TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

04 Dek

Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2025-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Gyrgyz Respublikasynyň  Žogorku  Keneşiniň  deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.

Türkmenistandan halkara synçy bolup gatnaşan wekiller Gyrgyz Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlarda sanly ulgamyň ähmiýeti, saýlawlar hakyndaky kanunçylyk bilen tanyşdylar. Şeýle-de saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.  

Saýlawlar Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasy, «Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary we Gyrgyz Respublikasynyň  Žogorku Keneşiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda» Konstitusion kanuny we saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.

Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 30 sany okrug we 2 619 sany uçastok (şol sanda uzakdan ses bermek üçin 27-si we daşary ýurtlarda 100 sany) saýlaw toparlary guradylar.

Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 20:00-a çenli geçirildi.

Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, 4 million 294 müň 243 saýlaw hukukly saýlawçy hasaba alnypdyr. Saýlawlarda 90 mandat üçin dalaşgärleriň 460-sy bäsleşdi.

Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşan Türkmenistan döwletiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy T.U.Şaýnazarow bilen duşuşdylar. Şeýle-de, şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary I.W.Petrişenkonyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.

08 Ýan
Ýurdumyzda döredilen täze etraplarda halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlary geçiriler

Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji, 85-nji we 87-nji maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2026-njy ýylyň 7-nji ýanwarynda çykaran karary bilen:  Ahal welaýatynyň Altyn asyr etrabynyň,...

06 Ýan
Täze Kanun güýje girdi

2025-nji ýylyň 28-nji iýunynda «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanuny kabul edildi. Kanun 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizildi. Şeýlelik bilen, «Garaşsyz,...

25 Dek
Okuw maslahatlary geçirildi

Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...

25 Dek
Sankt-Peterburgda GDA agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygy geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...

24 Dek
BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...

23 Dek
«Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...

10 Dek
Okuw maslahaty geçirildi

2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...

04 Dek
Saýlaw ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...