TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

24 Dek

BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. 

Duşuşyga Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygy Gulmyrat Myradow we BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç hem-de beýleki degişli adamlar gatnaşdylar. Duşuşygy G.Myradow açyp, şu duşuşyga gelendikleri üçin BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekillerine öz hoşallygyny bildirdi.

G.Myradow Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda hyzmat-daşlyk etmek barada gol çekilen «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, halkara bilermenleri tarapyndan   degişli okuw maslahat-larynyň guramaçylykly geçirilendigini, Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň wekilleriniň, we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň wekiliniň Ermenistan Respublikasynyň Ýerewan şäherinde saparda bolandyklaryny, şeýle-de, Merkezi saýlawlary toparynyň internet-saýtyny (saylav.gov.tm) kämilleşdirmek boýunça uly işleriň geçirelendigini kanagatlanma bilen nygtady. Şeýle hem ol halkara bilermenleriniň alyp barmagynda geçirilen okuw maslahatlaryna saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de welaýatlardan hem wekilleriň gatnaşandygyny belledi.  

Munuň özi  geçirilen okuw maslahatlarynyň mundan beýläk-de, ýurdumyzda saýlawlary halkara ülňülerine laýyklykda, demokratik ýörelgeler esasynda geçirmekde oňyn ähmiýetiniň boljakdygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Soňra T.Paowiç 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasyndaky çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, BMGÖM we Türkmenistanyň merkezi saýlaw topary bilen bilelikde alyp barlan işleriň jemi barada aýdan sözleri üçin, Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysyna hoşallygyny bildirdi. Şu nukdaýnazardan, saýlaw ulgamynda ýola goýlan şunuň ýaly hyzmatdaşlygy geljek ýyllarda hem dowam etdirmegiň ähmiýetli boljakdygyny aýtdy.

Soňra, Taslama resminamasynyň amala aşyrylmagyna ýardam berýän programma menejeri L.Artykowa Taslama resminamasynyň meýilnamasyna laýyklykda amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

G.Myradow duşuşygyň ahyrynda T.Paowiçe we myhmanlara duşuşyga gatnaşandyklary üçin ýene bir gezek öz hoşallygyny bildirdi we işlerinde üstünlik arzuw edip, duşuşygy jemledi.

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...

02 Dek
Täze döredilen etraplaryň saýlaw toparlary döredildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...

28 Noý
Täze belentlikleri nazarlaýan türkmen-gazak hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...

20 Noý
Saýlaw ulgamynda halkara tejribesi öwrenilýär

Hormatly Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi barha giňeýär. Hormatly Prezidentimiziň rugsat bermegi esasynda hem-de saýlawlary g...

10 Noý
«Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammit

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 4-7-nji noýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz ABŞ-nyň Prezidenti...