Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlygy has-da ösdürmek işleri ata Watanymyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bitaraplyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän eziz Diýarymyzyň at-abraýy ýer ýüzünde barha belende göterilýär.
Ynha, bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 11–12-nji martynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) Aksakgallar geňeşiniň agzasy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi geçirildi.
Aksakgallar geňeşi maslahat beriji edara bolup, onuň düzümine Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň görnükli jemgyýetçilik işgärlerinden saýlanan ýaşulular girýär. Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyldan bäri ýurdumyz TDG-de synçynyň derejesine eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu geňeşiň agzasydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen mejlise Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym, Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Omuraliýew, şeýle hem Aksakgallar geňeşiniň agzalary Medetkan Şerimkulow Gyrgyz Respublikasyndan, Ikram Adyrbekow Gazagystan Respublikasyndan, Sodikžon Turdiýew Özbegistan Respublikasyndan we Attila Tilki Wengriýadan gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyz mejlise gatnaşyjylaryň ählisine: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana hoş geldiňiz!» diýip, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi goldandyklary we ýurdumyza gelendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de olary mukaddes Oraza aýynyň başlanmagy bilen gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri şu gezzekki geçirilýän mejlisiň hem türki döwletleriň arasynda alnyp barylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirip, onuň hyzmatdaşlygy giň ugurlar boýunça baýlaşdyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de bu babatda pikir-garaýyşlary beýan etmek nukdaýnazardan peýdaly boljakdygyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisini açyk diýip yglan edip, ilki bilen, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma söz berdi. TDG-niň maslahat beriji edarasynyň ýolbaşçysy guramanyň Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň ilkinji gezek TDG-de synçynyň derejesine eýe bolan döwletde geçirilýändigi belledi. Binali Ýyldyrymyň nygtaýyşy ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza we synçy ýurtlaryň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlyk onuň işine saldamly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyza çakylygy we mähirli myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Soňra Gahryman Arkadagymyz TDG-niň Baş sekretaryna we agzalaryna söz berdi. Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Gahryman Arkadagymyz ýygnananlara ýüzlenip, eden çuň manyly çykyşynda: «Men Aksakgallar geňeşiniň örän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Geňeş türki halklary asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý taryhy mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň we ahlak sütünlerimiziň töweregine jebisleşdirmäge ýardam berýär. Aksakgallar geňeşi Türki Döwletleriň Guramasynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işinde parasatly kömekçi we maslahatçydyr. Biziň durmuş tejribämiz, bilimimiz döwlet derejesinde oýlanyşykly, öňdengörüjilikli çözgütleriň kabul edilmegine, içerki we halkara durmuşyň dürli soraglaryna dogry baha bermäge ýardam edýär. Ýaşlarymyzy terbiýelemekde, olara dogry ýoly salgy bermekde bu geňeşiň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bardyr» diýip belledi.
Mümkinçilikden peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyz hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ýaşulular 2024-nji ýylda türki döwletlerde beýik akyldar şahyr we ylym-bilimi ýaýradyjy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýram edilmegini gutladylar. Beýik söz ussadynyň eserleri ähli türki dünýäniň baýlygy we türki halklara mahsus bolan asyllylygyň, mertligiň, dogruçyllygyň, açyklygyň, raýat edermenliginiň beýany bolup durýar. Mejlisiň jemleri boýunça Beýanat kabul edildi.
Şeýlelikde, türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň köpugurly işewürlik merkezli bolan «Garagum» myhmanhanasynda geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň 15-nji mejlisi umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga saldamly goşant bolar.
2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geç...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Aleksandr Lukaşen...
2025-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän binasynda, BMG-niň Durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky çarçuwaly m...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 19-20-nji ýanwarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygynyň Şazadasy Alber II-niň çakylyg...
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Täze ýylyň öňüsyrasynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýy...
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletleriň hem-de halklaryň arasynda öza...
Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylyň 25-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz, däp bolşy ýal...