TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BARADAKY MERKEZI TOPAR

02 Dek

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etmek ygtyýarlygy Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topara degişlidir.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň 2017-njy ýylyň 2-nji dekabrynda kabul eden karary esasynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň 2017-njy ýylyň 4-nji dekabryndan başlanýandygy yglan edildi.

Saýlaw möwsüminiň başlanýandygy hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ilatyň dykgatyna ýetirildi.

20 Mart
Ynsanperwerligiň, gözelligiň baýramy

Pederlerimizden miras galan Milli bahar baýramymyz, Nowruz diňe bir bahar baýramy bolmak bilen çäklenmän, eýsem gözelligiň gözbaşy, milli däp-dessurlaryň özboluşly hazynasy, gözel ýaşaýyşyň ýaraşygy,...

13 Mart
Ýazky bag ekmek möwsümi

Biziň ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümini guramaçylykly geçirmek  indi özboluşly däbe öwrülip gitdi. Bahar paslynyň  gelmegi bilen obadyr kentlerimizde her bir ynsan dürli bag nahallaryny  ekmek bile...

04 Mart
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen Täjigistan Respublikasynyň Majlisi Oliniň Majlisi namaýandagonyň (parla...

24 Few
Hoş habar

2020-nji ýylyň 18-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň birnäçe orunbasarlarynyň we käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirende, ýurdumyza...

12 Few
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2020-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň deputatlarynyň nobatdan d...

21 Ýan
2020-nji ýyl — «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly

Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýip yglan etdi. Munuň diňe biziň ýurdumyzyň halky üçin däl-de, eýsem  tutuş  dünýäniň halklary üçin hem özboluşly, simw...

26 Dek
Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjileri Merkezi saýlaw toparynda

Hormatly Prezidentimiziň pähim-parasatly, öňdengörüji başlangyçlary, nesihatlary we tabşyryklary esasynda, saýlawlary geçirmegiň halkara tejribelerini, saýlaw ulgamynyň ugurlaryny, saýlaw toparlarynyň...

26 Dek
Halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri 2019-njy ýylyň 22-nji dekabrynda geçirilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlary...