TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

SAÝLAWLY DEMOKRATIÝANYŇ DABARALANMASY

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisine

Eziz Watanymyzda soňky ýyllarda durmuşa geçirilýän çuň demokratik özgertmeler  türkmen jemgyýetiniň hil taýdan ösüp, kämilligiň täze derejelerine  göterilmegini üpjün etdi. Ýurtda demokratik ösüşiň esasy bolan syýasy köpdürlüligiň – köp partiýalylygyň döremegine, dürli gatlaklaryň pikirlerine çuň hormat goýulmagyna getirdi. Diýarmyzda amal edilýän jemgyýetçilik-syýasy çäreler barada aýdylanda bolsa, milli Liderimiziň pähim-parasatly we öňdengörüjilikli syýasaty esasynda dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi, agzybirligi öňe sürýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň özüniň syýasy durmuşynda halkara derejesinde ykrar edilýän hem-de raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýoluny saýlap alandygyny buýsanç bilen aýratyn nygtamak gerek.

Merdana ata-babalarymyzyň, beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlary hasyl bolup, türkmen halky özüniň berkarar döwletini gurdy. Bilişimiz ýaly, halkymyzyň arasynda «Owal akan ýerden akarmyş aryk» diýen filosofiki manyly pähim bar. Elbetde, munuň şeýledigini biziň häzirki syýasy durmuşymyzdan hem görmek bolýar.

Hormatly Prezidentimiz özüniň taryhy çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli işlere çemeleşilende ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgelerinden ugur alynmalydygyny nygtaýar. Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň jümmüşine aralaşyp gidýän baý taryhy bar. Türkmenler adalata, milli demokratik gymmatlyklara aýratyn gadyr goýýan halk hökmünde tanalypdyr.

Oguz han atamyzyň eýýamyndan başlanýan gadymy, baý taryhymyza nazar aýlasaň, zanny, erki hem durky demokrat ata-babalarymyzyň öten eýýamlarda hem halk häkimiýetlilik ýörelgelerine berk eýerendiklerini görmek bolýar.

Özüniň millilik aýratynlyklary bilen halkymyzyň arasynda meşhurlyga eýe bolan we söýgüsini gazanan «Şükür bagşy» kinofilminde «Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonçada filosofiýa bar» diýlip aýdylyşy ýaly, aslynda, biziň ata-babalarymyz halk häkimiýetlilik ýörelgelerine, halk demokratiýasyna – halkyň erk-islegine uly hormat goýupdyrlar. Munuň şeýledigini «Halk aýtsa, galp aýtmaz», «Iliň güýji – siliň güýji» we «Il agzy – keramat», ýa-da «Ilim-günüm bolmasa, aýym-günüm dogmasyn» ýaly atalar sözlerinden hem görmek bolýar.

Döwleti dolandyrmagyň häzirkizaman kadalary hem ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen gadymy ýol-ýörelgelere esaslanýar. Biziň halkymyzyň «Könesi bolmadygyň, täzesi bolmaz» diýip örän jaýdar aýdyşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem özüniň taryhy köklerini biziň ata-babalarymyzyň kämil tejribeleri esasynda kemala gelen demokratik ýörelgelerinden alyp gaýdýandygyny belläp geçsek ýerlikli bolar. Munuň şeýledigini bolsa taryhy senelere ser salmak arkaly bilmek bolýar.

Ýazyjy Ýazmyrat Mämmediniň «Beýik Seljukly» romanynyň üçünji kitabynyň «Malazgirt arslany» diýlen birinji babynyň «Beýik gurultaý» atly bölümini okanyňda, hakykatdan hem türkmenleriň aslynyň demokrat halk bolandygyna magat göz ýetirmek bolýar.

