TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

12 Maý

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýanyň Prezident Wladimir Putiniň çakylygy boýunça 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwa şäherinde geçirilen dabaraly çärelere gatnaşdy.

Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäheriniň «Wnukowo — 2» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Şol ýerde döwlet Baştutanymyz «Prawda» we «Sowet Türkmenistany» gazetleriniň 1945-nji ýyldaky ýörite neşirleriniň nusgalary bilen tanyşdyryldy we bu gazetleriň taryhy sanlary Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.

Soňra hormatly Prezidentimizi Kremlde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Kremlden hormatly Prezidentimiz, beýleki belent mertebeli myhmanlar baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin Moskwa gelen GDA ýurtlarynyň hem-de beýleki döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde Gyzyl meýdanyň merkezi münberine bardylar.

Moskwa Kremliniň Spask başnýasyndaky zaňlar ýaňlanandan soňra, sagat 10:00-da Gyzyl meýdanda dabaraly Ýeňiş ýörişi başlandy. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin uruş weteranlaryna we dabara gatnaşýanlaryň ählisine gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol hemmeleri Beýik Ýeňşiň şanly 80 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolanlaryň hatyrasyna bir minutlyk dymyşlyk yglan edildi.

Dünýä taryhyndaky iň gazaply we gandöküşikli uruşda gazanylan Beýik Ýeňiş gününden bäri 80 ýyl geçdi. Bu uruş öwezini dolup bolmajak ýitgilere sebäp bolup, millionlarça adamyň gurban bolmagyna getirdi.

Türkmen halky hem Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşdy. Biziň ildeşlerimiz frontlarda gaýduwsyzlyk bilen söweşip, gahrymançylyk, edermenlik we ruhubelentlik görkezdiler. Türkmenistanly esgerleriň edermenligi Watana söýginiň, borja wepalylygyň hakyky nusgasydyr. Uruşdan mähriban ojaklaryna dolanmadyk hem-de Ýeňiş bilen gaýdyp gelen ildeşlerimiziň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplaryna girizildi.

...Gyzyl meýdandaky baýramçylyk dabarasynda münberiň öňünden Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň goşunlarynyň wekilleri batly gadam urup geçýärler. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Hormat garawulynyň batalýony hem bar. Häzirki wagtda ýaş türkmen esgerleri ata-babalarymyzyň şöhratly däplerini mynasyp dowam etdirýärler.

Ýeňiş güni milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýär. Şol gazaply urşuň ilkinji günlerinden biziň ildeşlerimiz meýletinlik bilen fronta ugradylar we doganlyk halklar bilen bilelikde Ýer ýüzünde parahatçylygyň, nesilleriň bagtyýar durmuşynyň bähbidine egin-egne berip söweşdiler.

 Biz edermenlik üçin türkmenistanlylaryň 104-siniň «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent ada mynasyp bolandygyna, 19 frontçynyň bolsa «Şöhrat» ordeniniň doly eýeleri bolandygyna çäksiz buýsanýarys. Ildeşlerimiziň müňlerçesi söweşjeň orden-medallar bilen sylaglanyldy. Olaryň hatarynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar.

Berdimuhamet Annaýew fronta meýletinlik bilen gidip, uruşdan agyr ýaralanyp geldi hem-de mugallymçylyk işini dowam etdi. Ol SSSR-iň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1949-njy ýylyň 2-nji martyndaky Permany esasynda «Hormat nyşany» ordeni bilen sylaglanyldy. 2018-nji ýylyň iýunynda bolsa Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Berdimuhamet Annaýewiň Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy — «Edermenligi üçin» diýen medaly bilen sylaglanandygyny bellemek gerek. Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýadan Türkmenistana 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy getirildi. Berdimuhamet Annaýew hut şu baýdak astynda batyrgaý söweşipdir.

Häzirki wagtda Berdimuhamet Annaýewiň durmuş ýoly ýurdumyzyň ýaşlary üçin watançylygyň, belent ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ygrarlylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Ýeňiş gününi ýakynlaşdyrmak üçin Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri-de mynasyp goşant goşdular. Olar konsert toparlarynyň düzüminde ençeme gezek söweşleriň dowam edýän ýerlerine bardylar. Kähalatlarda şeýle konsertler frontuň öň hatarynda hem geçirildi. Ählihalk işine türkmen zenanlary-da uly goşant goşdular. Olar urşa giden gerçekleriň ýerine halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tutanýerlilik bilen zähmet çekdiler. Goranmak gaznasyna 7400 kilograma golaý altyn-kümüş şaý-seplerini tabşyrdylar.

...Dabaraly ýöriş tamamlanandan soňra, şanly sene mynasybetli Moskwa gelen döwlet Baştutanlary, asylly däbe görä, Kreml diwarynyň ýanyndaky Aleksandrow bagyna ugradylar we şol ýerde Näbelli esgeriň guburyna gül goýdular.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň söweş meýdanlarynda tutuş adamzadyň parahat durmuşy we azatlygy ugrunda faşizme garşy göreşen gahrymanlary hatyralap, Baky oda gülleri goýdy.

Ýeňiş güni mukaddes we nurana baýramdyr. Biz onuň şatlygyny doganlyk halklar bilen paýlaşýarys. Gahrymanlaryň şan-şöhrata beslenen edermenligi baradaky hakyda müdimilik kalplarymyzda ýaşap, dostlugyň, hoşniýetli döwletara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...