CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

14 Mar

Türki Döwletleriň Guramasynyň paýtagtymyzda geçirilen Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy has-da ösdürmek işleri ata Watanymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän eziz Diýarymyzyň at-abraýy ýer ýüzünde barha belende göterilýär.

Ynha, bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 11–12-nji martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.

Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, şeýle hem Aksakgallar geňeşiniň agzalary Medetkan Şerimkulow Gyrgyz Respublikasyndan, Ikram Adyrbekow Gazagystan Respublikasyndan, Sodikžon Turdiýew Özbegistan Respublikasyndan we Attila Tilki Wengriýadan gatnaşdy.

Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň ählisine: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldandyklary we ýurdumyza gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezzekki geçirilýän mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.

Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi. TDG-niň maslahat beriji edarasynyň ýolbaşçysy guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigi belledi. Binali Ýyldyrymyň nygtaýyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyza çakylygy we mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz TDG-niň Baş sekretaryna we agzalaryna söz berdi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip,  eden çuň manyly çykyşynda: «Men Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär. Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr» diýip belledi.

Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýaşulular 2024-nji ýylda türki döwletlerde beýik akyldar şahyr we ylym-bilimi ýaýradyjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegini gutladylar. Beýik söz ussadynyň eserleri ähli türki dünýäniň baýlygy we türki halklara mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň, raýat edermenliginiň beýany bolup durýar. Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.

Şeýlelikde, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň köpugurly işewürlik merkezli bolan «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.

25 Dec
Training seminars were held

In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...

25 Dec
An informal meeting of the Heads of State of the CIS member states was held in Saint Petersburg

On December 22, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country Russian Federation. Our esteemed President participated in the unofficial high-level sum...

24 Dec
Meeting Held with Representatives of the UNDP Office in Turkmenistan

On December 22, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Elections and Referendums in Turkmenistan with representatives of the United Nations Development Programme (UNDP) O...

23 Dec
The First “Central Asia-Japan” Dialogue Summit

On December 17-20, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to Japan. The head of state participated in the first “Central Asia-Japan” dialogue summit held in Tokyo....

10 Dec
A training seminar was held

On December 8-9, 2025, a training seminar on “Temporary special measures to enhance women’s participation in public and political life” was held in the building of the United Nations Development Progr...

04 Dec
International cooperation in the election system

In accordance with commissions and directions of the esteemed President of Turkmenistan to study international experience in organizing and holding elections, representative of the Central commission...

02 Dec
Election commissions of the newly formed etraps have been formed

During in the Era of Revival of a new epoch of the powerful state, tasks set out in the “Program of the President of Turkmenistan for the socio-economic development of the country for 2022-2028” and “...

28 Nov
Turkmen-Kazakh cooperation – is strengthening and reaching new heights

On November 24-25, 2025, President Serdar Berdimuhamedov paid state visit to the neighboring Republic of Kazakhstan. Relations between Turkmenistan and Kazakhstan characterized by a strategic partn...