Bu bölümde: «Dandanakan söweşinden köp wagt geçmänkä ýeňiji Seljuklar özleriniň uly Gurultaýyna ýygnandylar. Bu, dogrusy, türkmenleriň, indi Beýik Seljukly döwletiniň gurultaýydy – iň Baş ýygnagydy. Gurultaýa Seljuk maşgalasynyň ähli erkek kişileri, neberäniň ýaşululary, Seljukly goşunynyň serkerdeleri gatnaşýardylar. Gurultaýyň beýemçileri Togrul Beg bilen Çagry Begdi.

Gurultaýda hemme zatdan öňürti, adatdan daşary wajyp bir gürrüň boldy. Dogrusy, döwlet gurmak hem-de onuň dolandyryş gurallaryny döretmek meselelerinden hem öňürti. Hakykatdan hem bu meseleler üsti bir gürrüňdi. Ol düýp Töräniň öňe çykaran bir zerurlygydy. Döwlet başynda durmaly adamlaryň Agzybirligi hem-de Bütewilik! Iň derwaýys zat hökmünde kabul edilmeli zat – öňi bilen şudy. Iň derwaýys zat hökmünde! Ondan soň ähli beýleki zatlar» diýen taryhy setirler Togrul Beg we Çagry Beg döwründe il-ýurt, döwlet bähbitli meseleleriň açyk we aýdyň, demokratik şertlerde, halkyň wekilleri bilen geňeşmek arkaly çözülendigini äşgär edýär.

Şonuň ýaly, türk taryhşynasy Mehmet Saraýyň «Türkmen taryhy» atly kitabynda türkmenleriň demokratiýasy – halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, saýlawly we wekilçilikli syýasy durmuşy, döwleti adalatly dolandyrmagyň gurluşy barada şeýle maglumatlar beýan edilýär:

«Türkmen Parlamenti we olaryň işleýşi örän gyzykly. Her bir taýpanyň aksakgallary, baştutanlary, işanlary we mollalary şolaryň kiçi parlamentinde deň derejede wekilçilik edipdirler. Her bir oba baý-u-garyp diýmän, abraýly adamlardan öz Maslahatyny saýlapdyr we şu Maslahatyň karary bütin mähelle tarapyndan kabul edilipdir we oňa garşy çykylmandyr.

Şeýle Maslahatda diňe bir hüjüm etmek we goranmak çäreleri bilen baglanyşykly syýasy meseleleri çözmek bilen çäklenilmeýärdi, eýsem şeýle-de içerki syýasatyň we umumy kanunçylygyň meseleleri we her günki gatnaşyklarda ýüze çykýan köp-köp adalat meseleleri hem çözülýärdi.

Şol Maslahatlarda hemme kararlar gatnaşyjylaryň diňe biragyzdan ses bermegi bilen kabul edilýärdi...».

Türkmen halkynyň beýik geçmişine degişli bolan bu taryhy mysallar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geňeşli mejlisiniň öz demokratik köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär edýär.       

Ýurdumyzda öňden bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Mejlisi, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlary we Geňeşler wekilçilikli edaralar bolup durýarlar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi bilen bolsa, şol wekilçilikli edaralaryň sany ýene-de köpeldi. Şonuň netijesinde hem halkyň erkin pikiri, erk-islegi esasynda döwleti dolandyrmaga gatnaşmagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi giňeldildi.

Munuň özi Konstitusiýamyzyň 3-nji maddasynda bellenilen «Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar» diýlen şertleriň berjaý edilýändigini görkezýär.

Şonuň bilen birlikde hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 1948-nji ýylda kabul edilen «Adam hukuklarynyň ählumumy jarnamasy» esasynda berkidilen hukuk kepillikleriniň, şol sanda «Halkyň erk-islegi hökümetiň häkimiýetiniň esasy bolmaly...» diýlen demokratik ýörelgäniň ýurdumyzda ýerine ýetirilýändigini görmek bolýar.

