde saýlaw gutulary ýörite taýýarlanylan esbaplar arkaly bellenilen tertipde möhürlenildi. Ýagny, saýlaw gutulary möhürlenende «saýlaw uçastogy» diýlen ýazgyly ýelimli kagyz we gutynyň agzyny daňmak üçin plastikden hamyt hem-de şol hamyda dakylýan «saýlaw uçastogy» diýlen ýazgyny  ulanmak ýola goýuldy.

Bu aýdylyp geçilen anyk mysallar ýurdumyzyň saýlaw kanunçylygynyň döwrebap derejede yzygiderli kämilleşdirilmeginiň ösüş ýolunyň halkara derejesinde ählumumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere esaslanýandygyny we barha giň gerime eýe bolýandygyny subut edýär.

A.Gandymow,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi