Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Şu günler bu möhüm syýasy çäre bilen baglanyşykly wagyz işleriniň çäklerinde, bellige alnan dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyk ýygnaklary giň gerim bilen dowam edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli demokratiýamyzyň barha rowaçlanýandygynyň ýene bir aýdyň ýüze çykmasynyň şaýady boljak bu saýlawlara taýýarlyk işleriniň çäklerinde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklary işjeň häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawlar geçirilende syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine, Türkmenistanyň raýatlaryna, dalaşgärlere, dalaşgärleriň ynanylan adamlaryna, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, wagyz işlerini erkin geçirmek üpjün edilýär. Çünki, saýlawlar boýunça mynasyp dalaşgärleriň hödürlenilmegi we saýlanylmagy ugrunda geçirilýän wagyz işleri islendik saýlawlaryň esasy maksady bolup durýar. Wagyz işleri dalaşgäriň degişli saýlaw toparynda bellige alnan gününden başlanýar we saýlawlaryň geçiriljek gününden bir gün öň bes edilýär.
Dalaşgärler öz saýlaw okruglarynyň çägindäki saýlawçylar bilen duşuşyp, özlerine berlen deň mümkinçiliklerden we hukuklardan peýdalanyp, saýlawçylar bilen duşuşyklarda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edýärler. Şol duşuşyklarda dalaşgärler saýlawçylaryň öňünde çykyş edip, özleriniň maksatnamalary bilen saýlawçylary giňişleýin tanyşdyrýarlar, şeýle-de ähli saýlawçylary bu il-ýurt bähbitli, geljegi nazarlaýan möhüm çärä agzybirlik bilen gatnaşmaga çagyrýarlar. Saýlawçylar dalaşgärleriň ynanylan adamlarynyň çykyşlary arkaly dalaşgärleriň terjimehaly bilen giňden tanyşmaga hem mümkinçilik alýarlar. Ýurdumyzda bu möwsümi ýokary guramaçylykly we milli demokratiýamyza laýyklykda, aýanlyk ýagdaýynda geçirmek maksady bilen ähli dalaşgärlere öz maksatnamalaryny halk köpçüligine wagyz etmekde deň derejede mümkinçilikleriň hem-de şertleriň döredilýändigini nygtap bellemek gerek. Munuň özi demokratik ýörelgeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Dalaşgärler saýlawçylaryň özlerine bildiren ynamyny ödemek üçin yhlas etjekdiklerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy durmuş, ykdysady, medeni taýdan ösdürmek barada öňde goýan aýdyň wezipelerini ýerine ýetirmekde gujur-gaýrat bilen zähmet çekjekdiklerini ynandyryp, saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler.
At a recent meeting of the Central Commission for holding elections and referendums in Turkmenistan was announced that the election campaign for the election of members of the halk maslahaty of the ne...
The President of Turkmenistan, Supreme Commander-in-Chief of the Armed Forces of Turkmenistan, General of the Army Serdar Berdimuhamedov paid a working visit to the Lebap Velayat on January 24, 2026....
In accordance with action plan for the preparation and organized hold of elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps of Turkmenistan, as well as early drop out of deputies of...
74-nji «Amyderýa» saýlaw okrugy Merkezi: Çärjew etrabynyň Hojaili geňeşliginiň Geňeşi Araçäkleri: Çärjew etrabynyň Boýrabap geňeşliginiň Hojamiresen obasynyň N.Hasanow, K.Myradowa, Jeýhun, Watan...
In accordance with the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026, elections of members of the halk maslahaty of the newly formed etraps in Turkmenistan – the Altyn Asyr etrap of t...
In accordance with articles 4, 85 and 87 of the Electoral Code of Turkmenistan, the resolution of the Mejlis of Turkmenistan dated January 7, 2026 determined: To hold elections of members of the Ha...
On June 28, 2025, the Law of Turkmenistan «On the Unified State Register of Voters» was adopted. The law entered into force on January 1, 2026. Thus, this law, which entered into force on January 1...
In order to implement the previously adopted Law of Turkmenistan “On the Unified State Register of Voters” and ensure the organized hold of work on creating the Unified State Register of Voters, speci...