Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde häzirki günlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklary işjeň ýagdaýda dowam edýär.
Bu saýlawlar türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsleşik esasynda geçiriler. Şu günler, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzy has ýokary depginler bilen ösdürmek baradaky gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, okruglarynyň çäklerindäki saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Milli parlamentde öz okruglaryndan saýlanyp, wekilçilik etmäge hukuk gazanmak ugrunda ildeşlerimiziň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan raýatlaryň dalaşgärlik edýändiklerini bellemek gerek. Häzirki wagtda merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy çap edildi we olar milli telewideniýede hem çykyş etdiler. Saýlawlara taýýarlyk görmek çäreleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Saýlawlar baradaky täze habarlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda çap edilýär. Dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklaryna milli synçylaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar. Munuň özi saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...
On October 7, 2025, the National Leader of the Turkmen People, Chairman of the Halk Maslahaty of Turkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedov paid a working visit to the neighboring Republic of Azerbaijan a...
Turkmenistan, which actively pursues a foreign policy based on the principles of peacefulness, positive Neutrality and broad international cooperation, also develops effective relations within the fra...
A delegation from the Office for Democratic Institutions and Human Rights of the Organization for Security and Cooperation in Europe (OSCE) visited the capital from 14 to 18 September 2025. The purpos...
During in the Revival of a new epoch of a powerful state, industrialization of the country and expansion of the range of products based on local raw materials are important areas of the state strategy...
From August 31 to September 3, 2025, esteemed President Serdar Berdimuhamedov was on a working visit to friendly People’s Republic of China. At the invitation of the Chairman of the People’s Republic...
On September 1, 2025, opening ceremony of the International University of Industrialists and Entrepreneurs was held in the capital with the participation of the National Leader of the Turkmen people,...
A letter from the Secretary-General of the United Nations António Guterres, addressed to the President of Turkmenistan Serdar Berdimuhamedov has been received. As stated in the letter António Guterres...