CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

30 Oct

Türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça, ol ýerde geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy.

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda aýratyn häsiýete eýe bolan özara gatnaşyklaryň ulgamy kemala geldi. Türkiýe Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sebit parahatçylygyny we durnuklylygyny üpjün etmegiň netijeli guraly hasaplanýan Bitaraplyk derejesini iki gezek goldan ýurtdur.

Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde, Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ýurduň ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň aramgähine (Anytkabir) bardy hem-de bu ýerde gül goýmak çäresine gatnaşdy. Şeýle-de, Ankaranyň iň gözel we döwrebap seýilgäh toplumy bolan «Dikmen Wadisinde» ýerleşýän «Türkmenistan» seýilgähine baryp, bu ýerde oturdylan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň etegine ajaýyp gül dessesini goýdy.

  Döwlet Baştutanymyzyň Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşyp, eden çuň manyly çykyşynda: «Biz iki ýurduň işewür adamlarynyň duşuşyklaryny yzygiderli geçirip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlarynydyr mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşýarys. Şu duşuşykda hem netijeli gepleşiklerimizi dowam etdirmegi maksadalaýyk hasaplaýarys. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlerimize hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynanýaryn. Türkmenistanda dürli senagat pudaklarynda, medeni-durmuş ugurlarynda giň möçberli taslamalaryň meýilleşdirilýändigini bellemek gerek. Olar innowasiýalara we ýokary tilsimatlara esaslanýan inženerçilik pikirlerini, baý tehniki tejribeleri, ussatlygy talap edýär. Şonuň üçin biz agzalan taslamalary, aýratyn-da, döwrebap «akylly» şäher ýörelgelerine laýyklykda bina ediljek «Aşgabat-siti» konsepsiýasyny we Arkadag şäherinde guruljak senagat klasterini bilelikde işlemek üçin Türkiýäniň işewür toparlaryny Türkmenistana çagyrýarys» diýip aýtdy.

Forumyň jemleri boýunça türkmen we türk telekeçileriniň arasynda dürli ulgamlarda, şol sanda gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi, obasenagat toplumy, azyk senagaty pudagy, ugurdaş enjamlary satyn almak babatda birnäçe resminamalara gol çekildi.

Hormatly Prezidentimiz «Aksaraý» köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Baştutany bilen ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki gepleşikleri geçirdi.

Türk Lideri Türkiýäniň ýurdumyz bilen giň möçberli strategik hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklap, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine goşan ägirt uly goşandyny belledi hem-de Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow özüniň döwlet Baştutany hökmünde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrýan ilkinji resmi saparynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda netijeli boljakdygyna ynanýandygyny belledi. Bu gezekki saparyň Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýiniň belleniljek gününiň öňüsyrasynda bolmagynyň uly many-mazmuna eýedigini belläp, döwlet Baştutanymyz Prezident Rejep Taýyp Ärdogany bu şanly baýram bilen gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, doganlyk türk halkyna bolsa täze ýüzýyllykda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda üstünlikli ösdürilýän gatnaşyklarymyz häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we talaplaryny hasaba almak bilen, yzygiderli, ulgamlaýyn esasda berkidilýär. Hormatly Prezidentimiz iki ýurduň söwda-ykdysady ugurda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy alyp barýandyklaryny, hususan-da, energetika, ulag, maýa goýumlar, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlary mundan beýläk-de ösdürmäge, hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini işe girizmäge, söwda dolanyşygyny deňagramly görnüşde ýokarlandyrmaga türkmen tarapynyň taýýardygyny beýan etdi.

Özara düşünişmek we oňyn ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň giň ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Soňra sowgatlary gowşurmak dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdogana Gardaş atly türkmen alabaýyny sowgat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, eýesine wepaly, batyr alabaýlar asyrlaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dosty hem-de hemrasy, ygtybarly goragçysy, kömekçisi bolupdyr. Häzirki günde alabaýlar halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegidir.

Pursatdan peýdalanyp, öz gezeginde, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan hem hormatly Prezidentimize anadoly kangal tohumly iki sany ajaýyp güjüjegi sowgat berdi.

Soňra iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda   gepleşikler giňeldilen düzümde dowam etdi.

Giňeldilen düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmesiniň ahyrynda gazanylan ylalaşyklaryň we gol çekilen resminamalaryň köpugurly türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine täze itergi berjekdigine hem-de doganlyk ýurtlarymyzyň bähbitlerine, abadançylygyna hyzmat etjekdigine berk ynam bildirdi.

13 Oct
The second “Central Asia – Russia” summit and meeting of the CIS Council of Heads of State took place

On October 9–10, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tajikistan. At the invitation of the President of Tajikistan Emomali Rahmon, our He...

08 Oct
XII Summit of Heads of State of the Organization of Turkic States took place

On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...

25 Sept
Turkmenistan – United Nations: Benevolent cooperation aimed at peace

Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...

18 Sept
A meeting was held with the OSCE delegation

A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...

09 Sept
Opening of a new glass container manufacturing plant

During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...

04 Sept
Turkmenistan-China: friendly relations are developing

From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...

03 Sept
A new educational institution has been opened in our country

On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...

28 Aug
Letter of thanks from the UN Secretary General

A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...