2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary bilen BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «Zenanlaryň ýurduň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny artdyrmak boýunça wagtlaýyn ýörite çäreler» atly okuw maslahaty geçirildi.
BMGÖM-niň «Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmakda ýardam etmek» atly 2024-2025-nji ýyllar üçin Taslama resminamasynyň çäklerinde geçirilen okuw maslahatyna Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň edarasynyň hünärmenleri, welaýat, Aşgabat we Arkadag şäher saýlaw toparlarynyň hem-de degişli etrap saýlaw toparlarynyň, syýasy partiýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň açylyşynda BMGÖM-niň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Tomisa Paowiç we Türkmenistanyň merkezi saýlaw toparynyň başlygynyň orunbasary A.Gandymow çykyş etdiler. BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň wekili Türkmenistanyň ýurtda demokratik institutlaryň işini has-da kämilleşdirmek, halkara tejribeleri özleşdirmek, dünýä ülňülerini ilerletmek babatdaky tagallalaryna goldaw berilmegini mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.
Soňra, aýallaryň deňligi dünýewi döwletimizdäki demokratik saýlaw ulgamynda hem öz beýanyny tapdy we olaryň syýasy işjeňligi barha artýar. Aslynda gender deňliginiň üpjün edilmegi hukuk jemgyýetiniň ösen derejesini alamatlandyrýan esasy görkezijileriň biri bolup, ol deňhukuklylyk ýörelgesine daýanýan raýat jemgyýetini gurmaga çalyşýan ýurtlara häsiýetlidir diýip, A.Gandymow belledi.
Halkara saýlaw ýörelgeleri we ülňüleri, şunda saýlawçylar, dalaşgärler ýa-da saýlaw işlerini dolandyryjylar hökmünde zenanlaryň hukuklary barada dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen tanyşdyrmak maksadyndan ugur alnyp geçirilen okuw maslahatyny Moldowa Respublikasyndan gelen halkara bilermen Renata Lewowski alyp bardy.
Işjeňlik ýagdaýynda geçirilen okuw maslahatynyň dowamynda Merkezi Aziýa we Gündogar Ýewropa ýurtlarynyň tejribesi baradaky maglumatlardyr mysallar beýan edildi. Şeýle-de zenanlaryň ýurduň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna gatnaşygyny artdyrmak babatda syýasy partiýalaryň, raýat jemgyýetiniň eýeleýän ornunyň ähmiýeti barada giňişleýin düşünje berildi. Şeýle hem bu barada okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň hem pikirleri, garaýyşlary diňlenildi. Okuw maslahatynyň barşynda gyzykly sowal-jogaplar alşyldy.
Halkara bilermen okuw maslahatyna gatnaşan wekilleriň işjeňlik görkezendiklerini aýratyn belläp, munuň üçin olara sagbolsun aýtdy.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda geçirilen bu okuw maslahatyna gatnaşyjylar BMGÖM-sy bilen saýlaw ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýdyp, öz hoşallyklaryny bildirdiler.
Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyzy we Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, ähli türkmen halkyny hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...