TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

20 Iýun

Parlamentiň deputatlygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň saýlaw okruglarynda 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek möwsüminiň çäklerinde häzirki günlerde dalaşgärleriň saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklary işjeň ýagdaýda dowam edýär.

Bu saýlawlar türkmen jemgyýetinde demokratik ýörelgeleri mundan beýläk-de berkitmegiň üýtgewsiz şerti bolan giň bäsleşik esasynda geçiriler. Şu günler, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda saýlawlara taýýarlyk çäreleri dowam edýär. Onuň barşynda milli parlamentiň deputatlygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan wekilleri saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk başarnyklary, olaryň saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar. Maksatnamalarda beýan edilýän meýilnamalaryň esasy many-mazmuny Türkmenistanyň ösüşini hem-de abadançylygyny üpjün etmekden, türkmen halkynyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzy has ýokary depginler bilen ösdürmek baradaky gyzyklanma bildirilip geçirilýän söhbetdeşlikleriň barşynda dalaşgärler saýlawçylaryň sowallaryna jogap berýärler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin bilimlerini, ukyp-başarnyklaryny, tejribesini we tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrýarlar. Bellige alnan dalaşgärleriň ählisine milli saýlaw kanunçylygyna hem-de halkara hukugyň kadalaryna laýyklykda, okruglarynyň çäklerindäki saýlawçylar bilen duşuşyklary guramak üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Milli parlamentde öz okruglaryndan saýlanyp, wekilçilik etmäge hukuk gazanmak ugrunda ildeşlerimiziň uly hormatyna we ynamyna mynasyp bolan raýatlaryň dalaşgärlik edýändiklerini bellemek gerek. Häzirki wagtda merkezi we ýerli metbugatda bellige alnan dalaşgärleriň sanawy çap edildi we olar milli telewideniýede hem çykyş etdiler. Saýlawlara taýýarlyk görmek çäreleri ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giň­den beýan edilýär. Saýlawlar baradaky täze habarlar Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň saýtynda çap edilýär. Dalaşgärleriň geçirýän duşuşyklaryna milli synçylaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşýarlar. Munuň özi saýlawlara taýýarlyk çäreleriniň açyklyk hem-de aýanlyk ýagdaýynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

13 Okt
«Merkezi Aziýa — Russiýa» ikinji sammiti we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-10-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz T...

08 Okt
Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti geçirildi

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýy­lyň 7-nji okt­ýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Ilham Aliýewiň çakylygy boýunça goňşy ýurt...

25 Sent
Türkmenistan – Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylyga gönükdirilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk

Parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty işjeň durmuşa geçirýän Türkmenistan abraýly halkara guramalaryň çäklerinde hem netijeli gatna...

18 Sent
ÝHHG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň wekiliýeti 2025-nji ýylyň 14–18-nji sentýabry aralygynda paýtagtymyzda saparda bold...

09 Sent
Täze çüýşe önümlerini öndürýän önümhana işe girizildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, ýerli çig malyň esasynda öndürilýän önümçilikleriň gerimini giňeltmek Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häz...

04 Sent
Türkmenistan—Hytaý: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 31-nji awgusty 3-nji sentýabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Hytaý Halk Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatl...

03 Sent
Ýurdumyzda täze bilim ojagy açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Halkara senagatçylar we t...

28 Awg
BMG-niň Baş sekretarynyň hoşallyk haty

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişden Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy. Beýan edilişi ýaly, Antoniu Guterriş hatynda şu ýylyň 5 – 8-...