Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň wekili hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili 2025-nji ýylyň 30-njy noýabrynda geçirilen Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň deputatlarynyň saýlawlaryna Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletlerden düzülen halkara synçylar wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistan döwletinden halkara synçy bolup gatnaşdylar.
Türkmenistandan halkara synçy bolup gatnaşan wekiller Gyrgyz Respublikasynyň saýlaw ulgamynyň işi, saýlawlarda sanly ulgamyň ähmiýeti, saýlawlar hakyndaky kanunçylyk bilen tanyşdylar. Şeýle-de saýlaw uçastoklarynda ses bermegiň geçirilişine syn etdiler.
Saýlawlar Gyrgyz Respublikasynyň Konstitusiýasy, «Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary we Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň deputatlarynyň saýlawlary hakynda» Konstitusion kanuny we saýlawlara taýýarlyk görlüşini we onuň geçirilişini düzgünleşdirýän beýleki kanunçylyk namalary, şeýle hem Merkezi saýlaw toparynyň kararlary esasynda geçirildi.
Saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek işlerini Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw topary, 30 sany okrug we 2 619 sany uçastok (şol sanda uzakdan ses bermek üçin 27-si we daşary ýurtlarda 100 sany) saýlaw toparlary guradylar.
Saýlawlar güni saýlaw uçastoklarynda ses bermek ýerli wagt bilen sagat 08:00-dan 20:00-a çenli geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemi baradaky habaryna görä, 4 million 294 müň 243 saýlaw hukukly saýlawçy hasaba alnypdyr. Saýlawlarda 90 mandat üçin dalaşgärleriň 460-sy bäsleşdi.
Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň deputatlarynyň saýlawlaryna syn etmäge gatnaşan Türkmenistan döwletiniň wekilleri 2025-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy T.U.Şaýnazarow bilen duşuşdylar. Şeýle-de, şol gün ses bermek tamamlanandan soňra, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretarynyň orunbasary L.W.Petrişenkonyň GDA gatnaşyjy döwletleriň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bilen geçiren geňeşine-de gatnaşdylar.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...
On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...
Under the wise leadership of our esteemed President, scale of our country’s cooperation with prestigious international organizations is increasingly expanding. With permission of our esteemed Presiden...
From November 4 – 7, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the United States of America. At the invitation of US President Donald Trump, our esteemed President too...
On November 2, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov made a working visit to the Balkan velayat. Our Arkadagly Hero Serdar participated in the laying ceremonies for a carbamide production com...
On October 24-25, 2025, at the invitation of the President of Italy Sergio Mattarella, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a visit to the friendly Italian Republic. The relations betw...
On October 20, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov got acquainted with the progress of construction of the Turkmen...