Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, 2025-nji ýylyň 9-njy iýunynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň çagyrmagy boýunça Polşa Respublikasynyň Warşawa şäherinde saparda boldy.
Saparyň maksady ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň direktory we wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmekden, bu Býuronyň işi bilen tanyşmakdan hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Wekiliýetiň ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň ştab-kwartirasyna guralan saparyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky (Şweýsariýa Konfederasiýasy, Ženewa şäheri) Türkmenistanyň hemişelik wekili, Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky (Ženewa şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň birinji sekretary, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ynsanperwerlik bölüminiň başlygy, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) direktory Mariýa Telalian duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip, şu duşuşyga gelendikleri üçin Türkmen wekiliýetine öz hoşallygyny bildirdi. Şeýle hem M. Telalian bu duşuşygyň geljekki hyzmatdaşlygy diolog arkaly ösdürmekde ähmiýetli we täze sahypa boljakdygyna umyt edýändigini aýtdy.
Soňra ÝHHG-niň DIAHB-nyň departamentleriniň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.
Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda departamentleriň wekilleri özleriniň alyp barýan işleriniň ugurlary barada çykyş etdiler we bu ugurlar boýunça Türkmenistan bilen geljekki hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.
Günüň ahyrynda ÝHHG-niň DIAHB-nyň direktory Mariýa Telalianyň gatnaşmagynda geçirilen duşuşyklaryň netijeleri jemlenildi.
Türkmen tarapy Mariýa Telaliana onuň çakylygy üçin hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam etjek çäräniň guralandygy üçin hoşallygyny bildirdi.
Ozal kabul edilen «Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda» Türkmenistanyň kanunyny ýerine ýetirmek, Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylmagyny ga...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Sankt-Peter...
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýylyň 22-nji dekabrynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmen...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 17-20-nji dekabry aralygynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Tokio şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa...
2025-nji ýylyň 8–9-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasynyň binasynda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça m...
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň saýlawlary guramak we geçirmek boýunça dünýä tejribelerini öwrenmek baradaky nesihatlaryna we tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary...
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň o...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 24-25-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow goňşy ýurt bolan Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan bilen Gazagysta...