CENTRAL COMMISSION FOR HOLDING ELECTIONS AND REFERENDUMS IN TURKMENISTAN

18 Apr

Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy

Mälim boşy ýaly, 2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mary  welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Ol ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-logistika kuwwatyny has-da artdyrjak Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy. Dabara Hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, köp sanly işewürler hem-de welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sebit we dünýä ähmiýetli üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek arkaly berkarar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işler alnyp barylýar. Eziz Diýarymyzda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurulmagy hem şeýle asylly işleriň has-da rowaçlanmagyny şertlendirýär. Döwrebap awtoban ýurdumyzyň sebitlerini biri-birine baglap, ýolagçylaryň we ýükleriň gysga wagtda, bökdençsiz gatnadylmagyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň ýol ulgamynyň mümkinçilik-lerini artdyryp, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga uly goşant goşar.

Bilşimiz ýaly, uzynlygy 600 kilometr bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy üç tapgyrda – Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr) we Mary – Türkmenabat (288 kilometr) tapgyrlarda amala aşyrylýar. Bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň birinji tapgyry – Aşgabat – Tejen bölegi 2021-nji ýylyň oktýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ýokary tizlikli Aşgabat  –  Türkmenabat awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi  Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzda ulag-kommunikasiýa düzümini döwrebaplaş-dyrmak boýunça başy başlanan giň gerimli özgertmeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly ýurdumyzdaky ulag taslamalarynyň iň irileriniň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli ulag ýoly peýda bolar.

Bu ýokary tizlikli awtoban alty hereket zolagyndan ybaratdyr. Onuň ýer düşeginiň giňligi 34,5 metr, ýol hereket böleginiň giňligi her tarapda 11,25 metre, hereket zolagynyň giňligi bolsa 3,75 metre barabardyr. Munuň özi dünýäde şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelýär. Dünýä ölçeglerine laýyklykda gurlan ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary-Tejen bölegi «Altyn nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirildi. Ýoluň hereket bölegi biri-birinden ýörite zolak arkaly bölünýär. Her ugurda hereket zolagyna adatdan daşary ýagdaýlar üçin zolak, suwly ganaw, haýwanlaryň we adamlaryň hereket zolagyna çykmagynyň öňüni almak üçin niýetlenen metal germewler sepleşýär. Täze awtobanyň ýol örtügi birinji derejeli döwrebap serişdelerden — ýokary hilli asfalt-betondan, sintetik örtükden, geogözeneklerden, torlardan we awtomobil ýolunyň netijeli gatlarynyň mäkämligini artdyrýan beýleki serişdelerden ybaratdyr.

Täze awtomobil ýolunyň ugrunda halkara talaplary hasaba almak bilen,  69 sany desga, şol sanda suw geçirijiler, haýwanlary geçirmek we oba hojalyk tehnikalary üçin ötükler, inženerçilik-kommunikasiýa ulgamlary guruldy. Şeýle hem ýolagçylar üçin döwrebap dynç alyş, hyzmat ediş we beýleki desgalar bina edildi. Awtomobil ýolunyň düzüminde gözegçilik kameralary bilen üpjün edilen ýol hereketine gözegçiligi amala aşyrýan gullugyň, tehniki we ýol hyzmat gulluklarynyň nokatlary göz öňünde tutulypdyr. 

Şeýlelikde, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň uzynlygy 109 kilometr bolan 2-nji tapgyrynyň, ýagny, Tejen — Mary böleginiň üstünlikli ulanylmaga berilmegi Türkmenistanda halkara ähmiýetli üstaşyr ulag düzüminiň çalt kemala gelýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Döwrebap awtoban ýurdumyzyň sebitleriniň arasyndaky ulag gatnawlaryny has-da kämilleşdirmäge, ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini görnetin ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümini hem-de halkara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de, dabaranyň dowamynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryna hyzmat etjek täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-e golaýyny sowgat etmegi ýatdan çykmajak pursatlarynyň birine öwrülip, ildeşlerimiziň buýsanjyny artdyrdy.

Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiz — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  tagallalary esasynda Diýarymyzda şeýle ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi ata-babalarymyzyň ýol çekmek, köpri gurmak ýaly sogaply işleriniň dowamat-dowam bolýandygynyň, Watanymyzyň bedew bady bilen ösýändiginiň, gadymyýetde halklary we medeniýetleri biri-birine baglan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. 

20 May
Turkmenistan — Republic of Tatarstan of the Russian Federation: friendly relations are developing

On May 16, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly Republic of Tatarstan of the R...

12 May
The President of Turkmenistan took part in the celebrations in Moscow on the occasion of the 80th anniversary of the Great Victory

On May 9, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the friendly country of the Russian Federation. At the invitation of Russian President Vladimir Putin, our esteemed...

07 May
Turkmenistan – France: a new page of cooperation

On May 5, 2025, the National Leader of the Turkmen people, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov at the invitation of the President of the French Republic Emmanuel M...

05 May
The meeting took place

On May 5, 2025, a meeting was held at the office of the Central Commission for Holding Elections and Referendums in Turkmenistan between the Chairman of the Central Commission for Holding Elections an...

05 May
A new International Airport has been opened in our country

On May 1-2, 2025, our esteemed President Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Balkan velayat. Esteemed President Serdar Berdimuhamedov held an expanded meeting of the Cabinet of Minist...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...