Sözüň doly manysynda aýdanymyzda bolsa, milli Liderimiziň ynsanperwer başlangyçlary esasynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Esasy kanunynyň – Konstitusiýasynyň hukuk kepillikleriniň, şeýle hem gol çekilen halkara şertnamalarynyň kadalarynyň berjaý edilýändiginden, ýurdumyzda raýat hukugyny goramagyň dünýäniň talaplaryna laýyk derejede guralýandygyndan hem habar berýär.

«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny bu wekilçilikli edaranyň işini düzgünleşdirýän kanunçylyk binýadydyr.

Konstitusion kanunyň 10-njy maddasy esasynda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary bellenilendir. Şol ygtyýarlyklaryň hatarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyny,  Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garamak hem-de makullamak; döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna,  şeýle hem ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak we makullamak; Türkmenistanyň Prezidentiniň her ýylky Ýüzlenmelerini diňlemek; parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak; Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrmak ýaly ugurlaryň bolmagy döwlet dolandyryşynyň milli demokratik häsiýetidir.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda bolup geçýän beýik ösüşleriň amala aşyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň birinji mejlisini 2018-nji ýylyň 24 — 25-nji sentýabrynda gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň ajaýyp binalarynyň biri bolan Ruhyýet köşgünde geçirmeklik bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde Halk Maslahatynyň birinji mejlisini ýokary guramaçylykly geçirmek meselesine ünsi çekmeginiň we bu mesele boýunça degişli tabşyryklary yzygiderli berip durmagynyň özi hem öňümizdäki umumymilli forumyň ýurdumyzyň syýasy durmuşynda örän uly ähmiýete eýe boljakdygyny äşgär edýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine Konstitusion kanunda bellenilen we saýlaw geçirilmezden girýän ygtyýarly wekiller bilen bir hatarda welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly jemgyýetçilik köpçüliginiň arasyndan saýlanylýan agzalar hem girýärler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu agzalary bolsa syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň toparlary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan geçirilýän ýygnaklarda ara alyp maslahatlaşmak we açyk ses bermek arkaly hödürlenilýär.

Şu ýerde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň toparlary, şeýle hem raýatlaryň toparlary tarapyndan Halk Maslahatynyň düzümine jemgyýetçiligiň wekillerini hödürlemek işleriniň aýanlykda geçirilendigini, ýagny bu işleriň ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde alnyp barlyşy barada köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilata yzygiderli habar berlip durlandygyny aýratyn bellemek gerek.

Munuň özi bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň habar kepillikleriniň doly manysynda berjaý edilýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine goşuljak şol we­killer bäsleşik esasynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar. Ses bermegiň netijelerine laýyklykda bolsa, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girjek jemgyýetçiligiň we­killeri kesgitlenilýär.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleriniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak häsiýetlerine eýe bolmagy, şonuň netijesinde hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmaklarynyň üpjün edilmegi halk häkimiýetiniň bu ýokary wekilçilikli edarasynyň aýratyn bellenilip geçilmäge mynasyp bolan demokratik aýratynlygydyr.   

«Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip yglan edilen şu ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşjak wekilleriň aglabasynyň welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary tarapyndan gizlin ses bermek arkaly saýlanylmagy bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan saýlawly demokratiýanyň we halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň  nobatdaky dabaralanmasy bolup taryha girer.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, bu mejlisde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny döwrüň talabyna laýyk derejede ösdürmegiň, ony kämilligiň täze derejelerine götermegiň möhüm meselelerini ara alnyp maslahatlaşmak hem göz öňünde tutulýar.

        Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşymyzyň has-da demokratiýalaşmagyna, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklarynyň ösüşiniň döwrebap derejede we halkara kadalaryna laýyklykda kämilleşdirilmegine ýakyndan ýardam berip, öz agzybir, merdana, zähmetsöýer halkyny demokratik ýol bilen bagtyýar geljege alyp barýan milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarys.

Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň belent bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.

 

Amangeldi GANDYMOW, 
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary
geçirmek baradaky Merkezi toparyň kätibi.