Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çakylygy boýunça dostlukly ýurt bolan Fransiýa Respublikasyna resmi sapary amala aşyrdy.
Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäheriniň «Orly» Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Fransiýa Respublikasynyň resmi adamlary, şeýle-de ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşylady.
Soňra «Buig» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň kabulhanasynda Gahryman Arkadagymyzyň Marten Buig bilen duşuşygy boldy. Işewür duşuşmaga wagt tapandygy üçin Milli Liderimize hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşmagyň uly hormatdygyny belledi hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň Marten Buige iberen salamyny ýetirdi we iri daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýurdumyzyň daşary ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady we «Buig» kompaniýasynyň Türkmenistanyň öňden gelýän hem-de ygtybarly işewür hyzmatdaşy bolup durýandygyny belledi.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen-fransuz ykdysady forumynyň geçirilýän ýerine — «InterContinental Paris — Le Grand» myhmanhanasyna bardy. Ol ýerde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe mähirli garşylady.
Özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen foruma Fransiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň wekiliýet agzalary, türkmen işewürleri gatnaşdylar.
Forumyň öňüsyrasynda Milli Liderimiz we çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, milli mirasymyza bagyşlanan sergini synladylar.
Soňra Filipp Gautýe forumy açyp, Fransiýa saparynyň çäklerinde şu günki foruma gatnaşmaga wagt tapandygy üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we çykyş etmek üçin söz berildi.
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-fransuz ykdysady forumynda eden çuň manyly çykyşy üç ugurdan ybarat boldy. Olaryň birinjisi, Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseleler boldy.
Gahryman Arkadagymyz çykyşynyň dowamynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilendigini belledi. Dünýä ýurtlary, şol sanda Fransiýa hem ony goldady diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we foruma gatnaşyjylary şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli ýurdumyzda halkara derejede geçiriljek çärelere çagyrdy.
Foruma gatnaşýan fransuz işewürleri Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik beren şu çäräniň guralandygy üçin hoşallyklaryny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň foruma gatnaşmagynyň onuň ähmiýetini has-da artdyrandygyny nygtadylar.
Türkmen-fransuz ykdysady forumy tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi garşylamak dabarasynyň geçirilýän köşgüne bardy. Köşgüň Hormat meýdançasynyň merkezi derwezesiniň öňünde Gahryman Arkadagymyzy Fransiýa Respublikasynyň ýatlamalar we weteranlaryň işleri boýunça ministri hanym Patrisiýa Miralýes hem-de Pariž şäheriniň harby gubernatory general Loik Mizon mähirli garşyladylar.
Resmi garşylamak dabarasy tamamlanandan soňra Gahryman Arkadagymyz Ýeliseý köşgüne bardy. Ýeliseý köşgüniň merkezi girelgesiniň öňünde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makron mähirli garşylady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bilen Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň arasynda ikiçäk gepleşikler geçirildi.
Prezident Emmanuel Makron belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, Fransiýa gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallygyny beýan etdi hem-de ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdi. Fransiýanyň Baştutany öz ýurdunyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaş hökmünde gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, Ýewropada Bitarap döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna ýokary baha berilýändigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, dostluk we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara dialogyň soňky ýyllarda netijeli häsiýete eýedigini nygtady.
Dostlukly ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Fransiýanyň özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlarda mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassykladylar.
Gahryman Arkadagymyz Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makrona Pariže resmi sapar bilen gelmek baradaky çakylygy, bildirilen myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin minnetdarlyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Duşuşyk tamamlanandan soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Fransiýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary döwletara gatnaşyklarda täze sahypany açyp, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.
Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasynyň Tatarysta...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 9-njy maýynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurt bolan Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyrdy. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Russiýan...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 5-nji maýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makronyň çaky...
2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynda Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçis...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 1-2-nji maýynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Balkan welaýaty...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Şawkat Mirziýoýewiň çakylygy boýunça goňşy...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 22-23-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparowyň çakylygy boýunça dostlukly...
Bilşimiz ýaly, 2025-nji ýylyň 21-22-nji aprelinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça go...