TÜRKMENISTANDA SAÝLAWLARY
WE SALA SALŞYKLARY GEÇIRMEK
BOÝUNÇA MERKEZI TOPAR

20 Maý

Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz Rustam Minnihanowyň çakylygy boýunça Kazan şäherinde geçirilen «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, goňşy ýurtlar hem-de ýakyn hyzmatdaş döwletler bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek däp bolan dostlukly türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegidir. Munuň şeýledigine, doganlyk Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk netijeli gatnaşyklar hem şaýatlyk edýär.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumynyň geçirilýän ýeri bolan «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezine geldi hem-de forumyň «Sanly ulgam: täze ýagdaýlar we hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikler» atly plenar mejlisine gatnaşdy.

Ýeri gelende aýtsak, 2009-njy ýyldan bäri geçirilýän bu giň gerimli forum özüni Russiýa Federasiýasynyň subýektleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk meýdançasy hökmünde görkezdi.

Gahryman Arkadagymyz forumda eden çuň manyly çykyşynda: «Häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmek üçin ähli mümkinçilikleriniň bardygyna ynanýaryn. Biziň ýurtlarymyz demografiýa, tebigy serişdeler, geografik ýerleşiş ýaly ugurlarda ajaýyp görkezijilere eýedir. Tehnologik dereje gyşarnyksyz ösdürilýär. Maliýe we guramaçylyk mümkinçilikleri ýokarlandyrylýar, ylym-bilim binýady berkidilýär. Bularyň ählisi dürli ugurlarda iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny hem-de ähmiýetini artdyrýar» diýip belledi. Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bilen bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.

Soňra Kazan Kremlinde Gahryman Arkadagymyz bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Nygtalyşy ýaly, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistanyň we Tatarystanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz pudagynda, gämi gurluşygynda, awiasiýa, awtomobil ýük daşaýjy tehnikalaryň iberilmeginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi. Mümkinçilikden peýdalanyp, R.Minnihanow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda duşuşýandygyna örän şatdygyny belledi, hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň mähirli salamyny ýetirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahar berildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz we Tatarystanyň Baştutany hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi.

Şeýle-de, Gahryman Arkadagymyz we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet akademiki teatryna baryp gördüler.

Şeýle-de, «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde «Kazan EKSPO» halkara sergi merkezinde «Russia Halal EXPO 2025» halkara sergisi geçirildi. 30 müň inedördül metr meýdanda ýaýbaňlandyrylan bu sergide Russiýa Federasiýasynyň subýektlerine we sebitlerine, daşary ýurtlara wekilçilik edýän döwlet we işewürlik düzümleriniň pawilýonlary, şol sanda Türkmenistanyň hem milli pawilýony ýerleşdirildi.

Şeýlelikde, Milli Liderimiziň dostluklu ýurda — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran iş sapary türkmen-rus gatnaşyklaryny, şol sanda, Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berer. 

20 Maý
Türkmenistan — Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy: dostlukly gatnaşyklar ösdürilýär

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...

12 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara gatnaşdy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...

07 Maý
Türkmenistan – Fransiýa: Hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...

05 Maý
Duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...

05 Maý
Ýurdumyzda täze Halkara howa menzili açyldy

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...

25 Apr
Türkmen Özbek dost-doganlyk gatnaşyklary ösdürilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...

24 Apr
Türkmen Gyrgyz dost-doganlyk gatnaşyklary berkidilýär

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...

23 Apr
Türkmenistan – Gazagystan: dost-doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrylýar

Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...